Durmuşyň özüne meňzeýäň dilber

Öň näzikdiň, owadandyň, gözeldiň,
Edil bu durmuşyň özi ýalydyň.
Şabat kenarynda açylan güldüň,
Ürgenç topragynyň ýazy ýalydyň.

Ýaşlyk ýaly şadyýandyň, alçakdyň,
Ýokdy gamdan çigit ýaljak alamat.
Bir bakyşda jan berip, jan aljakdyň,
Menem ýaşdym, görmegeýdim şo halat.

Ynha, indi menem öňki ýaly däl,
Senem biraz doluşypsyň, solupsyň.
Bu zatlar durmuşyň oýnudyr, ahmal,
Gaharjaň bolupsyň,
Gödek bolupsyň.

Öňkiň ýaly mylaýym däl görnüşiň,
Gözleriňde hem mähir, hem gazap bar.
Hamala hut özi ýaly durmuşyň
Çynlakaý bakyşyň howumy basýar.

Durmuş mydam başym sypap duranok,
Käte gazap bilen daraýar maňa.
Ýöne munda hiç erbet zat göremok,
Edil öňkim ýaly aşyk men oňa.

Çünki öz gazaby, talaby bilen
Bu durmuş hemişe owadan hem ter.
Şoň üçinem saňa baky aşyk men,
Durmuşyň özüne meňzeýän, dilber!

Tirkiş Sadykow
5 лайков 129 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.