Haýyş

Senden eşitmegi islän,eşitmäge garaşan sözlerimi eşdip bilmezlik...Bu duýguny nädip düşündirsemkäm?!
Bu duýgy

- Geçen sezonda 600 müñ manada görüp,almak islän ýantorbañ bahasynyñ bu sezonda 2 million bolanlygyny görmek ýaly
- Ajygyp işden gelip sowadyjyny açanyñda işdäñe görä iýmitiñ ýoklugyny görmek ýaly
- 2011-nji ýyldaky Çempionlar Ligasynda Galatasaraýyñ Juwentusuñ derwezesine salan goluna begenip böküp ýörkäñ,gulakhalkañy gulagyñdan gaçyryp soñam onuñ üstüne bilmän basmak ýaly.
- Gazeti açanyñda Kakamyrat Rejebowyñ goşgularyny görüp begeneniñden soñ aslynda goşgularyñ garaşýanyñdan gowşakdygyny görmek ýaly.
- Pulty eliñe alyp teleýaýlymlaryñ arasynda geçirip ýörkäñ halaýan aýdymyñ soñuna gabat gelmek ýaly.
- Öñ gidip görmedik ýeriñe barýarkañ münen awtobusyñ seniñ barmaly ýeriñden geçmeýänligini bilmek ýaly.
- Işde işleriñi bir ýan ýüzli edip "Ind-ä ýatyp dynjymy alaryn" diýip oturkañ başlygyñ ýygnaga çagyrýandygyny eşitmek ýaly.
- Taksiniñ puluny tölejek bolup durkañ,jübüñde galan iñ soñky puluñam ýyrtykdygyny bilmek ýaly.

Käte kiçijik bir zada ýylgyryp oturkañ aslynda şol zadyñ kiçidigine düşünersiñ-ä.Soñam ruhuñ neneñsi çagadygyny özüñden biygtyýar boýun alarsyñ.Menem bu gün käbir zatlary boýnuma alaryn.Gitmek islemeýän ýerlerimden,duýgularymdan giderin.
Hoş gal!Ýöne haýyş edýän meniñ ýüregimiñ neneñsi boş galandygyny bir bilme!

@Mümkin.
6 лайков 330 просмотров
60комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 18 май 2022, 23:39
Ilkinji duşuşykda "Gaçmak bolmaýar"diýip şert etdiñmi ýa yrañda şeý diýip yrdyñmy?
Garabufer
19 май 2022, 03:40
Şert etdim , gözüm bn yrdymlay jimjan ony .




Zatdan habarsyz ýalysyrap bukjasyna eltip gaýtdym , (alan oglanam goňşy obaly şepeler bolansoň, maňa haýýyş edipdi , )


Şondan soň şepe bn arany açdym , we Aýgözelem waýgözel bolup gidendir indi, onsaňam alan terbiýäm iliň gelnine, durmuşyna sokulmana rugsat berenoga, ýadyma düşäýýädä arman .
Garabufer
19 май 2022, 03:42
Aýgözele Kakam öýüñi taşlap gidip bolmaz diýýärdi?
Garabufer
19 май 2022, 03:43
Mümkin,
Ilkinji duşuşykda "Gaçmak bolmaýar"diýip şert etdiñmi ýa yrañda şeý diýip yrdyñmy?

Baý bu soragyň soralaýşynaý .:)
Garabufer
19 май 2022, 03:46
Bu aýdanlarym 1ýylky bolan wäkäler, men oň bn 6 ýyl entedimä , gürriňiň yzy gaty kän gepçi :)

Gaty gyzykgl bolsa sorawer
Garabufer
19 май 2022, 03:48
46njy razmer bolsa , pykyr, ýagny baklaşkany şypbyk edip geýäýmeseň köwişä ýokdur saňa hahaaa
Mümkin
Автор 19 май 2022, 06:26
Garabufer,
Yrañda gözüñ bilen yrdyñ.Onsoñ ilkinji duşuşykda näme diýipdiñiz?
Aýgözele näme üçin öýüñi taşlap gitmeli däl diýenine düşünmedim.Ol näme üçin öýüni taşlasyn?
Goñşy obaly şepe bilenok ekenmi ikiñiziñ 6 ýyllyk geçmişini?
Hany şulary bir jogapla :)
Aýagyma pykyr geýýänimi nädip bildiñ? :)
Garabufer
19 май 2022, 11:13
Yrañda gözüñ bilen yrdyñ.Onsoñ ilkinji duşuşykda näme diýipdiñiz? Ynanaý ,diňe şert etdim başga zat diýmedim ,(käbiriniň romantika diýip düşinýän suwjuk sözleri, ýagny söýýän köýýän ýok bizde , artykmajyrak birzat diýseň ýüziňi aljak ol , okuwdan gaçyp namaz okap ýören zad eken ol , suwjarsaň , bolup durşuň nähilaý diýäýýä, okaýanynam 9 njy klaskak bildim ,öň irdençidik , soň öýlänçi etdiller , gyşyn güni ýitýä birdan , nirä gitdiň diýip sorasam ýylgyrýa , 2-3 gün gürleşmedim 100 bermedim , soň aýtdy, ikindä gidýän eken, gyşda 16:00 a çenli süşýärä bilýäňä jora)
Garabufer
19 май 2022, 11:16
Aýgözele näme üçin öýüñi taşlap gitmeli däl diýenine düşünmedim

