Pişigiňiz bilen gepleşiň



1.Pişigiňiz näme diýýär
-Dana adam hemme zada dogry düşünýär. Dogry ýoldan ýöreýär. Akylsyz adam bolsa hemişe aýaga çolaşýar.Her görenine ýa görüplik edip ýada ýallaklap günini geçirýär. Indi bolsa pişikler näme diýýär. Şu barada azajyk gürrüň edeliň.
-Eger siziň pişigiňiz bar bolup, ol size meýdanda, ýagny gapyda dogry gelýän bolsa, we şu ýerde size maýawlap habar gatýan bolsa, diýmek pişigiňiz sizi halamaýar. Siz bilen bir jaýda ýaşamak islemeýär. Ýagny onuň birinji maýawlap habar gatany, bu, siz häli gitmediňizmi diýeni, ikinji maýawlany, siz şu öýden tizräk gitseňiz gowy bolardy diýeni, üçünji maýawlany bolsa, sizden bizar boldum diýeni.
-Eger pişigiňiz gapydan girip, gaty ses bilen maýawlap, sizi soraýan bolsa, onda pişigiňiz size, näme üçin meni garşylamaýaňyz diýeni. Şunyň bilenem, ol jaýa siziň ýanyňyza girmese we şu ýerde maýawlap dursa, men size gerek däl öýüdýän diýeni.
-Eger siziň pişigiňiz, naharlanyp otyrkaň, ýanyňyza gelip, süýkense, myrlasa, ýüzüňe seredip delminse, onda ol size bile naharlanaly diýeni.
-Eger siziň pişigiňiz, jaýda syçanlary köpeldip göýberse, olary tytyp iýmese, onda siziň pişigiňiz adalatly we merhemetli bolany. Syçanlaryň halyna nebisi agyrany. Olar bilen deňhukukly bir öýde ýaşamak isläni.

2. Kejeleşige ýol berme
Hawa, köp adam öz ömürüni biderek, manysyz wagt geçirmelere sarp edip ýok bolup gidýär. Şolardan biri bu erjeşmek, ýagny biriniň edenini onuň yzyndan gaýtalamak. Häzirki döwürde iň köp ýaýran zyýanly endikleriň biri. Gürrüň näme barada gidýär. Näme üçin adamlar biri-biri bilen erjeşýärler. Hatda olar aýry-aýry adam bolsalarada. Aýry öýleri, işleri bolsada. Olarda, özleriniň ýalňyş iş edýändigine düşüner ýaly aň derejesi bar bolsada.
Göz öňüne getiriň. Siz adamlaryň üýşen ýerine barýaňyzda, ol ýerde özara edilýän gürrüňe gyzygyp galýarsyň. Diýeli, täze çykan maşyn barada gürrüň gidýär. Maşyny öwüp arşa çykarýarlar. Maşyny satyn alanlary hem öwüp, gözigidijilik edýärler.
Ine, şu ýerde sada adam, durmuşa öz nukdaý nazary bolmadyk adam, olaryň gürrüňüne lakga düşýärde,öwgüsi ýalandan ýetirilen maşyny satyn alyp,öwünesi gelýär. Onuň göwnüne, şu maşyny satyn alyp münse, abraýy, mertebesi hasda ýokary galjak ýaly. Olar bilen deňleşjek ýaly, çünki ol eýýäm eşiden. Ol öz aňynda kabul eden. Kimiň zady, puly, köp bolsa ol mertebeli adam.
Ýöne durmuşda köp adamyň aladasy ýeterlik. Olar öz derdi bilen, seniň alan maşynyňa seredip, guwanara wagt ýok. Onsoňam, özgäniň zadyndan ne peýda. Seniň üçin begenmeli adamlar, tersine seniň maşyn alanyň üçin gynanýarlar. Dogry, özüň gowy adam bolup, alan maşynyň peýdasy özgelere degse, olar seniň üçin begensede begenerler. Emma, durmuşa üns berseň, maşyn alan, wezipe edinen, işi oňa adamlar, tersine gedemlige ýüz urýarlar.
Indi näme bolar. Elbetde,gynandyran adamlaryň, seniň işiň oňmazlygyny dilärler.Bir gün bolsa olaryň dilegleri şowuna bolar we sen haýsam bolsa, bir betbagtçylyga ýolugarsyň.
Indi seniň üstüňden gülerler.
Bu ýagdaýlar seniň bilen bolmasada bolmazdy. Eger kejeleşige, erjeige ýol bermedik bolsaň.

