Ýogalan bir oglanyň gündeliginden

(Hakyky bolan waka) 2nji bolum
Muhammetali goşlary ýerleşdirýärkä men yekeje özim deñziñ gyrasyna ýöräp bardym. Men deňzi görmänime ýyl boldy. Her gelemde men deñze salam beryän we
gaýdamda sag bol ýene görüşyänjäk diýýän. Sebäbi men kiçilikden
deñzi gowy göryän, ol meniñ dostum. Men ony göremde dertlerim
dökülýär, göwnim göterilýär. Onuñ tolkunlarynyñ sesi ýüreklerdäki gam-gussany aýyrýar. Men deñze seredemde Beyik Allajanyñ gudratyny görýän. Men deňziñ gyrasyna gelip, mylaýym suwuna aýaklarymy saldym we gözim bir suwa seredip, oýlanyp oturan ýaly geýnikli kellesinde ýalykly bir aýal maşgala düşdi. Men oña bir gelnejedir öýtdim. Soñ men gideýin diýip durkam ol kellesindäki ýalygy aýyrdy. Şol ýerde onuñ ýüz keşbiniñ owadanlygy, onuň gözleri, gaşlary bir gezek seredenimde meni aşyk etdirdi. Men gözlerimi ondan aýyryp bilmedim. Ol meni öz gözelligi bilen bir bakyşda aşyk etdi. Ol meniñ añkaranymy gördi-de ýene ýalygyny başyna atdy-da ýerinden turup gitdi. Ol gitdi welin, menem onuñ yzy bilen öz otagmyza gidip barýardym. Ol ýöräp-ýöräp biziñ otagmyzyñ gyrasyndaky otaga baryp, gapysyny açjak bolup yzyna seretdi we men ony yzarlap gelen ýaly boldy. Ol maña gaharly: ”Aý oglan näme siz meni yzyrlaýañyzmy?” diýip sorady. Depämden gaýnag suw guýlan ýaly bolup: “Ýok biziñ otagmyzam ine şu” diýdim. Ol ynanman gaharly: “Hany onda gapyny açyp, gir hany” diýip garaşdy. Menem: “Bor ynanmasañyz ine” diýip gapyny kakdym. Gapyny Muhammetali açdy, menem: “Şu meniñ dostum” diýdim welin, ýañky gyz utanyp ýüzi gyzaryp gitdi. “Wi
bagyşla” diýip ýylgyryp, otagyna girdi. Menem otagyma girdim we
aklyma diñe şol gyz hakda pikirler gelýärdi. Soňra günortanlyk wagty
boldy. Biz günortanlyk iýmäne oteliñ kafesyna bardyk welin, ýañky
diýýän gyzym öz maşgalasy bilen iýip-içip otyrdy. Bizem ýañy bir nahara oturdyk. Men ondan gözlerimi aýryp bilmän seredip durdym.
Soñra onuň maña gözi düşdi we “Salam” diýip dodaklaryny
gymyldatdy. Menem begenip, onuñ salamyny aldym we ýañy bir
Bismilla diýenimden onuñ çykyp barýanyny gördim.
3 лайков 119 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
kesirkelle
26 фев 2023, 19:59
Diñe yarym ýalta zatlar goyyañyz oydyan synlaýsymca