Bagyşla, eje!
Şygyr ýazman saňa aýtmalydym men,
Şu günlere çenli aýdyp bilmedik
hem aýdyp bilmejek sözlerim eje!
Mendäki hut seniň gözleriň eje!
Gar-ýagyşa dözsem-de men özümi
Saňa asla dözmedim, eje!
Men—dözmeziň, eje!
Menmi? Men—galama ýapyşan ogluň
içinde bäş jigerbendiň, perzendiň.
Eje, gursagyma şänik deý oklap,
Ýürek diýlen neneň, niçik zat berdiň?!
Sähel zada ejizläp dur gozgasaň,
Kalbym apy-tupan, beýnim gozgalaň,
Ol ýürege neneň edip döz gelem?!
Sähratap kalbymy göge uçuryp,
Şygryýete orun berip törümden.
Indem senden alyslarda, uzakda,
Özbaşyma goşgy ýazyp ýörün men.
Bir gün kalba salyp umyt-arzuwym,
Bararyn garaşman çagyraryňa...
Seň söýgi-mähirden gursagma salan
ýüregňi geçirdim çagalaryma.
Söýüp seniň beren ýüregiň bilen,
Gaýtalap kakamyň merd-u-dogmuny.
Söýgüden başga zat berip bilmedik,
Gözleriňden uçan uly ogluňy,
Ara wagt düşse-de, ötse-de niçe,
Bagyşla, eje!
Goçmyrat Orazberdiýew
Şu günlere çenli aýdyp bilmedik
hem aýdyp bilmejek sözlerim eje!
Mendäki hut seniň gözleriň eje!
Gar-ýagyşa dözsem-de men özümi
Saňa asla dözmedim, eje!
Men—dözmeziň, eje!
Menmi? Men—galama ýapyşan ogluň
içinde bäş jigerbendiň, perzendiň.
Eje, gursagyma şänik deý oklap,
Ýürek diýlen neneň, niçik zat berdiň?!
Sähel zada ejizläp dur gozgasaň,
Kalbym apy-tupan, beýnim gozgalaň,
Ol ýürege neneň edip döz gelem?!
Sähratap kalbymy göge uçuryp,
Şygryýete orun berip törümden.
Indem senden alyslarda, uzakda,
Özbaşyma goşgy ýazyp ýörün men.
Bir gün kalba salyp umyt-arzuwym,
Bararyn garaşman çagyraryňa...
Seň söýgi-mähirden gursagma salan
ýüregňi geçirdim çagalaryma.
Söýüp seniň beren ýüregiň bilen,
Gaýtalap kakamyň merd-u-dogmuny.
Söýgüden başga zat berip bilmedik,
Gözleriňden uçan uly ogluňy,
Ara wagt düşse-de, ötse-de niçe,
Bagyşla, eje!
Goçmyrat Orazberdiýew
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.