Gülüp bersene, edil öňkiň ýaly...

Gülüp bersene, edil öňkiň ýaly
Gülkileňde özboluşly jady bar
Maňa üýtgeşik sowgadam gerek däl,
Ýylgyrşyňy berip bilseň ýadygär

Gülüp bersene, edil öňkiň ýaly
Goý, bolsun ol gussalaryň melhemi
Elimdäki barja erkimi alyp,
Çagyrsyn ol täze geljek ylhamy

Gülüp bersene, edil öňkiň ýaly
Getirsin ol ýaşlygyma çakylyk
Gulagyma gelýän pessaýja sesiň
Ykbalymyň mukamydyr-bakylyk

Gülüp bersene, edil öňkiň ýaly
Güläýseň, durulmajak gahar güler
Jemlenipdir onda bir çemenzarlyk,
Gyş güni, sowulmajak bahar bolar

Gülmeseň hiç, ýylgyrmasaň çalaja
Şugla saçmaz gülälek görkiň bary
Şonuň üçin,
Birazajyk bolsa-da
Gülüp bersene, edil öňkiň ýaly...


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
7 лайков 129 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ýüreksözi
08 авг 2022, 16:59
men üýtgeşik bilýan zadyma ýok goşgy hakda welin bu goşgyn kapyýalary den gelmanson akgynly okap bolanok biraz kynyrak çalt ýüregne düşýä ýöne sizin goşgynyzam söýüp okaýan mayly hemmesem menden like
Ahmal
08 авг 2022, 20:35
͡° ͜ʖ ͡°