Maslahatyñyz gerek gaty möhüm.

Garaz men 6 aý ýaly bir gyz bilen dost hökmünde gürleşýän. Ol gyz gaty gowy owadan akylly tüýs meñ arzuwymdaky gyz. Hergün ýaly telefonda 1 sagat ýaly gürleşýäs. Ýöne ol meni söýýändiginden hiç uç berenok diñe dosty hökmünde görýändigini aýtýar. Men bolsa ony oýlap gijelerine ýatyp bilemok, damagymdan zat geçenok. Iñ gynanýan ýerim men ony ýitirmekden gorkýan söýýän seni diýip bilemok oña. Şu gatnaşygymyzda durmagymyzy isleýän. Her gezek ol maña dostum diýip ýüzlenende ýüregime pyçak sünjilen ýaly bolýar. Emma oglan bilen gyzyñ arasyndaky dostluk uzak gitmejekdigi meni örän gorkyzýar. Emma birgün jañ edip seni toýuma çagyrýan dostum diýmesinden gorkýan. Käte ony ýatlap özimi ýitirýän.
Näme maslahat berersiñiz?
Çäresi tapylmazmyka?
6 лайков 1 181 просмотров
121комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ayjahan
21 май 2022, 23:05
Coco,
Ýok meniň üçin ýetmez
Ayjahan
21 май 2022, 23:06
garaburc,
Gyzmy sen?
Coco
Автор 21 май 2022, 23:06
garaburc,
Meñ soraglaryma jogap ber şonýaly ýagdaý bolupmydy sizde?
Coco
Автор 21 май 2022, 23:07
AySa,
Dogrudyr.
ajy
21 май 2022, 23:08
Coco,
ýageý, prikol tutýadyk biri birimiziñ üstünden. it bn pişikdik. gynanan wagty jañ edyadi bile dertleshyadik. menem ichim dolan vagtym jañ edyadim soñ men gynanan wagtym ol guldurya ol gynanan wagty men gulduryan. sheylerak.
gysanan bolp oyun etyadi, yone ayakdirap gysganyp yatanokgy. söýýàn adam küýsàr.men ony soyemok ahyryn
ajy
21 май 2022, 23:09
AySa,
howw
ajy
21 май 2022, 23:10
*gysganan
Coco
Автор 21 май 2022, 23:11
garaburc,
Onda ol başga ýagdaý bolaýmasa. Söz aýtmaga gelsek azajyk yenede sabr edesim gelýär.
Maksat
21 май 2022, 23:12
Remezan,
Aý dost, muny zadyň gözüne sereden ýaly edäýipsiň.

"Söýgi näme? mätäçlik, ýetip boljak, ýöne intek ýetmedik arzuw, hyýalyň"

Indi näme söýgi?!

"körän ot çalt söner diýleni bolsa sen oňa söýýäniňi aýdarsyň uzak gitse bir aý belki köp wagt çekmegem mümkin. onuň özi saňa jaň edýäärmi diýmek olam seni söýýär we saňa garaşýar. goý garaaşybersin, söz aýdanyňdan soň sen kän gataşmaly borsuň. "

Onda söz aýdyp, gowy gatnaşyk saklaýanlara bir ýigrenç sözümikä bu? Ýa-da görüpçilik? Söz aýtmaly däl, aýdanyňdan soňam agras bolmaly diýjek bolýaňyzmy?!

"özi saňa jaň edýäärmi diýmek olam seni söýýär we saňa garaşýar."

Goýaweri. Günde 4-5 kişi jaň edýändir, hemmesi bilen gürleşip maslahat alyşýarys (ýyllap). Beýle bir bolmawersin.

