Ahlak wajypmy ýada tehnologiýa

Hawa, dünýäde tehnologiýalar ösýär ahlak bolsa yza tesýär. Entek häli belli däl.
Tehnologiýalaryň ösüşi ahlaga ters täsir edýärmi ýada ahlak tehnologiýa bagly däl
halda özi yza tesýärmi? Emma ahlagyň yza tesýäni bu mese-mälim. Aýratynam
hristian dinine ynanýan ýurtlarda.
Häzir şeýle düşünje ösen. Esasy zat tehnologiýalryň ösmegü çünki tehnologiýalar
ýaşamak üçin gerek bolan serişdelri ýeterlik derejede üpjün edýär onsoň ýene
girdeýji toplamagyň ýeke-täk usuly. Ýöne häli tehnologiýalar ösüp
ýetjek derejesine ýetenok we ahlak hem doly ýitenok.
Eger çyksa edil şu wagt ahlak bilen tehnologiýa optimal ýagny özara sazlaşykly
ýagdaýda.Iki tarapam elden bermejek bolmaly.
Emma käbir adamlar ahlak nämä gerek diýjek bolýarlar. Olar bu sözüni bilegörä
aýydýan bolmagy hem mümkin öz maksatlaryny amala aşyrmak üçin.
Mysal getireýin.
Siziň ýanyňyza dostuňyz gelip birazrak pul karz soraýar. Karz almak üçin
onda bahana hem bar. Onuň bahansyny eşidip siz oňa pul karz bermeli diýen
netijä gelýärsiňiz. Bu halatda siz ahlakly adam toparyna girýärsiňiz. Emma
bilegörä karz bermezlik ahlaksyzlyga girýär. Egerde ahlak bolsa adamlar özara
ysnyşykda we kömekde bolýarlar. Eger ahlaksyzlyk bolsa adamlar siziň düşen kyn
ýagdaýyňyzdan özüne nep gözleýär.Ahlaksyz adamlar jemlenişip sizi betbagtlyga
itekleýär. Hatda bigünä halatyňa seretmezden öldürmekleri hem mümkin.
Onsoň bu halatda tehnologiýanyň peýdasy degemi size? Elbetde ýok. Tehnologiýa
öz başyna ahlak özbaşyna. Her haýsy öz ugryna jogap berýär. Edil erkegiň aýalyň
ornunda duryp bilmeýşi ýaly tehnologiýa hem ahlagyň ornuny tutyp bilmeýär.
Indi bolsa tehnologiýa nähili edip ahlaga zyýan ýetirýär. Şu halata
düşünjek bolaly.
Ilki bilen bir zada dogry düşünmeli. Ahlagyň gerekdigini boýun almaly.
Bu birinji. Ikinji hemme zat öz işinde gerekli energiýany toplaýar we sarp edýär.
Adam teni hem öz gezeginde energiýany ulanýar.
Tehnologiýa bolsa adamyň bar güýjüni sorup alýar. Adam depressiýa düşýär we özüni
ýitirýär. Kellede optimal oýlanmak ýitýär. Gysgaça aýdylanda bolsa bu ýagdaý
ahlagyň ösüşine we ýerine ýetirilişine ters täsir edýär.
Bu meniň häzirki pikirim. Wagty gelip bu pikir üýütgemegi mümkin. Häzir bolsa men
oýlanýan meniň bu pikirim size ýokarmy ýada ýok. Özüňiz bilýäňiz! Siz hem
ullakan adamlar.Menden sowatly bolmagyňyz hem mümkin.
Hoş wagtyňyz!
2 лайков 184 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
19 авг 2023, 18:36
Hawa, dünýäde tehnologiýalar ösýär ahlak bolsa yza tesýär. Entek häli belli däl.

Bellem däl diýýäňmi?!
Emma ahlagyň yza tesýäni bu mese-mälim. Aýratynam
hristian dinine ynanýan ýurtlarda.

Haýsy ýurtlarda? Hristian dinine uýýan ýurtlaryň näçesinde bolup gördüň? Nähili ahlaksyzlyga gabat geldiň? Iň esasy soragam Siziň pikiriňizçe ahlak näme?
Eger çyksa edil şu wagt ahlak bilen tehnologiýa optimal ýagny özara sazlaşykly
ýagdaýda.

Biri ösüp biri peselýär diýip otyrdyň, indi optimal sazlaşykly diýýäň
Siziň ýanyňyza dostuňyz gelip birazrak pul karz soraýar. Karz almak üçin
onda bahana hem bar. Onuň bahansyny eşidip siz oňa pul karz bermeli diýen
netijä gelýärsiňiz. Bu halatda siz ahlakly adam toparyna girýärsiňiz. Emma
bilegörä karz bermezlik ahlaksyzlyga girýär.

Karz beren ahlakly, bermedigem bezahlak, ýer beren horaşaja gowy, bermediklerem...
Massimus
19 авг 2023, 18:41
Eger ahlaksyzlyk bolsa adamlar siziň düşen kyn
ýagdaýyňyzdan özüne nep gözleýär.Ahlaksyz adamlar jemlenişip sizi betbagtlyga
itekleýär. Hatda bigünä halatyňa seretmezden öldürmekleri hem mümkin

Ahlaksyz adam, saňa karz bermedik adam. Maňa karz bermedik adamlar jemlenişip meni öldürmegem mümkin ekenä, näme etsemkäm?!
Tehnologiýa
öz başyna ahlak özbaşyna.

Bular biri-biri bilen optimal baglymy, ýa biri köpelse beýleki kemelýämi, ýa bular özbaşyna bir zatmy? Annatäjiň gözüne sereden ýala etdiň muny
Massimus
19 авг 2023, 18:47
Edil erkegiň aýalyň
ornunda duryp bilmeýşi ýaly tehnologiýa hem ahlagyň ornuny tutyp bilmeýär.

Gowy mysal getiripsiň
Tehnologiýa bolsa adamyň bar güýjüni sorup alýar. Adam depressiýa düşýär we özüni
ýitirýär.

Tehnologiýa adamyň güýjüni sorup alýar, bäh, sorup alaýýamyka güýjüni
Kellede optimal oýlanmak ýitýär.

Bildirýär, goşulýan
Massimus
19 авг 2023, 18:49
Bu meniň häzirki pikirim. Wagty gelip bu pikir üýütgemegi mümkin. Häzir bolsa men
oýlanýan meniň bu pikirim size ýokarmy ýada ýok. Özüňiz bilýäňiz!

Pikiriň üýtgese hökman ýazgyn!
murat yousef
19 авг 2023, 22:14
Düşünen bolsam Hindi bolaýyn... Wapşe dagynyk pikir, sözleri sepleşdirip hiç many tapamak, haýsy tarapyndan barmaly munuň ää?? Özüňiz düşünýeňizmi agam bu ýazgylara
OrazMuhammet Aşyrow
21 авг 2023, 13:53
Kelleagyryk,
Umuman siz "Ahlak" diýip ynsanylygy göz öňünde tutduňyzmy? Ahlak edep terbiýe ýaly sözler manydaş gelýändigini hasaba alsak tehnologiýanyň onuň bilen känbir baglanşyp ýatan ýeri ýokmyka diýýän. Sebäbi erbet iş etmäge hiç bir adamy tehnologiýa ündänok. Prosta ynsanlar diňe daş töweregi tankytlaýarlar (edil şu wagtky men ýaly) Aslynda herkim özüni düzetse şonda ahlagam ýerinde bolar tehnologiýada töhmet atylmaz...