Haýyş

Senden eşitmegi islän,eşitmäge garaşan sözlerimi eşdip bilmezlik...Bu duýguny nädip düşündirsemkäm?!
Bu duýgy

- Geçen sezonda 600 müñ manada görüp,almak islän ýantorbañ bahasynyñ bu sezonda 2 million bolanlygyny görmek ýaly
- Ajygyp işden gelip sowadyjyny açanyñda işdäñe görä iýmitiñ ýoklugyny görmek ýaly
- 2011-nji ýyldaky Çempionlar Ligasynda Galatasaraýyñ Juwentusuñ derwezesine salan goluna begenip böküp ýörkäñ,gulakhalkañy gulagyñdan gaçyryp soñam onuñ üstüne bilmän basmak ýaly.
- Gazeti açanyñda Kakamyrat Rejebowyñ goşgularyny görüp begeneniñden soñ aslynda goşgularyñ garaşýanyñdan gowşakdygyny görmek ýaly.
- Pulty eliñe alyp teleýaýlymlaryñ arasynda geçirip ýörkäñ halaýan aýdymyñ soñuna gabat gelmek ýaly.
- Öñ gidip görmedik ýeriñe barýarkañ münen awtobusyñ seniñ barmaly ýeriñden geçmeýänligini bilmek ýaly.
- Işde işleriñi bir ýan ýüzli edip "Ind-ä ýatyp dynjymy alaryn" diýip oturkañ başlygyñ ýygnaga çagyrýandygyny eşitmek ýaly.
- Taksiniñ puluny tölejek bolup durkañ,jübüñde galan iñ soñky puluñam ýyrtykdygyny bilmek ýaly.

Käte kiçijik bir zada ýylgyryp oturkañ aslynda şol zadyñ kiçidigine düşünersiñ-ä.Soñam ruhuñ neneñsi çagadygyny özüñden biygtyýar boýun alarsyñ.Menem bu gün käbir zatlary boýnuma alaryn.Gitmek islemeýän ýerlerimden,duýgularymdan giderin.
Hoş gal!Ýöne haýyş edýän meniñ ýüregimiñ neneñsi boş galandygyny bir bilme!

@Mümkin.
6 лайков 330 просмотров
60комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
17 май 2022, 18:04
Öñ gidip görmedik ýeriñe barýarkañ münen awtobusyñ seniñ barmaly ýeriñden geçmeýänligini bilmek ýaly. (dogry) cilimkesh
- Dani
17 май 2022, 18:04
şeýle mowzyklar köpelewersin suratcy
Remezan
17 май 2022, 18:29
Gullukdan öýüňe sürpriz edjek bolup gelersiň, ýas bolup duranyny bilmek ýaly,
Kimdir biriniň elinde satyjy, aýlyk berilmez, ogurlyk edipsiň diýip, soň aldananyňy bilmek ýaly,
Diş lukmana bararsyň, sogurmaly diýer, sogurdarsyň, yzasy bor diýer, agşam ýene uwlap çykarsyň, ertesi ýen diş lukman oho ol dişiňem sogurmasak bolanok diýip, onam alar, abat dişiňi ilki goparanyny soň bilip galmak ýaly, kiçijek, adamay ruhdan düşürýän ýönekeý ýaly aslynda giden birnäçe sebäpler bar
Bentner
17 май 2022, 20:56
Ýat tutup gitdik, şü blogy her ay okayas nesip edenden :)
Gije yatyrkam tuzurup sorasalaram yatdan aydyp bilerin goshgy
Mümkin
Автор 17 май 2022, 21:07
Bendtner,
???
4-nji goýulyşy.
Resul
17 май 2022, 22:23
Ahh Mumkin. Mendena icin yylaman gecdi ?
Mümkin
Автор 17 май 2022, 22:31
Voyvoda,
Ýokarky mowzuga bar...
Garabufer
17 май 2022, 22:56
Näme diyyäň düşinmedim, gayrat edip täzeden düşniklije aydyp beraýda muňkin naýza diýmän ,