3. Ýagty saçmaly
Öň aýdyşym ýaly, gije başlanyp, çyranyň bir sekunt ýanyp öçeninden peýda ýok.Ol iň bolmanda, çyrany özüň öçürip, ýorgana giren pursatyňa çenli ýanyp, ýagty saçyp dursa ähhmiýetli.
Adamyň ömüri hem edil çyra ýaly. Adam hem hemişe özünden ýagty saçyp dursa gowy.
Köp adamlardan bolsa hiç hili ýagtylyk çykmaýar. Olardan garaňky gijäniň gaharly, zulum ediji we jan algyç arwah-jynlary ýosup çykyp, bütün dünýäni eýeläýin diýýär.
Hawa. Biz olardan ägä bolmaly. Birden olaryň penjesine düşüp galyp,olar ýaly bolmakdan daşda durmaly. Biz her edip, hesip edip, öz adamçylygymyzy saklap galyp, diňe ýagty saçjak bolup çytalaşmaly.
Näme üçin diýilýän sorag gelip çykýar. Näme üçin biz ýaman bolmaly däl. Olar ýaman. Olaryňky hezillik. Gorkuzmak arkaly islän işlerini edýärler.
Ýok olara hezillik däl. Siz ýalňyş ýola düşjek bolýaňyz. Ilki bilen olaryň gowy bolup bilmeýänliginiň iň wajyp sebäbi bar. Bu şeýle ýagdaý. Olar hiç haçan gowy bolup bilmez, çünki olaryň tebigaty zäherlenen. Olara yzyna dolanma ýok. Mysal üçin öz garyp külbesine.Özüniň ata-enesiniň ýanyna. Olara hiç haçan enesi öňünden çykyp:
-Oglum geldiňmi diýmez. Ýa bolmasa, aýaly bilen çagalary ylgap çykyp, ýüzlerinden nur saçyp:
-Kaka, geldiňmi diýip gülüp oýnamazlar.
Olar ýalynyň döşüne watan hem hiç haçan orden dakmaz.
Olar öz guduran ýerinde guduz açyp, özi ýaly guduz açanlar bilen birlikde biri-biriniň etini iýip, ýok bolup giderler.
Halal ýaşandan, adalatly bolandan, batyr we mert bolandan bolsa, hemişe ýagty saçylar. Olaryň hemişe garaşýany bardyr. Olara bir zat bolsa, gynanyp, göz ýaş dökjegi bardyr.Olaryň döken gözýaşynyň neminden bolsa, älem täzelener. Yaşaýyş gowulanar. Gowy ýaşaýyşyň bir sekundy, bütün bir tükeniksiz ömür ýaşalan ýaly bolýandyr.
1 лайков 190 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ajy
07 июл 2022, 08:09
meñ yene pisik tazeledim oñkimem gitdi. bulam garnyny doyuryan, suwy bar dasharada gitya yone diñe miyawlaya o namedem
Serdar
07 июл 2022, 08:15
garaburc
meñ yene pisik tazeledim oñkimem gitdi. bulam garnyny doyuryan, suwy bar dasharada gitya yone diñe miyawlaya o namedem

Öýlenesi gelýändir?
ajy
07 июл 2022, 08:16
Seri,
çaga how häli şuýyl boldy ? ýogsama gepleşme kemini goýmaýan
Serdar
07 июл 2022, 08:17
garaburc,
Eşik çalyşan ýaly çalyşýañla pişikleññi?
ajy
07 июл 2022, 08:20
Seri,
Ilkinjim involitdi bir ayagyny it çeýnän. ola ölendir biryerde gelenak 2yyl bari.beylekem 2ay bari gelenak. taze äkeldim olam eñegine jañ kakylan yaly
Serdar
07 июл 2022, 08:28
garaburc,
Öziñ pişik bolsañ Hurma(öziñ ýaly) ýaly eýe de durarmydyñ?
ajy
07 июл 2022, 08:42
Seri,
Indi sen bu gepiñ bilen näme diýjek bolýañ?
Kemsiden bolýañmy indi meni aglaya
Serdar
07 июл 2022, 08:50
garaburc,
Toba diý joro ýoklaýo pişikleñ näme sebäpden sende durmaýanyny biljek bolýas. bolyaa
Serdar
07 июл 2022, 08:57
Rigel,
Şo barada yorite post açjak golaýda.
ajy
07 июл 2022, 09:03
Seri,
menem-ä sholara ozum iydirman iydirip, suwa dushurip ey gorup saklayan. Gadyrymg bilenok hichkim ?