Gülüp bersene, edil öňkiň ýaly...

Gülüp bersene edil öňkiň ýaly
Gülkileňde özboluşly jady bar
Maňa üýtgeşik sowgadam gerek däl,
Ýylgyrşyňy berip bilseň ýadygär

Gülüp bersene edil öňkiň ýaly
Goý, bolsun ol gussalaryň melhemi
Elimdäki barja erkimi alyp,
Çagyrsyn ol täze geljek ylhamy

Gülüp bersene edil öňkiň ýaly
Getirsin ol ýaşlygyma çakylyk
Gulagyma gelýän pessaýja sesiň
Ykbalymyň mukamydyr - bakylyk

Gülüp bersene edil öňkiň ýaly
Güläýseň, durulmajak gahar güler
Jemlenipdir onda bir çemenzarlyk,
Gyş güni, sowulmajak bahar bolar

Gülmeseň hiç, ýylgyrmasaň çalaja
Şugla saçmaz gülälek görkiň bary
Şonuň üçin,
Birazajyk bolsa-da
Gülüp bersene edil öňkiň ýaly...


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
4 лайков 103 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ffgggggffddd
20 янв 2023, 19:28
bravo gaty gowy,duygy bar bunda