MELEKLERIŇ KONKURSY
Munda jem şäheriň peri-peýkeri,
Munda jem dünýäniň hüýri-melegi,
Olar tas ýalaňaç!
(Indi nä dünýäde gabahat barmy?!)
Güjeňläp sagrysyn,
güjeňläp göwsün,
Durlar auksiona düşen at ýaly.
Göwüsleri — gupba
(hersi bir lukma!),
Boýny — garyş,
eginleri — terezi.
Şöhle taýýar gözelleriň budundan
(Munda üýşen erkekleriň geregi).
Hersi bir şa gyzy —
Hut ugrunda ýüwrüp-ýelesiň gelýär.
Ýok, olary söýmek gelenok göwne,
Ýöne weli bile bolasyň gelýär.
Munda jem şäheriň peri-peýkeri,
Munda jem dünýäniň melegi-hüýri,
Pah, ynha, hüýr gyzlar atýarlar owsun!
Wah, indi türkmende Görogly barmy!?
Aç göz bilen synlap sagrysyn-göwsün,
Inçe biliň,
uýluklaryň iň gowsun
Saýlap bilmän juda horlanýar žýuri.
...Hol yzky hatarda bir aşyk ýigit
Diýýär: «Hüýri tapyşyňyz göreli!
Siz ony nireden gözleýärsiňiz?!
Meniň ýanymdaky — dünýä gözeli!»
Nobatguly REJEBOW
Munda jem dünýäniň hüýri-melegi,
Olar tas ýalaňaç!
(Indi nä dünýäde gabahat barmy?!)
Güjeňläp sagrysyn,
güjeňläp göwsün,
Durlar auksiona düşen at ýaly.
Göwüsleri — gupba
(hersi bir lukma!),
Boýny — garyş,
eginleri — terezi.
Şöhle taýýar gözelleriň budundan
(Munda üýşen erkekleriň geregi).
Hersi bir şa gyzy —
Hut ugrunda ýüwrüp-ýelesiň gelýär.
Ýok, olary söýmek gelenok göwne,
Ýöne weli bile bolasyň gelýär.
Munda jem şäheriň peri-peýkeri,
Munda jem dünýäniň melegi-hüýri,
Pah, ynha, hüýr gyzlar atýarlar owsun!
Wah, indi türkmende Görogly barmy!?
Aç göz bilen synlap sagrysyn-göwsün,
Inçe biliň,
uýluklaryň iň gowsun
Saýlap bilmän juda horlanýar žýuri.
...Hol yzky hatarda bir aşyk ýigit
Diýýär: «Hüýri tapyşyňyz göreli!
Siz ony nireden gözleýärsiňiz?!
Meniň ýanymdaky — dünýä gözeli!»
Nobatguly REJEBOW
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.