GOŞGY OKAP BERSENE!

(Seýitmyrat Geldiýewe)

Ýadyma şo-ol şat çagalyk döwrümi
Salar ýaly goşgy okap bersene!
Meniň mydam mähre teşne göwnümi
Alar ýaly goşgy okap bersene!

Gürzüsin aýlanda otly ýyldyrym,
Arş elden gaçyrmyş yşky-bulguryn.
Ýagyrnysyn süýnüp barýan ýyllaryň
Çalar ýaly goşgy okap bersene!

Soňky günler etek-alty, ýeň ýedi,
Şygyr okaşmaga elim degmedi...
Şo-ol şygryň-a ýüregimde jigledi...
Şolar ýaly goşgy okap bersene!

Ýüregiň bar ýüregime ýanaşyk,
Gideýin men duýgulaňda azaşyp,
Sekiz jennet lezzetinden azajyk
Çiler ýaly goşgy okap bersene!

Günleriň sessizje hoşlaşýanyny,
Baharyň golaýlap, gyş geçýänini,
Entek öz-özümden daşlaşmanymy
Biler ýaly goşgy okap bersene!


Kakamyrat REJEBOW
6 лайков 443 просмотров
24комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
Автор 27 фев 2022, 21:12
Eli mikrofonly - Seýitmyrat Geldiýew, goşgy okap oturan - Kakamyrat Rejebow.
Leyli Amanowa
27 фев 2022, 21:16
surata duşuren kim?
Hanguly
27 фев 2022, 21:18
Many ýokla meniň pikirimçe, ruhlandyryjy bir zat bolsa.
Leyli Amanowa
27 фев 2022, 21:18
Gurzi näme bolya?
Pegas
Автор 27 фев 2022, 21:20
Цитата: Nairobi
surata duşuren kim?

Men.
Pegas
Автор 27 фев 2022, 21:21
Цитата: Nairobi
Gurzi näme bolya?

Demir ýenjilýän ullakan agyr çekiç.
Leyli Amanowa
27 фев 2022, 21:23
Цитата: Pegas
Цитата: Nairobi
Gurzi näme bolya?

Demir ýenjilýän ullakan agyr çekiç.

yyldyrym bilen şony baglanyşdyryp bilmedim
Pegas
Автор 27 фев 2022, 21:26
Цитата: Nairobi
Цитата: Pegas
Цитата: Nairobi
Gurzi näme bolya?

Demir ýenjilýän ullakan agyr çekiç.

yyldyrym bilen şony baglanyşdyryp bilmedim

Demir ýenjilende demir bilen gürzi çaknyşyp o:t (ýyldyrym) çykýar. Hökman düşündirişe garaşman, okyjyň özem fantaziýasyny işletjek bolmaly, halys tupoý bolman. Gowy goşga sowatly okyjy gerek.
doctor
27 фев 2022, 21:29
su eli mikrafonlyny jyny almady barki gowy eken like gosgusam
Pegas
Автор 27 фев 2022, 21:30
Цитата: doctor
su eli mikrafonlyny jyny almady barki gowy eken like gosgusam

Ol Seýitmyrat üçin uly bir ýitgi däl-le.
Leyli Amanowa
27 фев 2022, 21:31
Sowatsyzam bolduk garaz...
Pegas
Автор 27 фев 2022, 21:32
Цитата: Nairobi
Sowatsyzam bolduk garaz...

Soragyň sowatsyzyňky.
Leyli Amanowa
27 фев 2022, 21:34
Tupoyam bolupdyrys
doctor
27 фев 2022, 21:34
Цитата: Pegas
Цитата: doctor
su eli mikrafonlyny jyny almady barki gowy eken like gosgusam

Ol Seýitmyrat üçin uly bir ýitgi däl-le.

jogaba dusmedim
Leyli Amanowa
27 фев 2022, 21:35
Yene azrak wagtdan has başga zatlaram bolarsyň Leyli
Pegas
Автор 27 фев 2022, 21:36
Цитата: doctor
Цитата: Pegas
Цитата: doctor
su eli mikrafonlyny jyny almady barki gowy eken like gosgusam

Ol Seýitmyrat üçin uly bir ýitgi däl-le.

jogaba dusmedim

Zyýany ýok.
Belki
27 фев 2022, 21:41
KAKAMYRAT!
Belki
27 фев 2022, 21:42
Surat nirede düşürilen?
Pegas
Автор 27 фев 2022, 21:43
Цитата: Belki
Surat nirede düşürilen?

Awazanyň kenary.
Belki
27 фев 2022, 21:44
Gämidemi?
Pegas
Автор 27 фев 2022, 21:46
Цитата: Belki
Gämidemi?

Hawa.
Belki
27 фев 2022, 21:48
Pegas,
Wah...Bolaýsañ-da şol wagt şo ýerde.
Sen gaty bagty çüwen Sapa awtor.
Pegas
Автор 27 фев 2022, 21:49
Цитата: Belki
Pegas,
Wah...Bolaýsañ-da şol wagt şo ýerde.
Sen gaty bagty çüwen Sapa awtor.

Bilýän)
Ötegçi
27 фев 2022, 21:59
Цитата: Belki
Pegas,
Wah...Bolaýsañ-da şol wagt şo ýerde.
Sen gaty bagty çüwen Sapa awtor.

Aý bolañda näme, menem halaýan, hatda siz aýtmyşlaýyn "ba yil yan" poezyasyna... yone bolañda name şotaýda, mena name sorajagmam bilmezdim
Ötegçi
27 фев 2022, 22:05
*Seýitmyradyñ poeziyasyna
Belki
27 фев 2022, 22:11
Ötegçi,
Wah meñ derdim Seýitmyrat däl-le ...
Ötegçi
27 фев 2022, 22:14
Bilyan, Kakamradyñ poezyasyny halaýañyzBelki,
Nobatgulyñ goşgularnyñam ölemeni men-ä, yone hazir direldip getirseler name diyjegmi bilmezdim
Hiayress
27 фев 2022, 22:17
Цитата: Ötegçi
Bilyan, Kakamradyñ poezyasyny halaýañyzBelki,
Nobatgulyñ goşgularnyñam ölemeni men-ä, yone hazir direldip getirseler name diyjegmi bilmezdim


Menä Nobatguly aga näme diýjegimi bilýän. "Näme üçin şeýle potensialyňyz barka ýazmadyňyz" diýerdim. "Özüňiz üçin bir ýazyp goýalmaly ekeniňiz soň biz tapyp alardyk" diýerdim.))
Ötegçi
27 фев 2022, 22:24
Diýeniñ bn ýazardy da)))))Hiayress,
Hiayress
27 фев 2022, 22:28
Belki,
Nobatguly aganyň eserleriniň aglaba bölegi ylhama (duýga) bagly bolmadyk aňyň önümi.