Kiçiräk düşündiriş
"Ataňa münüş öwretme" aýtgysynyň häzirki günümizde il arasynda ýaýran "Ataňa s...ş öwretme" görnüşini bir teswirde gepe düşmez birine şundan gowy düşündiriş bolmasa gerek diýip ulananym üçin, şol gepe düşmez balaksyz şerraý tarapyndan aşaky temalaryň teswirlerinde we ýörite tema açylyp, üçinji jahan urşunyň turuzup bilmejek goh-galmagalyny turuzypdyr. Aslynda bu aýtgy diňe birine niýetlenip şonluk bilen tamamlanmalydy welin, nätjek *ok görse gözi açylýan *okçy siňek üçin, bu elýetmez tapyndy bolan bolmaly. Indi kiçiräk düşündirişim şeýleräk: Sözlemleriň içinde ulanylýan ganatly sözler pikiriňi gysga we açyk beýan etmek üçin ulanýar, ol (ganatly) sözler ahlak ýada edep-terbiýe taýdan ýaramaz, pes şöhlelenýän bolsada, bu ony ulanan ulanyjynyň ahlagy we edep-terbiýesi bilen hiç hili baglanşygy ýok. Bu düşündirişimem peşeden pil ýasamana çalyşanlara ýada çalyşýanlara gönükdirilendir. Ýene bir bellemi zadam: men ol sözi bir sapar ulanyp ýatdan çykaran bolsam, käbirleri şol sözler bilen ähli temalary bezäp, henizem ýatlarynda saklap ýörmeleridir. Gaýrat edip öz ahlak derejäňiz we öz düşünjäňiz bilen özgeleriň ahlak derejesini we düşünjesini garyşdyrmaň.
"Bizi bilen bilir bilmeyen de kendisi gibi bilir"
"Bizi bilen bilir bilmeyen de kendisi gibi bilir"
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.