Hakykat

Dünýäñ iñ owadan melegi däl sen,
Müñläp aşyklaryñ dilegi däl sen.
Kirpikleriñ ok däl, gaşlaryñ ýaýdäl.
Ýok sen asmandaky gussaly Aý däl.
Lebiñde balam ýok, gözüñde jadam.
Peri däl, hüýrem däl, sen ýöne Adam.
Saçlaryñ ýylan dek atanok owsun,
Goý iller ýaryny ýalandan öwsün.
Ýok men aldamaýyn sözüm süýjedip,
Däl sen ilden üýtgeşik ýa eýjejik.
Sen diñe bir zatda tenha ýalñyzsyñ,
Kalbymda ady bar yeke-täk gyzsyñ.

Mätgurban Mätgurbanow
9 лайков 321 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
Автор 28 фев 2022, 00:24
"Bir sen bilýäň"... aýdymdan

Bir sen bilýäñ...Meñ içimiñ,
Otdugyny ýalyndygyny.
A men gülýän,
Bir sen bilýäñ,
Ýylgyrşymyñ yalandygyny.

Sen habarly,
Ýuwda-ýuwda,
Içim doly dertdiginden.
Özgeleñ habaram ýokdur,
Meniñ juda mertdigimden.

Bir sen bilýäñ...
Aglaýanmy,
Ýaş aýlaman gözlerime.
Sen düşünýäñ meniñ heniz,
Aýdylmadyk sözlerime.
Ýüz ýerine ýara salnan,
Ýüregimiñ ahwalyn-da.
Hemaýata garaşanlam,
Peýdalanyp ahmalymdan.
Gidenini bir Sen bilýäñ.
Hem meniñ niçik galanmy.
Suwa dönen sabrymyñda,
Ýarysyn içipgalanny
Dökenimi bir sen bilýäñ.
Ökünenmi bir sen bilýäñ.

Bir sen çekýäñ,
Meniñ ýersiz,
Öýkelek hem hötjetligmi.
Ýöne senem eliñ salgap,
Belki gülüp, belki aglap,
Bir güni taşlap gidersiñ,
Bir men bilýän gitjekdigñi

M. Mätgurbanow
Telwas
28 фев 2022, 00:25
Şu şahyryň goşgularyny gowy görýän.
Leyli Amanowa
Автор 28 фев 2022, 00:27
Bagyşla

Bilýän, kän göwnüñe degýärin seniñ,
Günäsizkäñ gaharlanyp ýerliksiz.
Seniñ täk ýazygyñ, men ýaly däliñ,
Ykbalyna peşgeş edip berlipsiñ.
Haýyş, hemmesine dişiñi gysda
Meni Bagyşla!


Bilýän seni aşa gabanýanymy,
Pikirlerme gijäñ reñki çaýylan.
Käte müñkürligem edäýmäm bardyr,
Ýogsam söýýän bir perişde saýybam.
Sen baryna düşünmäge çalyş-da
Meni Bagyşla!

Bilýän juda gyñyrlygny gylygmyñ,
Käte bolýanlygmyýürege düşgünç.
A sen şol pursatda edil ýüregmiñ
üstünden hanjar deý sözleriñi sünç.
Çydaman jan bersem ýygnama meýdim,
Çöllerde gurtlara şam edip taşla.
Ýöne men dirikäm gitme ýanymdan,
Ýöne men dirikäm meni Bagyşla
Leyli Amanowa
Автор 28 фев 2022, 00:30
Gitseň

Gitseñ ýykyljak ýalydy,
Ýöne dünýä üýtgemedi.
Bar bolan zat ýüregimi,
Ýalñyzlygym düýtmeledi.

Dogry kä kalbymy berdim,
Gussañ hökmüne howala.
Hiç kimden jogap tapmadym,
"Nämüçin" diýen sowala.

Günler geçdi, gaçdy kem-kem,
"Geljegiñe" bar ynamym.
Boýun aldym señem indi,
Geçmişime garylanyn.

Bu durmuş göwni bir ýaly,
Üýtgetmedi ş:o bolşuny
Bir men has gamgyn synlaýan,
Ýapraklaryñ "ýogalşyny".

Ýaprak deý tändi köñlümden,
Başa barman päk niýetim.
Gitdiñ, ömrüm bir azajyk
Ýitirdi öz ähmiýetin.

Sen ýada düşýäñ diýmeseñ,
Durnalañ gidýän halaty.
Dünýä asyl üýtgemedem,
Gitseñ ýykyljak ýalydy
DonMaxx
28 фев 2022, 00:30
like gosgynu halamok yone !))
DonMaxx
28 фев 2022, 00:30
*y..
Leyli Amanowa
Автор 28 фев 2022, 00:33
Bir kiçijik şäherde

Men bärde hiç kimiñ ünsüni bölmän,
Ilmän ýaşap ýörün gyzlañ gözlerne.
Aslynda, gaýdypdym, saklanyp bilmän,
Gidýän diýip öz-özümiñ gözlegme.

Geldim galman orta ýolda, azaşyp,
Ýöne gowy bordy eger gelmesem.
Bu ýerde arzuwlam adatylaşyp,
Aşak düşdi adamlaryñ deñine çen.

Bir umyt bar, süýräp gezýän adamy,
Öýe dolanylýar hut şol synansoñ.
Ýowuz eken höwes eden zadyñy,
Tapan wagtyñ gözläniñe gynansañ.
Leyli Amanowa
Автор 28 фев 2022, 00:34
DonMaxx,
sag bol
doctor
28 фев 2022, 00:36
sunyaly gosgyny biri mana duzipdi onkije wagtlar aynekli
мусульманка
28 фев 2022, 01:11
Gowy gosgy eken ahlisem
мусульманка
28 фев 2022, 01:11
Цитата: doctor
sunyaly gosgyny biri mana duzipdi onkije wagtlar aynekli

Kim ka ol
Mechta
28 фев 2022, 01:40
Gowy setirler
Jeyms
28 фев 2022, 05:24
doctor,
Aýaly gazet okap oturan:
- Waý,kakasy! Şeydaýy diýen ýerçeken 10 ýyl ozal maña düzen goşgyñy ogurlaýypdyr
doctor
28 фев 2022, 12:59
Цитата: Jeyms
doctor,
Aýaly gazet okap oturan:
- Waý,kakasy! Şeydaýy diýen ýerçeken 10 ýyl ozal maña düzen goşgyñy ogurlaýypdyr

yok onun oz doredijiliginden
Leyli Amanowa
Автор 28 фев 2022, 13:24
doctor,
Mätgurbanyň özi bu goşgyny saňa duzen-ä däldirdä hernä
Garabufer
28 фев 2022, 16:23
Wahee