Maslahatyñyz gerek gaty möhüm.

Garaz men 6 aý ýaly bir gyz bilen dost hökmünde gürleşýän. Ol gyz gaty gowy owadan akylly tüýs meñ arzuwymdaky gyz. Hergün ýaly telefonda 1 sagat ýaly gürleşýäs. Ýöne ol meni söýýändiginden hiç uç berenok diñe dosty hökmünde görýändigini aýtýar. Men bolsa ony oýlap gijelerine ýatyp bilemok, damagymdan zat geçenok. Iñ gynanýan ýerim men ony ýitirmekden gorkýan söýýän seni diýip bilemok oña. Şu gatnaşygymyzda durmagymyzy isleýän. Her gezek ol maña dostum diýip ýüzlenende ýüregime pyçak sünjilen ýaly bolýar. Emma oglan bilen gyzyñ arasyndaky dostluk uzak gitmejekdigi meni örän gorkyzýar. Emma birgün jañ edip seni toýuma çagyrýan dostum diýmesinden gorkýan. Käte ony ýatlap özimi ýitirýän.
Näme maslahat berersiñiz?
Çäresi tapylmazmyka?
6 лайков 1 181 просмотров
121комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
22 май 2022, 18:27
Keaip_begcon
Coco,
Dur dur, (stop). Olar ýalam bat alma! Ünsi hemme kişi halaýar. Ony ýitirmejek bolup, käbir kişi sähelçe umyt berýär, yzymdan süýrensin diýip. Senem alada edip ýörensiň.
Medeniýetli şekilde, dogry wagtda, dogry ýerde (D-lar örän möhüm) söz aýtmany başarsaň, seniň hijem ýitirjek zadyň bolmaz. Alar ýa-da almaz, ýöne maňa ynan bu ýerde hiç hili çekiniljek, özüňden utanyljak, puşman bolunaýjak ýagdaý ýok. Esasy zat medeniýetiňi we hormatyňy saklamak. Medeniýetiň bilen baglylykda eden her herekediň ýalňyş däldir. Ullakan bir kitap çykar maslahat berjek bolsak jikme-jik edip. Bärde iň gowsy sen bilýärsiň durmuşyň ýagdaýlaryny, duýgularyňy, şertleri. Şo sebäpli bir sorag bilen psihologyňam kellesinde jogaplar döremez. Inçe ýerler bar, seresap bolmaly ýerler bar, derejäni saklamaly ýerleri bar, dilewarlygyň ýerleri bar, özüňi görkezmegiň ýerleri bar, bar bar, we ýene bar. Bu barada doly maslahat aljak bolsaň, türkçä düşünseň Gürkan Kecici, Beyhan Budak ýaly kanallaryň YouTube-da wideolaryny yzarlap, görüp bilersiň. Köp zat taparsyňam. Kitaplaram bar, ýöne pully eken.

Gaty dogry aýtýaňyz, gizlin söýgi açyk söýgüden gaty güýçli