Men indi gidyarin

Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Ýolumy saklamaz böwediň birem.
Ýogsa, gizlemäýin, bakyşlaryňam,
Bakmaýşyňam her gün düýşüme girer.

Men indi gidýärin, alajymam ýok,
Ygtyýarym — del elleriň oýnagy.
Başarmadym öz hususy bagtymy
Ýekeje ýürekde örkläp goýmagy.

Käte gussam bilen ikiçäk galdym,
Kä joşumdan ýol ýasadym göklere.
Şonuň üçin duýgy bilen badaşan
Dünýäm heňläp ýatan gowak ýalydyr
Öz hesreti, öz şatlygy ýoklara.

Agtarjak dünýäniň dört ýan tarapyn,
Tapynçam allardan alys ýerini.
Ýüregmi şeýle bir aýasym gelýär,
Şoň üçin gidýärin alyp serimi.

Sapa HOMMADOW.
6 лайков 119 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
28 май 2022, 23:00
+++++
GeçerGeldi
29 май 2022, 11:51
Älemgoşar ýa da düşip gitdi.. sessiz sessiz okaýadym