Kakam ejem ölse, menem işe gitsem , aýgözel bn çagalary ýeke galarda öýde
Ynamy ýokdy ,
Garabufer
19 май 2022, 11:17
O taşlanok , iş güýç diýip , men oňa taşlamaly
Garabufer
19 май 2022, 11:20
Şepe bilenok , bilendede özi keýpihonrajyk biridärow ,gyzykly däl oňa . Aýgözel 40 günlik gelinkä , dosty bilen 2 oglan iki gyz bolup oturmana gidip barýadylar ,
Şepäň ýanyndaky oglan , menden karz pul alyp gidipdi şonda
Garabufer
19 май 2022, 11:23
Aýagyma pykyr geýýänimi nädip bildiñ? :)

Pikirlenseň kyn dälä :)


Pakyry başga niräňe geýjek , 46 bolsa aýagyňa geýersiňdä:)
Mümkin
Автор 19 май 2022, 13:41
Garabufer,
Klasdaşmydyñyz?
Haçan halaşyp başladyñyz?
Aýgözel haçan durmuşa çykdy?
Gyzlar bilen oturýarmy?! Şok.Gyzlar bilenokmy oñ öýlenenligini?
Namaz okap ýören gyz näme üçin oñ ýaly oglana barýarka?
Hany şularam bir jogapla :)
Garabufer
19 май 2022, 15:03
Guda boljak bolýamňňy :)
Garabufer
19 май 2022, 15:04
Klasdaşmydyñyz?

Ikimiz deň , ýöne men bir ýyl öň gitdim , 6 ýaşda 1 nji klasa gitdim

Şeýdip ol menden kiçi bolup okady
Garabufer
19 май 2022, 15:08
Haçan halaşyp başladyñyz?
7 nji klasda takmynan sagat 9:36, 10:15 töwerekleri. 14 ýaşymyzda bolýar , (ondördimde gyzlar girdi düşime diýýärä pragy,
Gyz 14 e ýetende oglanlara dert bolar diýýädi hoja hojaýew)
Men 26 ýaşda öýlendim .
Ol28 de durmuşa çykdy
Garabufer
19 май 2022, 15:12
Gyzlar bilen oturýarmy?! Şok.Gyzlar bilenokmy oñ öýlenenligini?

Bozuk gyzlar bn oturmana barýadylar aslynda , (akja jigim düşinmänsiň)

Abat gyz bn oturmana gideňde pul gerekdälä, (abat gyzda göwün bamy ,marožnajyga ,güljagaşa monça bolýa)
Bozuk bolsa kreýne maşyn münen ýaly .
Garabufer
19 май 2022, 15:13
Taхi minen ýaly ,
Garabufer
19 май 2022, 15:14
Namaz okap ýören gyz näme üçin oñ ýaly oglana barýarka?

Ýarym göwin , göwni döwik gyzda , Garabuferem bolmansiň , näm bolsa şol bolsun eden bolaýmasa .
Garabufer
19 май 2022, 15:16
Mendede ýürek barow , ejesi bermände , göni öýine aryp , kakasy bn erkek doganynyň ýanynda çaý içip , berer ýaly edäýdimow inni inni hopugýan şoňa


(Dogany ìşdeşdi owagt, özlerem iki köçe aňyrymyzda , tanyş adamlardy)
Garabufer
19 май 2022, 15:18
Şuwagtam dogany kakasy bn garagadyr , men , gowy adamlar , ejesi nätanyş ýöne
Garabufer
19 май 2022, 17:19
Mümkin Mümkin off № 1417 мая 2022 23:55
Garabufer,
Söýgüñiziñ şowsuz gutaranyny göz öñünde tutsag-a "gulagyña depene" meñzeýär,agam! :))
Onsoñam,şu goşguña yrylan bolsa,poeziýa bilen kän arasy ýok bolmaly :))


Agamyň dosty , Büzmeýin 40 ýyllykdan öýlendi . Büzmeýindede her öýde diýen ýaly teplissa bara , pomodor hyýar ekýäler.

