Heý-de mugallymlar para alarmy?

?«Heý-de mugallymam para alarmy?»

Heý-de mugallymam para alarmy?
Para alýan bolsa, mugallym däldir.
Mugallym pozulsa päklik galarmy?
Belki, bu bir "myşdyr", hakykat däldir.

Hakykatmy? Hakykat däl, kim bilýär,
Mugallymlaň özi jogap bermese.
Ýöne nirä barsaň gürrüň edilýär,
Halk diline almaz, bir zat görmese.

Has beterem ýoldaş mugallym hakda
Töhmet ýaýrap bilmez iliň içinde.
Halkyň ýüreginde mugallym hakda
Iň eziz sözlerdir söhbet açanda.

Eýsem, kim günäkär bu erbet "myşa"?
Ýalan myş hem al-asmandan inenok.
Ýa bu-da azarmy ýaýran durmuşa?
Hawa diýmäň! Ynanasym gelenok.

Ozallar-ozallar ýokdy bu gürrüň,
Bu elhenç "myş" soňky ýyllar döredi.
Bir mugallymsumak hakda bu gürrüň
Dörese-de, il içine ýaýrady...

Ýene ýetip gelýär ekzamen wagty,
Ne tanyşlyk, ne telefon geçmesin!
Goý, açylsyn ylmy söýýänleň bagty,
Parahorlar "bagt bazaryn" açmasyn!

Men ýüz tutýan, hemme mugallymlara,
Mugallymsumak däl, mugallymlara.
Araňyza düşen kä melgunlara
Gahar, gazap bilen göreliň çäre.

Paraçyny paş edeliň, pent bolsun,
Alymlara ak ýüreklik ant bolsun!
Mugallyma berlen päk, beýik ady
Hiç wagt, hiç adam, hiç unutmasyn!

Gara Seýitliýew
5 лайков 176 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.