ÝOL

Ýol

ynha köçe bilen barýaryn,
oýnaýan jykyrdap, ylgaýan böküp,
ýykyljak bolsam, birden büdüräp,
galdyrýarlar meni elimden tutup,
ägä bol diýip, üstümi kakyp,
başymy sypaýar, mähirli eller,
barýaryn, enem atamyň elinden tutup,
gysga ýaly bolsada, uzaýar ýollar,

ynha ýene şol öňki köçe,
degişýän, gülýärin, tans edýän böküp,
indi enem atamyň elini dälde,
barýan bir gözeliň elinden tutup,
mähirli ýylgyryş, mähirli bakyş,
mähirli näz edip, gujagňa dolar,
başlaryň direşip barýansyň ine,
uzap giden bolsada, gysgalýar ýollar,

ynha ýene-de şol öňki köçe,
jykyrdap gülýär, ylgaýar böküp,
ýykyljak bolaýsa, birden büdüräp,
iki ýerden galdyrýas, golundan tutup,
oňa guwanýaryn, şatlykly bakýan,
ol bolsa, keýpine jykyrdar, güler,
barýarys üç bolup, şol köçe bilen,
gysgalýar, gysgalýar, gysgalýan ýollar,

ynha-da, ýene-de şol öňki köçe,
assajyk ýöreýän, dynç alýan çöküp,
ýerimden galmaga, berýär kömegi,
ygtybarly daýanýan , hasamy tutup,
gör nähili?
ajaýyp köçe,
ýatlap, gidip barýan, göze ýaş dolýar,
indi ýeke özüm şol köçe bilen
barýaryn, barha gysgalýar ýollar.
näçe gysgalsada galýarsyň ýeke
hany indi, eliňden tutýan şol gollar.
R. Mämetgurbanow
IMO:62170536O
3 лайков 73 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.