Durmuşyň aýylganç pursatlary
Birden onuň kellesine bir pikir geldi. Mundan öň gelmedik ýada üns bermän şu wagta çenli gelen.
-Durmuş aýylganç pursatlardan durýar.
Dogry, onda mylaýym, göwüne ýokujy pursatlar hem bar. Emma ol gaty az. Bu mylaýym pursatlar durmuşyň aýylganç pursatlaryny basmarlamaýar. Edil käsä salynan şeker ýaly. Şekeri az çaýyň tagamynyň pes boluşy ýaly. Durmuşyň hem tagamy pes. Onda zulum köp. Ýöne bu barada birine aýdyp bolarmy? Ýok. Men durmuuşyň aýylganç pursatlaryny duýdym, onda ýaşadym diýseň nähili bolar. Kemsidiji ýagdaý bolar. Adamlar aýydar:
-Ol, durmuşyň aýylganç pursatlarynda ýaşady.
Biz bolsa ýok. Biz durmşyň gowy pursatlaryny bilýäris. Emma onuň aýylganç pursatlaryny bilmeýäris. Gülkünç ýagdaý. Şeýle dälmi? Käbir adamlar durmuuşyň agyr pursatlaryny bilýär, ýene biri bolsa bilmeýär.
Ol alaçsyz galdy. Öl özüne:
-Adamlaryň duýgy agzalary deň däl. Käbirlerinde bolsa umuman duýgy agzalar ýok.Şonuň üçin käbir adamlar durmuşyň aýylganç pursatlaryny bilýär, käbirleri bolsa bilmeýär. Men bolsa bilýarin. Eger bir zat etmesem durmuşyň aýylganç pursatlary meni ýekelär, meni horlar. Şonuň üçin men, iň bolmanda duurmuyň agyr pursatlaryny kütelder ýaly, içgileri içip göreýin. Mysal üçin, arak. Ol şeýle diýdide, dukana gidip, bir çüýşe aragy öýüne getirip, içip başlady. Çüýşe ýarym bolanda hakykatdanda durmuşyň agyr pursatlary onuň ýadyndan çykaňkyrlan boldy, hemmesini içip gutaranda bolsa, ol aýdym aýdyp başlady. Şeýleräk aýdym:
-Menden mes adam barmy?
Ýok.
Menden şat adam barmy?
Hiç ýerde ýok.
Meniň gaýgym barmy?
Ýok.
Durmuş gowy, onda arak bar.
Ol meniň durmuşymy bezär
Ol meniň dostum bolar.
Şundan soň ol köçä çykdy. Özüniň durmuşda ezilmeýänini görkezmak üçin. Ýol ugryna bolsa aýdyma meňzeş ses çykardy:
-Adamlar durmuşyň aýylganç pursady ýok.
Onda arakdan doýyp içme bar.
Onda tentiremek bar.
Onda sam-sam geplemek bar.
Birden ol togtap galdy. Töweregine barmagyny çommaltdy. Çüşş gaty geplemäň. Men oýlanýan. Men gözleýän. Durmuşda näme bar!. Meni hiç kim aldap bilmez. Hatda arak hem. Ol meniň erkimi diňe bir-iki minut alar.Emma men aýňalaryn we durmuşda hakykatdanda näme bardygyny anyklaryn.
Onsoň ol özüni ýere göýberdi:
-Hökman däl, hemmäniň bileni. Bir adam bilse beýleki adamlara ýetirer. Durmuşda aýylganç pursatlar barmy ýada ýok. Hany gel täzeden oýlanyp göreýin. Kelläm azajyk ýeňledi. Aragyň küteldiji güýji gidip başlady. Ilki bilen anyklaýyn. Durmuş kimlerden durýar. Ilki bilen, ol adamlardan durýar. Onsoň bizi gurşap alan daş-töwerekden. Bu ýerde adam, hemme zatdan ýokarda durýar. Adam oýlap tapandyr. Durmuşda aýylganç pursatlar bar diýip. Menden öň biri. Ol adamyň özi aýylganç bolandyr we durmuşda aýylganç işleri edip, yzyndanam özüni aklamak üçin durmuşy aýyplandyr. Ýöne men başga adam. Men ol adamyň aýdanyny gaýtalap, durmuşda aýylganç pursatlar bar diýmerin. Men aýydaryn:
- Durmuş diňe ajaýyp pursatlaradan durýar. Men durmuşy söýýärin. Men onda janym-tenim bilen ýaşaýaryn.
Şundan soň ol ynjaldy. Uludan demini aldy. Göwüni giňeldi. Ýüzi ýagtyldy. Çaşyp ýatan ýerinden turdy. Üsti-başyny kakdy. We uly ýola düşüp, ynamly öňe ýöredi.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.