Ýöne Hä? Diýäýmesem
Garabufer
17 май 2022, 22:56
Düşinmedim menä
Mümkin
Автор 17 май 2022, 22:58
Garabufer,
Söýen kişisinden eşidip bilmedik sözleriniñ yzasyny aşakdaky wakalaryñ yzasy bilen deñeşdirýär liriki gahryman...
Resul
17 май 2022, 23:01
Mümkin,
Mena halamadym cynym bilen. Ha sen bn tersleshenim un aytyandyr oydayme. Yantorba, bazar, taksi, awtobus zat diyp durmak birhilida bir uly gynandyryjy pikirlendiriji zat bolsa gowy bolardy
Mümkin
Автор 17 май 2022, 23:04
Voyvoda,
Bolup biler.Her kimiñ öz pikridir...
Garabufer
17 май 2022, 23:26
Kalbymyň açary sensiň Aýgözel
Ýüregmiň seçeni sensiň Aýgözel
Asmana uçaly gelseň Aýgözel
Elimiň tutany sensiň Aýgözel



Ondan eşdesim gelýäninä eşdim ýöne. käbirleri ýaly ,eşdip bilmän yza çekip ýörmedim,:) romantikany bir eliňde saklasaň ,gyz göwni ýuka , açylaýýa, dürdäne söz eçiläýýä , (gulagma depäýdimikä ýada haha)
Mümkin
Автор 17 май 2022, 23:55
Garabufer,
Söýgüñiziñ şowsuz gutaranyny göz öñünde tutsag-a "gulagyña depene" meñzeýär,agam! :))
Onsoñam,şu goşguña yrylan bolsa,poeziýa bilen kän arasy ýok bolmaly :))
Garabufer
18 май 2022, 11:30
Yo bi, hemraň täze 2022aýdymylaý,
O başgarak yryldy ,
Mümkin
Автор 18 май 2022, 11:41
Garabufer,
Bilesigelijiligimi gozgadyñ-da.Nähili yryldy?
Aksary
18 май 2022, 12:46
Jemleme gaty aýylganç
Garabufer
18 май 2022, 16:45
Mümkin,
Waiiiii borlo gyy haha
Garabufer
18 май 2022, 16:45
ösip gelyän çagany utandyrmaň
Mümkin
Автор 18 май 2022, 16:54
Garabufer,
Waý aýdyp goýbersene gyz. :)
Kim ol ösüp gelýän çaga?
Garabufer
18 май 2022, 17:54
Men :)

3 ýyl bir birege seredip gezdik , birinji duşuşukda , hamana öňden tanyş ýaly , gözlermiziň gürriňiniň yzyny dowam etdik .

näme gürrüň diýersiň indem , gepçi :)

Karoçm söýgi şertli bolanok welin , men şonda-da şert etdim, men nähili ýagdaý ýüze çyksada , seni alyp gaçamok, gyz ogurlap, ata enäni närazy edip ,(ogurluk harama) ogurlukdan öý ,maşgala gurjak däl diýdim , olam bolýa diýdi , soňam oňa ejesi bermedi , meňem Kakam göwnemedi .
Şeýlelikde alyp gaçmaly boldy , olam şert edildi.
Soň oň ejesi razy boldy,

Men Kakama diýdim,( olar razy diýdim)şonda Kakam
Sen meýdandan ,bir maçy eşek getiseňem nikalap alyp berjek, ýöne Aýgözel Brilýant bolsada alyp berjek däl, ýaha şy öý Aýgözelsiz ýaşar ,ýada (iki ogul gömen , üçinjinem gömen ekendä) sen ýörärsiň paty putyň bn Aýgözellere saýlaý diýdi.

Alaçsyz galdym . Ýöne herniçik hem bolsa , men Kakamy saýlardym .(bu Kaka sözini baş harp bn ýazyp , oň ejesini setir haryp bn ýazşymdanam bellidir:) saýlajaklygym , men kakamy gowy görýän )

(Biziňkileň jogaby pert pert , gönimelräkdä, siz taraplylaryň hemmesi şeýle , Kakama ,Ejemem siz taraply)

(Soň seredip otursam , Kakam bn oň ejesi klasdaş eken )
Garabufer
18 май 2022, 17:57
Men :)

3 ýyl bir birege seredip gezdik , birinji duşuşukda , hamana öňden tanyş ýaly , gözlermiziň gürriňiniň yzyny dowam etdik .

näme gürrüň diýersiň indem , gepçi :)

