Kitap ýazmak hökmanmy?

Durmuşda köp bolyar, maksadyň, arzuwyň amala aşmaýan pursatlary. Köp adam bu ýagdaýy özi üçinem, başgalar ücinem ullakan pajygaly we gynanarly ýagdaý hasaplaýarlarlar. Şunyn bilen birlikde sähçelce üstünligi ullakan bir netije hasaplap, begenip, guwanyp, öwunip ýöreýärler. Yöne seredip otyrsaň, olaryn bu guwanyan zatlarynda ähmiyetli, many alarly hic zat yok.Indi bolsa, sakawyň sözunin soňuna seret diyilşi yaly, meniň size name diyjek bolýanyma bar ünsünizi beriň.
Hawa, gün yaşyp garaňky duşdi diýeli.Indi çyrany ýakmanyň wagty geldi. Siz çyranyň düwmesini basýaňyz welin, çyra ýanýarda solbada sönýär, ýagny çyra köýýär. Çyranyň ýagty beren pursatyny ýarym sekunt diýip hasaplaýarys. Gije bolsa häzir başlandy. Daň atyp, meýdanyň ýagty bolmagyna, ýenede az bolanda sekiz sagat wagt bar. Sekiz sagat bilen sekiz minudy deneşdirip bolarmy? Ýarym sekunt ýanan çyranyň bütün bir gije ucin ähmiyeti bolarmy?.Ýok diyip hasaplayarys. Bu mysaldan name gelip çykýar? Siziň durmuşyňyz hem, siziň bitiren işleriňiz hem, aýydan manyly sözleriňiz hem, bütün bir tükeniksiz älem ücin hic hili gadyry we gymmaty yok. Şonuň ucin adam özuni aldap yöremesin!. Meniň ömrüm manyly, men köp girdeyji gördum, meniň abrayym belent. Bularyň hemmesi biderek ynanç. Ýene milliard ýyllardan häzirki adamzat barada näme diýiler. Hic zat. Edil biz ýaly. Biz özümizden millirard ýyllar yzda ýaşan adamzat barada bir zat diyyärismi? Ýok. Olaryň sol döwurde eden işlerini biziň döwrümiz ücin ähmiyetli hasaplaýarysmy? Ýok.
2 лайков 148 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
06 июл 2022, 17:21
Ylalaşamok. Şeýlebir oýlap açyşlar bolýar, şol oýlap açyşlar bolmadyk bolsa, megerem, ýene birnäçe asyrlap şol zady oýlap tapyp bolmaz. Meselem, A. Ben tarapyndan ilkinji telefon oýlanyp tapylmadyk bolsa, kim bilýä, näçe wagtlap telefonsuz gezerdik?! Ilki oýlanyp tapylýar, soň özleşdirilýär.
Hiayress
06 июл 2022, 18:38
Ýazylýan, çyzylýan, pikir edilýän zatlarymyz ählisi bu biziň geljegimiziň şöhlesi. Biz pikirlerimiz arkaly öz geljegimi gurýarys. Ýazgylardan ruhlanma esasynda täze-täze zatlary oýlap tapýarys.
Selim
Автор 06 июл 2022, 20:39
Men sizi okadym
Hiayress
06 июл 2022, 20:40
Yklym,
Biz nä kitapmy?!
Ahmet
06 июл 2022, 20:43
Hiayress
Yklym,
Biz nä kitapmy?!

:D