Saçlarymy örüp bersene, eje!

Saçlarymy örüp bersene, eje!
Sowuk şemal oýnamasyn taryny.
Bilýäň-ä, gam-gusamy undaýmam bar,
Mährem elleň sypalanda başymy.

Saçlarymy örüp bersene, eje!
Kalbym rahat tapsyn seniň mährinden!
Mähriň yza gaýtmazlygma goltgy bor,
,,Ynamyňy ödärin" diýen ähdimden!

Saçlarymy örüp bersene, eje!
Meň edebim seň elleriň keşdesi.
Hemem maňa geçen mähribanlygyň,
Hiç tükenmez ýaly ylham çeşmesi.

Saçlarymy örip bersene, eje!
Bahanada hem bagryňa bas meni!

23.03.2023
Enemähri Guwanowa
7 лайков 125 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Azasdym.
21 окт 2023, 14:15
Gaty gowy gosgy sag bolun yetireninize.
Diamante
21 окт 2023, 14:33
Şu goşguny kiçikäm ejeme aydan bolsadym belki bir gezejik saçymy örerdi
Garlawaç
Автор 21 окт 2023, 14:42
Diamante,
Waheý, şuwagt men ýalňyş düşündimmi ?
Garlawaç
Автор 21 окт 2023, 14:45
Diamante,
Saç ördürmek bir bahana, soralýan zat mähir bu ýerde... Goşgyny ýazanymda başga welaýatdadym, şoň üçin ejemiň mährini küýsäp içimden gelen setirler bi...
Diamante
21 окт 2023, 14:46
Garlawaç,
Düşündim işiňde üstünlik
Edepli Gödek
21 окт 2023, 14:53
Bogun sanlary oýnap dur))
Ýöne haladym?
Edepli Gödek
21 окт 2023, 14:54
Saçlarymy örüp bersene, eje!
Meň edebim seň elleriň keşdesi. ine goşgyňda in halan ýerim
Garlawaç
Автор 21 окт 2023, 16:07
_Bayat,
Sagboluň kemini aýdanyňyz üçin :)
Abat
21 окт 2023, 20:53
Şu ýaş şahyryň her bir goşgusy meniň üçin aýratyn gözellikdä
Kerbaba
22 окт 2023, 06:46
Garlawaç
_Bayat,
Sagboluň kemini aýdanyňyz üçin :)

Авторы озунизми? Адыныз Энемахрими? Адынызам бир гошга дегйар...
Garlawaç
Автор 22 окт 2023, 08:14
kwadrat kelle,
Howwa, awtory özüm. Adymam Enemähri :))