Karoçm söýgi şertli bolanok welin , men şonda-da şert etdim, men nähili ýagdaý ýüze çyksada , seni alyp gaçamok, gyz ogurlap, ata enäni närazy edip ,(ogurluk harama) ogurlukdan öý ,maşgala gurjak däl diýdim , olam bolýa diýdi , soňam oňa ejesi bermedi , meňem Kakam göwnemedi .
Şeýlelikde alyp gaçmaly boldy , olam şert edildi.
Soň oň ejesi razy boldy,

Men Kakama diýdim,( olar razy diýdim)şonda Kakam
Sen meýdandan ,bir maçy eşek getiseňem nikalap alyp berjek, ýöne Aýgözel Brilýant bolsada alyp berjek däl, ýaha şy öý Aýgözelsiz ýaşar ,ýada (iki ogul gömen , üçinjinem gömen ekendä) sen ýörärsiň paty putyň bn Aýgözellere saýlaý diýdi.

Alaçsyz galdym . Ýöne herniçik hem bolsa , men Kakamy saýlardym .(bu Kaka sözini baş harp bn ýazyp , oň ejesini setir haryp bn ýazşymdanam bellidir:) saýlajaklygym , men Kakamy gowy görýän )

(Biziňkileň jogaby pert pert , gönimelräkdä, siz taraplylaryň hemmesi şeýle , Kakamam,Ejemem siz taraply)

(Soň seredip otursam , Kakam bn oň ejesi klasdaş eken )
Garabufer
18 май 2022, 18:16
Duh , ruhuň güýji, kuwwaty.

Meselem :Arada birzat satyn aljak boldum, bahasy 12500 manat,

(Aslynda 2000 manatlygam bar ,o zadyň arzajagy)

12500 manat bar , berip almana duhum çatmady, ýüregim etmedi.

Soň pikirlenip gezdim 5-6 gün , kellämem 12500 manatlyga bolnoý


Ahyry kelläm bn duhum odin odina çykdy ,söweşdi, kelläm ýeňdi , we gidip 12500 ligi aldym .


Ine duh şu zat.
Garabufer
18 май 2022, 18:17
Düşündiripbildimmi:)
Mümkin
Автор 18 май 2022, 21:02
Garabufer,
Kakañ näme üçin närazy boldy?
Mümkin
Автор 18 май 2022, 21:05
Sen ösüp gelýän çaga bolsañ men heniz bäbek bolsam gerek :)
Nädip yranyñy aýtmadym?
Birem,çyndanam näme gürleşdiñiz-äý birinji duşuşykda?
Duh sözi üçin sag bol.Şol aladady maña.Türkmen sözümi?
Mümkin
Автор 18 май 2022, 21:07
*aýtmadyñ
Garabufer
18 май 2022, 23:14
Дух Rus sözi

Aýtdyma şert etdim , gaçmak bolmaýa diýip .


Jyny alanokdy, ol aýal abat gyz dogurmaz, kakasy dogursa doguraram diýýädi .

Biram meň kärim sergezdan,jahankeşde ýalyrak .
Aýgözele öýiňi taşlap işe gidip bolmaz diýýädi .

Umuman halanokdyda,
(Ýöne gyz zolşka ýaljak zat , aýajygam (seňki ýaly 44 nji razmer däl), 35 nji razmer , hahah , eeee maşyna göterip mindirýädimoo , hahaaa ,

(Käwagt käwagt , nesibäm bolmadygna begenýänem , alan bolsam sözini ýere gaçyrmajak bolup kösener ýörerdim ,mugt heleýguly bolardym hahah)

Bi
Garabufer
18 май 2022, 23:20
Bir sorog bar, siz tarapda palas pul, çemedan, haly pul , gelinaljyda daýzalara, şeýtan gyzlara ,berilýärä , näçeden paýlanýaraý şol,

Waraşilda toýda bolmaly ekenim men , 6 njy gün
Mümkin
Автор 18 май 2022, 23:36
Garabufer,
Aýgözele kim öýüñi taşlap gidip bolmaz diýýärdi?
Bilmediñ men 46 razmer geýýän :))
Paýlanýan pul ýagdaýa görä,palasda bir manatdan başlanyp,10 20-ä çenli berlip bilinýär.
Çemodan ýalñyşmasam 10 manatdan başlanýan bolmaly.50-100-e çenli galyp biler.Alybilşiñe bagly.Alybilseñ 5 manada al :))
Aýgözel soñ durmuşa çykdymy?