Kalpdaky möjek
Kalpdaky möjek
Kapasa salynan,
Bürgüt guş deýin...
Ýüregimde çarpynýan bir möjek bar,
Urunýar ol iki ýana penjeläp,
Ýyrtyp barýar ýüregimiň törüni,
Köşeşende zaryn-zaryn uwlaýar,
Ol çykasy gelýär ýüregim ýaryp,
Iki ýana urunjyrap ahyram,
Syh-syh tüýlerinden ganlar dökülýär,
Onuň gany damarymda çyrpynyp,
Öz ganymy iýip barýar ''Eý Hudaý''
Bu ne ahwal,
Bu ne geňlik he-heý, waý,
Heý şeýle bir derdi göteripmidir,
Müň ýylda bir gezek dogan adamzat,
Neslinden geldimi beýle bir adat,
Çydar ýaly bir beg gerek bu derde,
Bular ýaly ýüki göterjek barmy?
Käte şol möjekli ýüregim gyssa,
Oguz atam düşýär meniň ýadyma,
Dünýäni suw-sile gark eden Nuha,
Gün han,
Aý han,
Ýyldyz hanyň hakyna,
Gök han, Dag han, Deňiz hanyň hakyna,
Kynyk hanyň, Seljuklaryň hakyna,
Uly asman, Älemleriň Taňrysy
Ýalbarýaryn senden ýalňyz dilegim,
Şol möjegi köşeşdirmäge maňa,
Güýç-kuwwat ber meniň ýalňyz kalbyma,
Sygdyryşyň ýaly beýik Älemi,
Sygdyr sen şol syh-syh tüýli möjegi,
17.05.2022
@Jeksparro
Kapasa salynan,
Bürgüt guş deýin...
Ýüregimde çarpynýan bir möjek bar,
Urunýar ol iki ýana penjeläp,
Ýyrtyp barýar ýüregimiň törüni,
Köşeşende zaryn-zaryn uwlaýar,
Ol çykasy gelýär ýüregim ýaryp,
Iki ýana urunjyrap ahyram,
Syh-syh tüýlerinden ganlar dökülýär,
Onuň gany damarymda çyrpynyp,
Öz ganymy iýip barýar ''Eý Hudaý''
Bu ne ahwal,
Bu ne geňlik he-heý, waý,
Heý şeýle bir derdi göteripmidir,
Müň ýylda bir gezek dogan adamzat,
Neslinden geldimi beýle bir adat,
Çydar ýaly bir beg gerek bu derde,
Bular ýaly ýüki göterjek barmy?
Käte şol möjekli ýüregim gyssa,
Oguz atam düşýär meniň ýadyma,
Dünýäni suw-sile gark eden Nuha,
Gün han,
Aý han,
Ýyldyz hanyň hakyna,
Gök han, Dag han, Deňiz hanyň hakyna,
Kynyk hanyň, Seljuklaryň hakyna,
Uly asman, Älemleriň Taňrysy
Ýalbarýaryn senden ýalňyz dilegim,
Şol möjegi köşeşdirmäge maňa,
Güýç-kuwwat ber meniň ýalňyz kalbyma,
Sygdyryşyň ýaly beýik Älemi,
Sygdyr sen şol syh-syh tüýli möjegi,
17.05.2022
@Jeksparro
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.