Ýol..
Ynha köçe bilen barýaryn,
oýnaýan jykyrdap,
ylgaýan böküp,
ýykyljak bolsam, birden büdüräp,
galdyrlar.
Meniñ elimden tutup,
Ägä bol diýip,
Üstümi kakyp,
Başym sypaýar, mähirli eller,
barýan, ene-atamyñ elini tut:p,
gysga görünsede uzaýar ýollar,
Ynha ýene şol öňki köçe,
degişýän,
gülýärin,
tans edýän böküp,
indi ene- atañ elini dälde,
barýan bir gözeliň elinden tutup,
mähirli ýylgyryş,
mähirli bakyş,
mähirli näz edip,
gujagňa dolar,
başlaryň direşip barýansyň ine,
Gyzykly görünýär gysgalýan ýollar,
Ynha ýene-de şol öňki köçe,
jykyrdap gülýär,
ylgaýar böküp,
ýykyljak bolaýsa,
birden büdüräp,
iki bolup,
galdyrýas, golundan tutup,
oňa guwanýaryn, şatlykly bakýan,
ol bolsa,
keýpine jykyrdar,
güler,
barýarys üç bolup, şol köçe bilen,
gysgalýar,
gysgalýar,
gysgalýan ýollar,
ynha ýene-de şol öňki köçe,
assajyk ýöreýän,
dynç alýan çöküp,
ýerimden galmaga, berýär kömegi,
ygtybarly daýanýan , hasamy tutup,
gör nähili?
ajaýyp köçe,
ýatlap, gidip barýan,
göze ýaş dolýar,
indi ýeke özüm şol köçe bilen
barýaryn,
barha gysgalýar ýollar.
näçe gysgaldygyça ýeke galýaryn.
hany,
eliňden tutýan şol öñki gollar.
R. Mämetgurbanow
oýnaýan jykyrdap,
ylgaýan böküp,
ýykyljak bolsam, birden büdüräp,
galdyrlar.
Meniñ elimden tutup,
Ägä bol diýip,
Üstümi kakyp,
Başym sypaýar, mähirli eller,
barýan, ene-atamyñ elini tut:p,
gysga görünsede uzaýar ýollar,
Ynha ýene şol öňki köçe,
degişýän,
gülýärin,
tans edýän böküp,
indi ene- atañ elini dälde,
barýan bir gözeliň elinden tutup,
mähirli ýylgyryş,
mähirli bakyş,
mähirli näz edip,
gujagňa dolar,
başlaryň direşip barýansyň ine,
Gyzykly görünýär gysgalýan ýollar,
Ynha ýene-de şol öňki köçe,
jykyrdap gülýär,
ylgaýar böküp,
ýykyljak bolaýsa,
birden büdüräp,
iki bolup,
galdyrýas, golundan tutup,
oňa guwanýaryn, şatlykly bakýan,
ol bolsa,
keýpine jykyrdar,
güler,
barýarys üç bolup, şol köçe bilen,
gysgalýar,
gysgalýar,
gysgalýan ýollar,
ynha ýene-de şol öňki köçe,
assajyk ýöreýän,
dynç alýan çöküp,
ýerimden galmaga, berýär kömegi,
ygtybarly daýanýan , hasamy tutup,
gör nähili?
ajaýyp köçe,
ýatlap, gidip barýan,
göze ýaş dolýar,
indi ýeke özüm şol köçe bilen
barýaryn,
barha gysgalýar ýollar.
näçe gysgaldygyça ýeke galýaryn.
hany,
eliňden tutýan şol öñki gollar.
R. Mämetgurbanow
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.