Biz obadada teplissa ,,,umuman ýok,,, .

Ýaňky gelin ärine ýüzlenip : Teplissasyz nädip ýaşap bilýäňiz , diýipdir. Ärem pisä 23 ýyl bärä teplissasyz oňup ýörüs diýipdir (23 ýaşynda öýlenendä özi)

Soň o gelniň yzyndan gelinýärä , (durmuşa çyksaň gowmy ,çykmasaň gowmy diýmäne) şonda gelenlere :bulaň teplissasam ýok , inni nätsemkäm diýäýipdir. ?


Ol durmuşy teplissa bn gözöňne getirýän eken , sebäbi başga zat görenokda , çagalygyndan şoňa ündelen çaga.



Bagyşla wölün sizem durmuşy ,diňe dogry poçerk , edebýat, poezýa bilen gözöňne getirýäňiz öýdýän .(öýdýän )

Ine men senniwöljögäjimjan diýip ýazýan , başdan aýak şu söziň hemme ýeri ýalňyş. Ýöne siziň üçin ýada edeýat üçin ýalňyş, özime dogry .

Ýagşy Goşunow diýýärä Adam dirikä bu dünýäde , ölen soň ýüreklerde ýaşaýa diýip

(Men ölem soňam , şuň ýaly sözlerim bilen ,adamlaň ýüreginde ýatlama bolasym gelýä , meselem meniň dogrym şeýledir mümkin)

Saýtda hiç , ýöne durmuşda welin bu pikiriňi ütgedeweri öte howply bu pikir, sebäbi poçerk , poezýadan hamyr edip çörek ýapyp bolanok, bugdaý pikirli ýigit duşsyn jimjan maňlaýňa .milýon sany kitap tekjeli bolanda näme , çagasy aç otursa .

Söýeniňe däl, söýýäne barsaň gowy bolar.



Mäkguan adamçalar , şynyň mlen keplişigmizi geçirip конецleýäs , вниманяňyzy harçlap diňläniňiz üçin ysbassiba, ýeşýo до свиданя sawwoluň wara
Mümkin
Автор 20 май 2022, 09:08
Siz soñ halaşyp durmuş gurduñyzmy ýa...?
Maşgalañyz,perzentleriñiz hakda gürrüñ beräýseñiz.
Ýok,men diñe poeziýa düşünýäne barjak :))
Oýun edýän,maslahatyñ dogry.
Derekli ekleýärmi bir şol oglan Aýgözeli? Nirede işleýär?
Garabufer
20 май 2022, 13:52
Siz soñ halaşyp durmuş gurduñyzmy ýa...?

Ýörände ýerden tozan galyp,ökjesine degşinä gawanýan , galanynam pikirlenäýmeseň hahahah (daýzamyň gyzy )
Garabufer
20 май 2022, 13:55
Maşgalañyz,perzentleriñiz hakda gürrüñ beräýseñiz.

Özimi ýaşlyk teleýaýlymynda oturan ýaly duýdumaý , minnetdar

Derekli ekleýärmi bir şol oglan Aýgözeli? Nirede işleýär?
Habar ýokdur bal çagajyk , beýleki Laçyn atly söýdilim , 1, jaý aňyrky goňşym şonam gyzyklanamok , sebäbi , olar kişi maşgalasy .
Mümkin
Автор 20 май 2022, 16:46
Gûrrûñ ber-dä how maşgalañ hakda.
Laçynmy?Toba etdim.Yzam barmy?Onam aýt.
Daýzañ gyzy bolsa halaşan dälsiñ.
Garabufer
20 май 2022, 17:48
Gûrrûñ ber-dä how maşgalañ hakda.

Oň üçin çaýa çykmaly bolýaň
Garabufer
20 май 2022, 17:49
Laçynmy?Toba etdim.Yzam barmy?Onam aýt.

Bulardan başgada kän, ýöne diňe aýgözel ýatdan çykanok
Garabufer
20 май 2022, 17:50
Daýzañ gyzy bolsa halaşan dälsiñ.diýip pikir et
Mümkin
Автор 20 май 2022, 19:21
Garabufer,
Bolupdyr.Gürrüñ bermeseñ bermän geç.Öýkelän smaýlik.