Men indi gidýärin...

Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Ýolumy saklamaz böwediň birem

Sapa Hommadow


*****
Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Saklap bilmez duýgularyň birisäm
Gidenimden ölýän bolsa, goý ölsin!
Hassa ýatan arzuwlarmyň dirisäm

Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Ýalan gurşan dünýäňi-de terkedip
Onsuzam irdim men. (degnama degdi)
Boşdan-boşa umytlary tirkedip

Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Saklama sen, saklama sen birjigem
Saňa bolan päkliklermiň barysy,
Päk söýgümem,
mundan beýläk kirjiger

Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Seniň üçin gül ömrümi öçürmen
Zibilhana atjak düýnki söýgünem,
Peýda bolmaz indi köne-küşülden


Ylham GURBANALYÝEW
4 лайков 147 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
꧁???????꧂
06 авг 2022, 14:06
Yetirp durr :)
OrazMuhammet Aşyrow
06 авг 2022, 18:26
Goşgy erbet däl welin, özümçe bellik eden bolaýyn. Meniň pikrimçe awtor bu goşgyny ýokardaky goşgydan täsirlenip dälde öýkünip ýazana çalym edip dur. Sözler ýerbe ýer welin duýgy kemterräk gelýän ýaly.