Ýagyş we deñiz

ÝAGYŞ WE DEÑIZ

Bilemok
Hazarmy,
Gulzummy,
Azow.
Parhy näme Egeými ýa Akdeñiz.
Belki-de ol Köpetdagyñ goýnunda
Million ýyl öñ gurap,
çöl bolup giden
Dünýäñ kartasynda ady ýok deñiz.
Bilemok
Wagty-da belli däl onuñ
Geçmişdemi,
Ýa şu günmi,
Ertemi.
Taryhdan owalmy
Taryhdan soñmy.
Bilemok
Dogrusy ruhy ahwalmy.
Ýa düýşdemi,
Huşda bolan hyýalmy...
Ýigdiñ däli köñli Ýuwaş umman deý
Yklymlañ ummasyz aralygynda
Bir asuda gije tolkunlarynyñ
Owazyna diñşirgenip öz-özi,
Ýassanyp ýatyrka kenarlaryny
Gökden nem dammaga hyýal edenmiş
Ençe aýlap görünmedik bulutlar
Sepelänmiş deñze monjuk deý ýagyş...
Bu ajap görnüşe gowgaly dünýäñ
Tutuksy ýüzleri bir para-pagyş
bolup, deñziñ şatlygyna şatlanan
Ýagyş bolsa öñküdenem batlanan
Umman ýüzün tutup gögüñ nuruna
Ýalap-ýuwdup tükederli dälmişin...
Asmandan nur bolup inen monjuklar
Gyjygyny tutdurýan deý hamala
Ummanyñ ýüzüni,
gözüni sypap,
Gerişlerni damja bilen owkalap
Soñam gujagyna siñip gidýärdi.
Deñze añsat däldi näzli ýagyşyñ
Bular ýaly senedine bäs etmek
Ýagşa bolsa barha lezzet berýärdi
Şory öz süññüne ötüşip giden
Däli deñzi ymsyndyryp özüne
Çyrpyndyryp,
çarp urduryp küýsetmek...
Dañ atdy.
Tebigat gara şalyny
Serpeninde Ýeriñ arka garnyna
Ýagyşyñ iñ soñky damjasyna çen
Sokga soran deñze huzur getirdi.
...Deñiz kenarynda iki ýaş juwan
Agşamky ýagyşyñ hezilin görüp,
Indem dañ sowguna buýmajak bolup,
Bir-birine gysmyljyrap ýatyrdy...

© Has TÜRKMEN.
1 лайков 100 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.