Kölem halanok (hekaýa)

Günjäjek ýene-de öňküleri ýaly gündogardan gyzardy . Serçejikleriň jürk-jürk saýraýan söýgi aýdymlary diňleýjileri maýyl edýärdi. Säheriň salkyn , tämiz howasyna howalanyp Tirkiş bilen Didar ukysyndan oýanar oýanmaz köle gitmäge howlukdylar. Çünki ir bilen gitseň hem-ä salkynda , arassa howada işleýäň, hemem işleriňi gyzgyna galman dynyp gaýdýardyň. Tomus pasly bolansoň Güneşem derrewjek gyzardy. Emma şäherde ýagdaýlar obaňka garanyňda üýtgeşik ýalydy. Ol ýerde şapagyň owadan doguşynam synlamarsyň, serçejikleriň aýdymlarynam eştmersiň,säheriň arassa , salkyn howasyndan hem lezzet almarsyň. Aşgabadyň ýaşaýjysy Berdiniň pikiriçe şäheriň ýagdaýy şolar ýalydy. Ol zatlara gümra bolanyňdan tä Gün al-asmana galýança ýatanyň gowydy. Berdi entegem ýatjakdy welin telefonyň sesi halys ýatyrmady. Oňa dosdy Wepa jaň edýärdi.
-Alo
-Alo gowymy dost ?!
-Ýagşy
-Nirde?
-Öýdelaý
-Dost ýör köle gidelidä .Nä ýatyrmyňaý?
-Ýoklaý, iýip-içip otyryn
-Sesiň ýaman ýuwaş gelýäle. Bolýar ine menem ýolda, ýetip barýan
-Geliber dost. Menem boldumlaý . Şu bir käse çaýymy owurtlasam bolýan.
Berdi şeý diýdi-de telefonyny goýup , bada-bat sowadyja tarap eňdi. Sowadyjyda duran bir bölek kalbasa bilen saçakdan bir döwüm çörek aldy-da çalt-çalt sümürmäne başlady...
Atajana hem şolar ýaly jaň geldi. Oňada işdeşi Tirkiş jaň edýärdi.
-Alo salawmalikim !
-Waleýkimessalam , Tirkiş gowymy jigim ?!
-Ýagşy . Ugradykda
-Bolýar geliber garaşyp durun
-Bolýar, bardym
Edil şular ýaly jaňlar Atajana her gün irden gelerdi. Ine Tirkişem , Berdem ulagly köle ugradylar. Ýöne Tirkiş köle daňdan altyda barýan bolsa , Berdi guşluk onda barýardy. Tirkiş köle balyk tutmaga barýan bolsa , Berdi köle keýp etmäne barýardy. Tirkiş ýol ugryna işdeşi Atajany alyp geçse , Berdi ýol ugryna üç sany ýaşajyk gyzlary alyp geçdi. Berdi dagy geleninde Tirkiş dagy eýýäm işlerini bolup  barýardylar . Berdi ilki ulagyny ýuwaşjadan sürüp gizlinliräk ýerde goýdy. Soňra olar ýylgynlygyň içine sümüldiler. Bu ýylgynlygyň içine ýanyna bozuk gyzlary alyp oturýanlar diňe Berdi we dostlary däldi . Dogrusy olardan başgalar hem bu gür ýylgynlyklaryň içine arak içip , zyna edip , keýp çekilýän ýere döndiripdiler. Berdi dagylarda bu keýp çekilýän ýerlerde keýp etmäne aňsatlyk bilen amatly ýerem tapdylar. Üç sany ogln bilen üç sany gyz bir sellem şol ýerde aragyň, piwaň başynda oturdylar . Olara şu ýerde-de etmäne keýp gyt dälem welin köle suwa düşmäge girdiler. Kölüň gyrasy palçygam bolsa oglanlar köle girip gitdiler. Gyzlaram oglanlardan kem galmadylar. Olar degişip , gygyrşyp, gujaklaşyp, gülüşip suwa düşmäge başladylar. Olary hälden bäri synlap tor syryp gelýän Tirkiş bilen kürekçi Atajan özara söhbetleşdiler.
-Olaryň bolup ýörşüne seretsene
-Gowysy seretme. Men-ä daşyndan özüm utanýan
-Bir topar mes diýmänim-diýsänim
-Şular ýaly zada pulam tapýalar
-Dagy näme biz ýaly bilini agyrdyp balyk tutup gazananoklar bular...
Hakykatdanam Tirkiş bilen Atajan şunça ýyllap kölüň içinde , gyşyň aýazyna böwrekli bolup, tomusyň jöwzasyna garalyp işleselerem olar şu wagta çenli şolar ýaly keýp edip otyrmandylar. Ýöne kölden närzada bolanokdylar. Olar diňe şundan jaý salynyp, maşgalaly bolup, maşgalasyny ekleýärdiler. Emma näme üçindir olar Berdi dagy ýaly baýap gidiberenokdylar...
Köl daňdandan bäri durnaň gözi ýaly durlanyp, Günüň şöhlesine ýylpyldaýardy. Onuň tämiz howasyna ýüzüňi ýelpäp keýpine işläbermelidi. Ýöne Berdi dagy köle gireninden soň köl bulanmaga başlady. Şemal ýuwaş-ýuwaşdan güýjäp , ak tolkunlar ýokary göterilýärdi. Indi kölden çykaýmasaň boljak däldi. Şonsuzam Tirkiş bilen Atajan ermeli işlerini edip kölden çykdylar. Berdi dagam ondan çykman mejbur boldylar. Kölden çykyp gelýärkä Tirkiş içindäki sözlerini daşyna çykardy.
-Şular girdi welin şemalam başlady
-Howwalaý hälden gowydam ýogsa
-Indi köle giresiňiz ýokla
-Kölem şular ýaly adamlary halanokda
-Bulary diňe Ýer göterýär. Köl götermeýär bulary
-Hakyky...
Soňra Tirkiş bilen Atajan balyklary ulaga ýükläp öýlerine gaýtdylar. Berdi we dostlary, joralary bolsa tä gijäň ýaryna çenli kölüň kenarynda dälirediler.

(Soňy)
(Bolan waka esasynda ýazyldy)
(03.07.2023 Ahal welaýatynyň Gökdepe etraby)
© Gerçeknazar AMANNAZAROW
3 лайков 136 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jumamyrat
03 июл 2023, 14:40
Gaty täsirli galamdaş.Galamyň ýiti bolsun
Gerceknazar
Автор 03 июл 2023, 17:10
Juma şahyr,
sag bol galamdaş.
Nazar
03 июл 2023, 23:17
Duygulandyryjy
Nazar
03 июл 2023, 23:19
Olar yaly keypi Berdi dagy yaly fundamenti baylar edaymese. Ol fundamentem nameden guylan olam belli dal