GOŞGY OKAP BERSENE!

(Seýitmyrat Geldiýewe)

Ýadyma şo-ol şat çagalyk döwrümi
Salar ýaly goşgy okap bersene!
Meniň mydam mähre teşne göwnümi
Alar ýaly goşgy okap bersene!

Gürzüsin aýlanda otly ýyldyrym,
Arş elden gaçyrmyş yşky-bulguryn.
Ýagyrnysyn süýnüp barýan ýyllaryň
Çalar ýaly goşgy okap bersene!

Soňky günler etek-alty, ýeň ýedi,
Şygyr okaşmaga elim degmedi...
Şo-ol şygryň-a ýüregimde jigledi...
Şolar ýaly goşgy okap bersene!

Ýüregiň bar ýüregime ýanaşyk,
Gideýin men duýgulaňda azaşyp,
Sekiz jennet lezzetinden azajyk
Çiler ýaly goşgy okap bersene!

Günleriň sessizje hoşlaşýanyny,
Baharyň golaýlap, gyş geçýänini,
Entek öz-özümden daşlaşmanymy
Biler ýaly goşgy okap bersene!


Kakamyrat REJEBOW
6 лайков 443 просмотров
24комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
27 фев 2022, 22:31
Hiayress,
Oñ iñ owadan şahyrana goşgulary ylhama baglymyka diýýän."Serwi agajam"bulañ başynda gelýär.Maña iñ ýaraýanlary-ha "Men ylham bilen ýazyldym"diýio gygyryp duranlary.
Hiayress
27 фев 2022, 22:35
Belki,
"Serwi agajy" näzik duýgunyň getiren hasyly ýöne hemme goşgusy däl. Ýazmaly diýip ýazanlaram bar, jany ýanyp ýazanlaram bar, birzat aýtjak bolup aýdyp bilmän ýazanlaram.
Belki
27 фев 2022, 22:38
Hiayress,
Ýo,ol dogry.Ýöne öz halaýanlaryma şol pisint şahyrana goşgulary.
Aksary
28 фев 2022, 02:52
"Hökman düşündirişe garaşman, okyjyň özem fantaziýasyny işletjek bolmaly."

Gaty dogry!

Gürzi bolanda söweş ýaragy bolaýýa dämi,togalak,çekiçlik kellesinden dişleri çykyp duran.