Gyzlaryň namysy bilen oýnaýan reperlar...
Täze nesil rep dünýäsiniň giňemegi bilen käbir meselelerem ýüze çykdy. Umuman bu ýerde aýdymy we sazy bir ýere goýup, biraz ahlak we terbiýe barada söz açmak gerek. Sebäbi ne ahlak, ne terbiýe bilýän "sözde" reperler bar.
Käbir rep aýdymlarynda gabat gelinýän sözler bizi rahatsyz edýär. Esasanam gyz meselesi, bil aşagy temalar gaty rahatsyz ediji derejede ulanylýar. Gyzlara göni sögýänlere diýemok, ol başga bir ýazgynyň temasy. Aýdymlaryňyzy diňläp, "nähili gyzlar bilen tirkeşýäňiz?" diýesim gelýär. Sebäbi bir reperiň söýgülsi başga bir reperiňem söýgülsi bolup çykyp dur, umuman "seniň söýgüliňi eýtdim, beýtdim", ýada "maňa ýanaşýar, eýtmegim ahmal, şeýderin" ýaly sözler gaty köp ulanylýar. Ilki bilen bu gaty ýigrenji we ýürekbulanç gelýär. Bil aşagy gürlemek bilen özüni bir zat saýýan beýin ýitgisi çagalaram bar. Kirli gatnaşyklaryňyzy öz araňyzda gürleşmeli, ýöne siz muňa aýdymda ýer berýäňiz, bu aýdymlaram halka açyk bolýar. Kiçijek çagalara zyýan meselesini geçdim, islendik adamam rahatsyzlyk duýup biler eger duýmaýan bolsa onda olam siz ýaly biridir. Siziň bu kirli gatnaşyklaryňyzy bilmäne mätäç däl biz, hem biraz gyzlara, iň bolmanda enelere hormatyňyz bolsun. Hemme gyz ýanyňyzdakylar ýaly däl. Düşünemok ýa sözüňize şeýle zat goşmany abraý bilýäňizmi, bakyň bolmady diýemok şeýle zat, eger bolan bolsada şony agzamagyňyz ýalňyş. Bu ýerde gyzlara-da düşünemok, näme abraý bilýälermikä şular ýaly jahyl, nadanlar bilen tirkeşmäni ?, "eýtdim, beýtdim" diýip arkaýyn aýdyp dur bular we mundan rahatsyz bolanokmyka ol diýýän gyzlary, utananokmyka, pikir edenokmyka. Kelläme her hili pikirler gelýär we hemme gyzlara bolan ynamym sarsylýar. Bakyň hemme gyzlara, sebäbi artyk bular ýaly sözleri gaty köp eştdim we her gyza şübhe gözi bilen sereder ýaly boldum. Hemmesi beýle däldir elbetde bilýän, ýöne isle-isleme hökman içiňde bir nejis pikir döreýärdä düşündirip bilemok doly. Gaty köp aýdymda gabat geldim, diňe şo bir zat, ýokmy how beýinsiz jandarlar başga tema, dygyňyzy tembol bilýäs, diňlenmeýändigiňizem bilýäs, ýöne bir ýerden soň hökman ýürege düşýärdä bilýäňizmi ?, artyk "ýeter" bolýarda. Sebäbi durşuna şo bir zat. Goýyň indi, namys meselesi bilen oýun etmäň sebäbi kiçi zat däl bu, gyz meselesini agzamak sizi üýtgeşik edenok ynanaýyň, ýanyňyzdakylaryň nähili gyzlardygynam bilýäs, ýöne bize "şeýle" diýip ýüzümize urmagyňyzyň geregi ýok. Sebäbi özüňiz ýaly ýigrenji tema bu.
Dostlarym erbetledim welin elbetde içinde gowylaram bar, hiç tutan ýoluny sypdyrman, gowy ýoldan azap etýänlerem az däl, we ynanýan şolar ýaly gowy adamlar ýok.
Namys meselesini agzaýanlar iň ejiz we diňlenmeýän reperlerdir. Bagyşlaň "reper" sözi ýalňyş gitdi, nadanlar bolmaly...

22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.