"ýa bolmasa goý onuň özi saňa söz aýtsyn"

Birden aýtmasa, bu diýeniň bilen sögüşip ýörme awtor bilen. Ozalam saýdyň sögüşi ýetik!
Coco
Автор 21 май 2022, 23:12
Remezan,
Señ aýdanlañ bilen ylalaşýan.
ajy
21 май 2022, 23:15
Keaip_begcon,
Gören adamyñy tankytlap ýörensiñ senem, içiñ gysýamy nàmemi
Maksat
21 май 2022, 23:22
Coco,
Dur dur, (stop). Olar ýalam bat alma! Ünsi hemme kişi halaýar. Ony ýitirmejek bolup, käbir kişi sähelçe umyt berýär, yzymdan süýrensin diýip. Senem alada edip ýörensiň.
Medeniýetli şekilde, dogry wagtda, dogry ýerde (D-lar örän möhüm) söz aýtmany başarsaň, seniň hijem ýitirjek zadyň bolmaz. Alar ýa-da almaz, ýöne maňa ynan bu ýerde hiç hili çekiniljek, özüňden utanyljak, puşman bolunaýjak ýagdaý ýok. Esasy zat medeniýetiňi we hormatyňy saklamak. Medeniýetiň bilen baglylykda eden her herekediň ýalňyş däldir. Ullakan bir kitap çykar maslahat berjek bolsak jikme-jik edip. Bärde iň gowsy sen bilýärsiň durmuşyň ýagdaýlaryny, duýgularyňy, şertleri. Şo sebäpli bir sorag bilen psihologyňam kellesinde jogaplar döremez. Inçe ýerler bar, seresap bolmaly ýerler bar, derejäni saklamaly ýerleri bar, dilewarlygyň ýerleri bar, özüňi görkezmegiň ýerleri bar, bar bar, we ýene bar. Bu barada doly maslahat aljak bolsaň, türkçä düşünseň Gürkan Kecici, Beyhan Budak ýaly kanallaryň YouTube-da wideolaryny yzarlap, görüp bilersiň. Köp zat taparsyňam. Kitaplaram bar, ýöne pully eken.
Ayjahan
21 май 2022, 23:24
garaburc
AySa,
howw

aýtsana gyzmy sen?
Ayjahan
21 май 2022, 23:26
Coco,
1-2 ýyl geçse ýakynlaşyp öwrenişip söýgüli bolup gidersiňizle gaýgy etme brawo
ajy
21 май 2022, 23:28
AySa,
Howwa diyjekdm a harp gàlypdyr gyz men
Ayjahan
21 май 2022, 23:28
Keaip_begcon,
Ikisem bolup biler. Käbir akylly, edepli gyzlarda utançlyk bar emma utançsyz ulumsy gyzlarda ýokda şol zat
Maksat
21 май 2022, 23:28
AySa
Coco,
1-2 ýyl geçse ýakynlaşyp öwrenişip söýgüli bolup gidersiňizle gaýgy etme brawo

Ýigidimiz çydaman, sanlyda bir makala ýazypdyr. Maslahat isläpdir ony durmuşa geçirmek üçin. 6 aýam çydap garaşypdyr. Sizem 1-2 ýyljyk garaşyň diýip, gowy maslahat beripsiňiz. Belki 10-15 ýyl garaşsa, ýuwaş-ýuwaş ýakynlaşmaklary ähtimal.
Ayjahan
21 май 2022, 23:31
Remezan, "eger sen häzir aaýdarsyň, ýütegiňde aram tapar, wagt geçer elde edesiň geler, indi öňkä garanda arkaýyn bolarsyň, we ýuwaş ýuwaş söýgiňiziň güýji peseler,"
Dogry aýtýaň+++ name
Miss angel
21 май 2022, 23:34
Remezan
Coco
Gyz oglan arasyndaky dostluk (ýagny gizlin söýgi diýip atlandyraly) açyk söýgüden gaty güýçli eken. Açyk söýgide suwjuklyga kän ýol berilýär.

