Maslahatyñyz gerek gaty möhüm.

Garaz men 6 aý ýaly bir gyz bilen dost hökmünde gürleşýän. Ol gyz gaty gowy owadan akylly tüýs meñ arzuwymdaky gyz. Hergün ýaly telefonda 1 sagat ýaly gürleşýäs. Ýöne ol meni söýýändiginden hiç uç berenok diñe dosty hökmünde görýändigini aýtýar. Men bolsa ony oýlap gijelerine ýatyp bilemok, damagymdan zat geçenok. Iñ gynanýan ýerim men ony ýitirmekden gorkýan söýýän seni diýip bilemok oña. Şu gatnaşygymyzda durmagymyzy isleýän. Her gezek ol maña dostum diýip ýüzlenende ýüregime pyçak sünjilen ýaly bolýar. Emma oglan bilen gyzyñ arasyndaky dostluk uzak gitmejekdigi meni örän gorkyzýar. Emma birgün jañ edip seni toýuma çagyrýan dostum diýmesinden gorkýan. Käte ony ýatlap özimi ýitirýän.
Näme maslahat berersiñiz?
Çäresi tapylmazmyka?
6 лайков 1 181 просмотров
121комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
21 май 2022, 21:13
Bendtner,
Aýaly ärine käýinýär:

– Men saňa durmuşa çykyp ýalňyşypdyryn.

Jany ýanan ärem oňa şeýle jogap berýär:

– Dogry aýdýaň keýwany, 10 ýyl mundan öň menem elimi saňa däl-de, taksä galdyrypdym. Arman elimi galdyryp ýalňyşypdyryn.
Pegas
21 май 2022, 21:14
Hiayress, oňuna boldugy bolanda haýsy bolýar indi? :D
Hiayress
21 май 2022, 21:15
Pegas,
Göwnine jaýy borda :))
Bentner
21 май 2022, 21:17
Hiayress,
:))
Ýok
21 май 2022, 21:21
Barybir wagt gelip aýtmalysyña
Руɴʜᴀɴ
21 май 2022, 21:30
Tüweleme hemmäňiz söýgi ugrundan prafessyr ekeniňizä
Maksat
21 май 2022, 21:33
Руɴʜᴀɴ
Tüweleme hemmäňiz söýgi ugrundan prafessyr ekeniňizä

Hemmämiz söýgi bilen beslenýäs-dä)))
Nazar
21 май 2022, 21:39
Aytda dynda hou
Ayjahan
21 май 2022, 21:41
Arkaýyn bol gyzlarda "ejap" diýlen zat bar. Belki gyz saňa "Men seni söýýän" diýse utanara. Gyz oglana "Men seni söýýän" diýip bilmezä! Oglan gyza diýmeli. Iň gowsy men seni söýýän diýip aýdyp goýber.
ONSOŇAM GYZ BILEN OGLANYŇ ARASYNDAKY DOSTLUK SOŇY SÖÝGÄ ÝAZÝANDYR...!
Coco
Автор 21 май 2022, 21:43
Aýtmak bir başga, hereketiñde görkezmek bir başga meñ pikirimçe.
Maksat
21 май 2022, 21:44
AySa,
Barmyka olar ýaly "söz aýdyp bilmän elewräp ýören" gyzlar. Söýse belli eder.
Coco
Автор 21 май 2022, 21:47
AySa,
Çalaja uç berse duýjagam welin. Şonýaly ýagdaý döredenok. Birbada sözimi aljaga meñzänok ýogsam kän wagtlyk dostluk bar aramyzda. Şunça wagt dostlukdan soñam meñem sözimi almasa menem ikilenç barmaryn onuñ ýanyna.
Alita
21 май 2022, 21:55
Aynany kim alsa sol alsyn bize toy bolsa bolya tanss
Coco
Автор 21 май 2022, 21:56
Gyz oglan arasyndaky dostluk (ýagny gizlin söýgi diýip atlandyraly) açyk söýgüden gaty güýçli eken. Açyk söýgide suwjuklyga kän ýol berilýär.
nurana
21 май 2022, 22:04
Men oz durmusymda boldy
Dostym dostym diyip.yoranim ahyr sony soyyanini aytdy.
Son bn aram gaty peseldi
Biri bn polny aram.yapyldy
Ol gyzy bilemok yone
Coco
Автор 21 май 2022, 22:05
Sazanda Gyzjagaz
Men oz durmusymda boldy
Dostym dostym diyip.yoranim ahyr sony soyyanini aytdy.
Son bn aram gaty peseldi
Biri bn polny aram.yapyldy
Ol gyzy bilemok yone

