Haýyş
Senden eşitmegi islän,eşitmäge garaşan sözlerimi eşdip bilmezlik...Bu duýguny nädip düşündirsemkäm?!
Bu duýgy
- Geçen sezonda 600 müñ manada görüp,almak islän ýantorbañ bahasynyñ bu sezonda 2 million bolanlygyny görmek ýaly
- Ajygyp işden gelip sowadyjyny açanyñda işdäñe görä iýmitiñ ýoklugyny görmek ýaly
- 2011-nji ýyldaky Çempionlar Ligasynda Galatasaraýyñ Juwentusuñ derwezesine salan goluna begenip böküp ýörkäñ,gulakhalkañy gulagyñdan gaçyryp soñam onuñ üstüne bilmän basmak ýaly.
- Gazeti açanyñda Kakamyrat Rejebowyñ goşgularyny görüp begeneniñden soñ aslynda goşgularyñ garaşýanyñdan gowşakdygyny görmek ýaly.
- Pulty eliñe alyp teleýaýlymlaryñ arasynda geçirip ýörkäñ halaýan aýdymyñ soñuna gabat gelmek ýaly.
- Öñ gidip görmedik ýeriñe barýarkañ münen awtobusyñ seniñ barmaly ýeriñden geçmeýänligini bilmek ýaly.
- Işde işleriñi bir ýan ýüzli edip "Ind-ä ýatyp dynjymy alaryn" diýip oturkañ başlygyñ ýygnaga çagyrýandygyny eşitmek ýaly.
- Taksiniñ puluny tölejek bolup durkañ,jübüñde galan iñ soñky puluñam ýyrtykdygyny bilmek ýaly.
Käte kiçijik bir zada ýylgyryp oturkañ aslynda şol zadyñ kiçidigine düşünersiñ-ä.Soñam ruhuñ neneñsi çagadygyny özüñden biygtyýar boýun alarsyñ.Menem bu gün käbir zatlary boýnuma alaryn.Gitmek islemeýän ýerlerimden,duýgularymdan giderin.
Hoş gal!Ýöne haýyş edýän meniñ ýüregimiñ neneñsi boş galandygyny bir bilme!
@Belki

9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.