ÖŇE GIDIŞLIK
Ýetip gelýän günler hakda oýlansam,
Bar zat bolan ýaly ýadyma düşýär:
Ýadyma düşýär meň (mundan on ýyl soň):
Saçlarymy sypap maňlaýma düşýän,
Arap kofesini süzüp oturşym.
Egnimde-de isleýşimçe gelişýän
Ak penjegim (oňat eken oturşam).
Aýşy-eşret meňki bolup bilmändir
(Goý, özünden görsün, menem şeýdýärin).
Agras bolupdyryn, aladam kändir,
Köne endik bilen işe gidýärin.
Öňümde goşgy bar, başymda pikir,
Öýümiň düşegi däl indi keçe.
Çaga köpelipdir, Hudaýa şükür!
Ejeleri-de şol, şol öňki eje.
Gyzlardan gabanyp, yşnagmy alan
Poeziýam öwrülipdir hossarma.
Bir elimde kagyz, birinde galam,
Arzuwlarmam paýlapdyryn dostlarma.
Ýalançyny esgi ýaly agardyp,
«Ýene ýatmadyňmy?» diýýär aýalym.
(Belki, kofe içmegimi azaldyp,
Onuň göwni üçin özüm aýaryn)
...Bar zat bolan ýaly ýadyma düşdi,
El degmändir arzuwlary ýugyra.
Barybir töwirsiz emilen çig süýt
Ham-hyýaly getirip ýör mugyra.
Geljek ýüz görülýän aýna mysaly,
Pikirim serpilip aňyma düşýär.
Beýnim bilen gürrüň edýän mesaýy,
Ýene mese-mälim ýadyma düşýär:
Her dem bilen gelip-gidýän Geljegim –
Amanada umyt berip ýetişýän
Hem hülleden biçilen ak penjegim
Ýadyma düşýär!
Seýitmyrat GELDIÝEW
Bar zat bolan ýaly ýadyma düşýär:
Ýadyma düşýär meň (mundan on ýyl soň):
Saçlarymy sypap maňlaýma düşýän,
Arap kofesini süzüp oturşym.
Egnimde-de isleýşimçe gelişýän
Ak penjegim (oňat eken oturşam).
Aýşy-eşret meňki bolup bilmändir
(Goý, özünden görsün, menem şeýdýärin).
Agras bolupdyryn, aladam kändir,
Köne endik bilen işe gidýärin.
Öňümde goşgy bar, başymda pikir,
Öýümiň düşegi däl indi keçe.
Çaga köpelipdir, Hudaýa şükür!
Ejeleri-de şol, şol öňki eje.
Gyzlardan gabanyp, yşnagmy alan
Poeziýam öwrülipdir hossarma.
Bir elimde kagyz, birinde galam,
Arzuwlarmam paýlapdyryn dostlarma.
Ýalançyny esgi ýaly agardyp,
«Ýene ýatmadyňmy?» diýýär aýalym.
(Belki, kofe içmegimi azaldyp,
Onuň göwni üçin özüm aýaryn)
...Bar zat bolan ýaly ýadyma düşdi,
El degmändir arzuwlary ýugyra.
Barybir töwirsiz emilen çig süýt
Ham-hyýaly getirip ýör mugyra.
Geljek ýüz görülýän aýna mysaly,
Pikirim serpilip aňyma düşýär.
Beýnim bilen gürrüň edýän mesaýy,
Ýene mese-mälim ýadyma düşýär:
Her dem bilen gelip-gidýän Geljegim –
Amanada umyt berip ýetişýän
Hem hülleden biçilen ak penjegim
Ýadyma düşýär!
Seýitmyrat GELDIÝEW
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.