Ilkinji ädim :)

Birinji kursuň studenti howurlyja bolýar. Gözi gören ýaramaz zady barada ýazasy gelýär, aýdasy gelýär. Men özümiň şaýat bolan ýaramaz wakam barada makala ýazdym-da, gazetleriň biriniň redaksiýasyna tarap eňdim. “Bölüm müdiri” diýen ýazgyly gapyň agzynda saklandym. Ýaýdanýan. Girsemmikäm, ýa yzyma gaýdaýsammykam? Ahyry ýüregimi bire bagladym. Gapyny ýuwaşlyk bilen açyp, içeri girdim. Stoluň aňrysynda orta ýaşan dolmuş aýal bir zatlara dümtünip otyr. Ol jüýk burnunyň ujuna çala ilteşip duran äýneginiň üstaşyry äsgermezçilik bilen maňa seretdi-de, dodagyny çömmeldip, ýene öz işi bilen boluberdi. Hakyky bölüm müdiri bolmaly şu. Göwresi, oturyşy, hatda äýnek dakynyşy-da bölüm müdiriňkä meňzeýär.
-Salawmaleýkim!
-Ilki girmäge rugsat soramaly.
Beh, salamdan öňe geçjek zadam bolar ekeni!-Girmek mümkinmi?
-Rugsady girmänkäň soramaly.Dilimi dişläp durun. Bular ýaly ýerde towşantüýräk bolmaly. Ýogsa, jogaby nagt welin...Onuň ähli talabyny ýerine ýetirdim. Ýaýdana-ýaýdana özümiň nämüçin gelenimi ýaňzytdym
-Goý-da gidiber. Elimiz degen mahaly okarys –diýip ol äwmezek jogap berdi.Men tüweleý ýaly towlanyp, ik ýaly pyrlanyp, ahyry onuň ýumşak damaryny tapdym. Häzir okamaga zordan boýun etdim. Ol makalamy okap otyrka arasynda ýylgyrýar, käte bürjeşip duran güri gaşlaryny çytyp, çynlakaý keşbe girýär.Makala göwnüne ýaraýdy öýdýän, özüme-de ýaraman duranog-a.Ýöne bölüm müdiri begenjimi uzaga çekdirmedi.Makalany okap bolansoň, eliniň tersi bilen stoluň üstüne oklap goýberdi.
-Jijim, bolanok! Makalaňda fakt ýok. Dogry, graždanlyk pozisiýaňy görkezip bilipsiň, ýöne bu ýeterlik däl, fakt gerek, fakt. Beýan edýän wakaň durmuşda bolup biler. Ýöne kim olar? Ady, familiýasy, adresi, nirede işleýär ýa okaýar? Belli däl. Belli etmeseň bolanok!
-O nähili? Men olary tanamog-a. Onsoňam bary “doň” oglanlar. Ýanlaryna barybam bir gör, ýüzüňi tekizläp goýbersinler.
-Jijim, adyň nämedir-ä?
-Atajan.
-Howwa-a, Atajan jijim,bumat demokratiýa, aç-açanlyk. Kemçilikleri ýüz görmän aýdypbilmeseň, bagyşla welin, sen žurnalist-ä däl, häzirki döwrüň adamsy-da bolup bilmersiň. Düşündiň gerek?Şeý diýip ol gürrüňiň gutarandygyny aňlatmak üçin öz işine gümra boldy.Döwürden yzagalak adamdygym baradaky ýaňky gürrüň böwrüme sanjy, göwnüme ünji bolup dur. Nädibem bolsa, yzagalak däldigimi subut etmeli. Ýöne nädip? Ine, bir gün şony subut edere mümkinçilik döredi. Seýil bagynda –oturgyçlaryň birinde tomsuň jokrama yssy günortanyny gyşyň bulutly, aýsyz gijesine öwrüp, bir-biriniň boýnundan gol salşyp oturan oglan bilen gyza gözüm düşäýdi. “Gabat geld-ow ahyry. Duruber bakaly sen bölüm müdirjigi! Men saňa haýsy döwrüň adamsydygymy görkezerin” diýip, öz ýanymdan şol diktumşuk gazet işgärine gaýybana haýbat atdym. Kagyz-galamymy häzirläp, olaryň alkymyna bardym. Piňlerine-de däl.
-Bagyşlaň welin, şeýdişip oturmaňyz öz göwnüňize jaýmy? Jemgyýetçilik ýerinde... Utanaňzokmy?.. Siziň adyňyz, familiýaňyz? Okaýan ýa işleýän ýeriňiz?..Bir-ä oglanyň ýerinden galanyny, birem gözümiň garaňkyrap gidenini bilýän. Soň hiç zat ýadyma düşenok. Birhaýukdan özüme geldim. Töweregime garanjakladym. Hiç kim ýok. Yraň-daraň atyp, ýerimden galdym. Görsem, ýaňky ikisi beýleräkdäki oturgyçlaryň birinde men zerarly arasy kesilen jemgyýetiň ilkinji ýaçeýkasyny döretmek ugrundaky gaýra goýulmasyz işleriniň öwezini dolup otyrdylar...

1987 ý

Kakabay Çaryyew
4 лайков 183 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
Автор 27 фев 2022, 20:53
Surat bn baglanyşyk yokdur yöne goyasym geldi
doctor
27 фев 2022, 20:53
TALYPLYGA HOWLUGDUMAA LIKE:)
мусульманка
27 фев 2022, 21:08
brawo...
Garabufer
27 фев 2022, 21:53
Suratdaky özūñmi
Leyli Amanowa
Автор 27 фев 2022, 21:55
Garabufer,
hawa
мусульманка
27 фев 2022, 22:01
Цитата: Garabufer
Suratdaky özūñmi

hihi