Öñe gidişlik

Öňe gidişlik 

Ýetip gelýän günler hakda oýlansam, 
bar zat bolan ýaly ýadyma düşýär: 
Ýadyma düşýär meň (mundan on ýyl soň): 
Saçlarymy sypap maňlaýma düşýän, 
arap kofesini süzüp oturşym. 
Egnimde-de isleýşimçe gelişýän 
ak penjegim (oňat eken oturşam). 

Aýşy-eşret meňki bolup bilmändir 
(Goý, özünden görsün, menem şeýdýärin). 
Agras bolupdyryn, aladam kändir, 
köne endik bilen işe gidýärin. 

Öňümde goşgy bar, başymda pikir, 
öýümiň düşegi däl indi keçe. 
Çaga köpelipdir, Hudaýa şükür! 
Ejeleri-de şol, şol öňki eje. 

Gyzlardan gabanyp, yşnagmy alan 
Poeziýam öwrülipdir hossarma. 
Bir elimde kagyz, birinde galam, 
arzuwlarmam paýlapdyryn dostlarma.

Ýalançyny esgi ýaly agardyp, 
«Ýene ýatmadyňmy?» diýýär aýalym. 
(Belki, kofe içmegimi azaldyp, 
onuň göwni üçin özüm aýaryn). 

...Bar zat bolan ýaly ýadyma düşdi, 
El degmändir arzuwlary ýugyra. 
Barybir töwirsiz emilen çig süýt 
Ham-hyýaly getirip ýör mugyra. 

Geljek ýüz görülýän aýna mysaly, 
pikirim serpilip aňyma düşýär. 
Beýnim bilen gürrüň edýän mesaýy, 
ýene mese-mälim ýadyma düşýär: 
Her dem bilen gelip-gidýän Geljegim – 
amanada umyt berip ýetişýän. 
Hem hülleden biçilen ak penjegim 
Ýadyma düşýär! 

Seýitmyrat Geldiýew
2 лайков 110 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bentner
31 май 2022, 14:55
Like++
Nikiňem gutlyshda pont
Ötegçi
Автор 31 май 2022, 15:07
Sagbol, Serdar! Ýuwaýjak wln buwagt jubim boş da alkash
Hiayress
31 май 2022, 15:19
Ötegçi,
Ýaryşdan utjak puluňa ýuwsaňam ýeter. :))
Ötegçi
Автор 31 май 2022, 15:23
Aý utup bilsem 1 köpügnem alman ýuwjak dp ýörün-ä şonsuzam))) nikimi alsam almasam)) Hiayress aga menä kä hekaýañ awtorlarny okanymdan tanadym:)) sizem tanadyñyzmy?!.
Hiayress
31 май 2022, 15:32
Ötegçi,
Iküç sanysyny tanadym, ýöne siziňki göze dürtülip durdy.
Ötegçi
Автор 31 май 2022, 15:36
Ýylgyrtdyñ)) sagbol)))
Öwreniji
31 май 2022, 16:22
Gowy goşgy ýene barmy Seýtmyrat Geldiýewiň goşgulaary
Aýnur
31 май 2022, 16:22
Gowy goşgy eken ?
Ötegçi
Автор 31 май 2022, 16:39
Remezan, bar. Agşamam goýjak