Türkmen Alabaýy


TÜRKMEN ALABAÝY

Asyrlaryñ sungatyna
Dowam türkmen alabaýy.
Halkyñ milli gymmatyna
Kemal türkmen alabaýy.

Ýurdum - joşgunyñ mekany,
Toýuñ, buşlugyñ mekany,
Gujurly, syzgyr, wepaly,
Merdan türkmen alabaýy.

Durky peleñ, şir mysaly,
Mizemez şöhratly ýoly.
Gerek bolsa, gerçek ýaly
Edermen türkmen alabaýy.

Penasynda hatar nerler
Ýol geçendir kerwen-kerwen.
Agramyna altyn berlen
Halal, türkmen alabaýy.

Goja taryhda ady bar,
Geçmişden janly ýadygär!
Waspy dünýäni jadylan,
Ykrar türkmen alabaýy.

Nepis halym, bedewim deý,
Mirasdyr bu pederimden.
Ýeñişleriñ hataryndan
Nyşan türkmen alabaýy.

13.09.19 ý.

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
3 лайков 172 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
24 июл 2022, 13:48
gowy yazyar
Aýnur
24 июл 2022, 13:52
8 ýyl öň ölen Alabaý itim ýadyma düşüp gitdi cilimkesh
Aýnur
24 июл 2022, 13:53
Hormatly Arkagadymyzyň goşgulary ajaýyp!
Pegas
24 июл 2022, 14:30
Guwanç Ýazmammedow aýdym edip aýdýar.
Apples
24 июл 2022, 19:14
Alabay bayramcylygam bellenyardi bir dowur