Sen gowy mawzuk açypsyň, eger maslahatymy alsaň, ilki özüňe geňeş, sen ony ömürlik söýmek isleýäňmi? onda sen oňa söýýäniňi aýtma, eger sen söýgiňi çalt gutarmagyny isleýäňmi? onda ertire galma, soňky söýmekden şeýle lezzet alasyň gelýämi? onda söýýäniňi giç aýt, umuman, seniň aýdaryňa garaşýa, eger sen häzir aaýdarsyň, ýütegiňde aram tapar, wagt geçer elde edesiň geler, indi öňkä garanda arkaýyn bolarsyň, we ýuwaş ýuwaş söýgiňiziň güýji peseler, bilýäňmi Söýgi näme? mätäçlik, ýetip boljak, ýöne intek ýetmedik arzuw, hyýalyň, haçanda söýgiňi aýdarsyň razy bolar, belki toý edinçäň belki toý etmezligiňem mümkin, körän ot çalt söner diýleni bolsa sen oňa söýýäniňi aýdarsyň uzak gitse bir aý belki köp wagt çekmegem mümkin. onuň özi saňa jaň edýäärmi diýmek olam seni söýýär we saňa garaşýar. goý garaaşybersin, söz aýdanyňdan soň sen kän gataşmaly borsuň. ýa bolmasa goý onuň özi saňa söz aýtsyn, sen onuň göwnüne degmersiň, özi söz aýdynça garaşyber, köp wagt geçirseň, soň seni ýigrenip başlar. galanyny özüň gör

Ine in dogry maslahat men pikirimce. Men soyga ynanamok sebabi hic kim soyguni yureginde yasadyp bilenok eysem,hakyky soygi yurekde yasamaly.
Coco
Автор 21 май 2022, 23:35
Keaip_begcon,
Aslynda şoña aýtsam olam maña ýok diýse de. Gynanmaly bolar...
Azajyk garaşsak o gyzdanam plançasynda toýum bar diyip sms yada jañ gelsede gynanmaly bolar...
Gowja pursat gelende töwekgellik edeniñden gowsy ýokda.
Coco
Автор 21 май 2022, 23:36
AySa
Coco,
1-2 ýyl geçse ýakynlaşyp öwrenişip söýgüli bolup gidersiňizle gaýgy etme brawo

Süýjije ýalan. Gaty gowy.
Maksat
21 май 2022, 23:43
Coco,
Toýunyň habaryny eşdip gynananyňdan, terslenip gynananyň gowy bolaýmasa.
Maksat
21 май 2022, 23:44
Miss angel,
"Men soyga ynanamok sebabi hic kim soyguni yureginde yasadyp bilenok"

Aý gyz, ony ýüregiňde ýaşatmaly däl, ýöretmeli, dowam etdirmeli, ýüregiň ýaşaýyş jaýymy seniň?!
Coco
Автор 21 май 2022, 23:45
Keaip_begcon,
Şony aýtýanda menem.
Miss angel
22 май 2022, 00:58
Keaip_begcon
Miss angel,
"Men soyga ynanamok sebabi hic kim soyguni yureginde yasadyp bilenok"

Aý gyz, ony ýüregiňde ýaşatmaly däl, ýöretmeli, dowam etdirmeli, ýüregiň ýaşaýyş jaýymy seniň?!

Soygi hakda herkim oz pikirini yazypdyr buda men pikirim)))
Maksat
22 май 2022, 01:46
Miss angel,
:)
S.Gürgençli
22 май 2022, 09:51
Pegas,
Haý sagbola göwnümdäkini aýdypsyň.
S.Gürgençli
22 май 2022, 09:56
Menden bäş beter ýuwaş oglanlaram bar eken-ow
Ogulşirin Bayramowa
22 май 2022, 10:10
Maňa degişli tema däl eken?
S❤
22 май 2022, 13:07
Siz ilki soz aytmakanyz duydurup baslan yuwaslyk bn seylelik bn gyzyn duygularynam bilip bilersiniz