Soyyan diydimi? Sen name jogap berdin?
nurana
21 май 2022, 22:05
Coco,
Hakyky
Ayjahan
21 май 2022, 22:16
Coco,
Arkaýyn bol aýdyşym ýaly söýgi diýlen zat ýigrençden, urşdan, sögüşden başlar we soňam söýgä ýazar. Şuny unutma: GYZ BILEN OGLANYŇ ARASYNDA DOSTLUK BOLUP BILMEZ. Bolsada soňy söýgä ýazýa kepil geçýän men şuňa. Garaşyber uç berip başlar gün-günden
Ayjahan
21 май 2022, 22:18
Alita,
hihi Hany onda Türklerdäki ýaly tüpeň ataly awcy tanss
Ayjahan
21 май 2022, 22:19
Sazanda Gyzjagaz,
Dogry aýtýaň hiç haçan gyz bilen erkegiň arasynda dostluk bolup bilmeýä. Bolsada olar DOSTLAŞDYGYÇA YZY SÖÝGÄ ÝAZÝAR. Biri-birlerini halap başlaýarlar sebäbi olar dost! Dost bolsaňam biri-biriňi küýsäp başlaýalar. Bir derdi bar bolsa dostuna aýtýarlar. Şeýdip aralary söýgä ýazyp gitýädä
Ayjahan
21 май 2022, 22:20
Keaip_begcon,
Elbetde ýok sebäbi gyzlarda "Utanç" diýlen zat bar ahyry!
Coco
Автор 21 май 2022, 22:20
AySa,
6 aý ýetik dämi señ pikiriñçe?
Öwreniji
21 май 2022, 22:29
Coco
Gyz oglan arasyndaky dostluk (ýagny gizlin söýgi diýip atlandyraly) açyk söýgüden gaty güýçli eken. Açyk söýgide suwjuklyga kän ýol berilýär.

Sen gowy mawzuk açypsyň, eger maslahatymy alsaň, ilki özüňe geňeş, sen ony ömürlik söýmek isleýäňmi? onda sen oňa söýýäniňi aýtma, eger sen söýgiňi çalt gutarmagyny isleýäňmi? onda ertire galma, soňky söýmekden şeýle lezzet alasyň gelýämi? onda söýýäniňi giç aýt, umuman, seniň aýdaryňa garaşýa, eger sen häzir aaýdarsyň, ýütegiňde aram tapar, wagt geçer elde edesiň geler, indi öňkä garanda arkaýyn bolarsyň, we ýuwaş ýuwaş söýgiňiziň güýji peseler, bilýäňmi Söýgi näme? mätäçlik, ýetip boljak, ýöne intek ýetmedik arzuw, hyýalyň, haçanda söýgiňi aýdarsyň razy bolar, belki toý edinçäň belki toý etmezligiňem mümkin, körän ot çalt söner diýleni bolsa sen oňa söýýäniňi aýdarsyň uzak gitse bir aý belki köp wagt çekmegem mümkin. onuň özi saňa jaň edýäärmi diýmek olam seni söýýär we saňa garaşýar. goý garaaşybersin, söz aýdanyňdan soň sen kän gataşmaly borsuň. ýa bolmasa goý onuň özi saňa söz aýtsyn, sen onuň göwnüne degmersiň, özi söz aýdynça garaşyber, köp wagt geçirseň, soň seni ýigrenip başlar. galanyny özüň gör
Coco
Автор 21 май 2022, 22:38
Remezan,
özi söz aýdynça garaşyber, köp wagt geçirseň, soň seni ýigrenip başlar.
Şutaýyna düşünmedim. Näme üçin ýigrenmeli ol?
Öwreniji
21 май 2022, 22:44
Seniň romantiçni bolup, söz aýdaryňa garaşýar, şol çak etmesi çykmasa soň biderek wagtymy sarp etdim diýer we saňa bolan söýgüsi ýigrenje öwrüler
Coco
Автор 21 май 2022, 22:53
Remezan,
Men şoña bolan söýgimi hasam uzaga çekmek maksady bilen söýgi meselesinde hiçzat diýip bilemok. Hemmezatdan beter ol meni diñe umytlandyrýar ýagny gatnaşygy kesmek islänok oña şu ýagdaý ýaraýan ýaly duýulýar maña, edil maña da ýaraýşy ýaly. Belkide olam gatnaşygy uzaga çekmek niýeti bilen maña uç bermeýän bolmagy ahmal, sebäbi ol uç berip çalaja duýdursa men oña bolan duýgulammy dökjegim anyk erkek oglan hökmünde. Oña hiçzat duýdurmam göni oýdakileri ugratmagada taýyn, men ýöne mümkinçiligim dogry gelenok (aslynda iñ dogry ýoly şu bolmagam ahmal).
ajy
21 май 2022, 22:57
Hökmaan gyz bn oglan dost bolsa yzy söýhà ýazyp gitýa diyilen zat ýok. Iki tarapa bagly hemmezat. meñ bir dostym bar. 2 yyl bari gatnasyas, hazir gullukdada ol
Coco
Автор 21 май 2022, 23:03
garaburc,
Hergün jañlaşýadyñyzmy hal ýagdaý soraşyp?
Gürleşmäge söziñiz gutaranda telefony öçirmän dymyp durýadyñyzmy?
Ony küýsäñokdyñmy?
Ýitirmekden gorkup ýada gysganañokdyñmy ony?
ajy
21 май 2022, 23:04
Coco,
Sen dogryjalap dushundir. Bilyañmi biziñ gatnasyanymyza 6 ay bolupdyr. shu aralykda men birzada dushundim. men seni soyup galypdyryn, senli arzuwlara çümüp gityan.yeke arzeu etmekden yadadym gel bile arzuw edeli diy :))

bah menem romantik bolp biljek ekenimey
Maksat
21 май 2022, 23:04
AySa
Keaip_begcon,
Elbetde ýok sebäbi gyzlarda "Utanç" diýlen zat bar ahyry!

Utançmy ýa-da bolgusyzlyk?