Rubagylar
Golaýlasaň,lala döndüm,dözmedim,
Bir zat diýse,diýendir-ä gözlerim.
Goşgularym joşup aýdanlam däl-de,
Meniň heniz ýetişmedik sözlerim.
* * *
Näçä ýetdi,dost,sagadyň dilleri?
Bagyşla,men saňa aýdyp bilmerin,
Sebäbi öňünden çykana buşlap,
Jar edersiň arasynda illeriň.
* * *
Ýokarlygna galgap barýan,eý,ýelek,
Saňa gelişmeýär perýat eýlemek!
Aýa-Güne gol uzadyp,diýipdir:
"Ýumurtgamdan bişirýärler heýgenek".
* * *
Aladaňdan turup,açyp gözümi,
Ylgaýan iki ýan,kylýan gezimi.
Ýaryşa goşulmak meýlim ýok asla,
Türgenleşýän ozmak üçin özümi.
* * *
Täze jaýyn ýuwup-syryp hepdede,
Ýaşaýardy aýaguçda-kepbede.
Ogry girdi welin...Baý,hasyr-husur,
Göçdi jaýa,bäş münde-de ýetmed-ä.
* * *
Gitjek günüm has öňünden saýlaýyp,
" Atam öýne baryp gaýtjak aýlanyp",
Diýip,gelniň aýdanyndan,mazaň ýok,
Şol pursatdan başlanýar-ow aýralyk.
* * *
Gowy oýnaýar zor futbolçy pökgüsiz,
Ylgamaly ýerin bilýär."Bök-de,süs!".
Öwredýärler.Güw berip dur stadion,
Janköýerler ýaly-la has ökdesi.
* * *
Maňa-da dil-agyz,saňa dil-agyz,
Haçana çen örtäp gezjek,bil,a gyz?!
Senden uly bir zat hantama däl men,
"Hoş" sözüni aýtsaň,ýetik,bir agyz.
Guldurdy Sähetdurdyýew.
Bir zat diýse,diýendir-ä gözlerim.
Goşgularym joşup aýdanlam däl-de,
Meniň heniz ýetişmedik sözlerim.
* * *
Näçä ýetdi,dost,sagadyň dilleri?
Bagyşla,men saňa aýdyp bilmerin,
Sebäbi öňünden çykana buşlap,
Jar edersiň arasynda illeriň.
* * *
Ýokarlygna galgap barýan,eý,ýelek,
Saňa gelişmeýär perýat eýlemek!
Aýa-Güne gol uzadyp,diýipdir:
"Ýumurtgamdan bişirýärler heýgenek".
* * *
Aladaňdan turup,açyp gözümi,
Ylgaýan iki ýan,kylýan gezimi.
Ýaryşa goşulmak meýlim ýok asla,
Türgenleşýän ozmak üçin özümi.
* * *
Täze jaýyn ýuwup-syryp hepdede,
Ýaşaýardy aýaguçda-kepbede.
Ogry girdi welin...Baý,hasyr-husur,
Göçdi jaýa,bäş münde-de ýetmed-ä.
* * *
Gitjek günüm has öňünden saýlaýyp,
" Atam öýne baryp gaýtjak aýlanyp",
Diýip,gelniň aýdanyndan,mazaň ýok,
Şol pursatdan başlanýar-ow aýralyk.
* * *
Gowy oýnaýar zor futbolçy pökgüsiz,
Ylgamaly ýerin bilýär."Bök-de,süs!".
Öwredýärler.Güw berip dur stadion,
Janköýerler ýaly-la has ökdesi.
* * *
Maňa-da dil-agyz,saňa dil-agyz,
Haçana çen örtäp gezjek,bil,a gyz?!
Senden uly bir zat hantama däl men,
"Hoş" sözüni aýtsaň,ýetik,bir agyz.
Guldurdy Sähetdurdyýew.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.