Ýogalan bir oglanyň gündeliginden...
(Hakyky bolan waka) 1-nji bölüm
Men ölmänkäm ýaşan gysgajyk ömrümi, başdan
geçirmelerimi, duýan duýgularymy siz bilen paýlaşmak isledim. Kim
bilýär bu ýazgymy kim okar, kim okamaz. Bu ýazanlarymy öz
başyñyzdan geçen bolsa “Näme ederdim” diýip pikirler ediñ, şonda öz
ýaşaýan durmuşyñyzyñ, wagtyñyzyñ gadryny bilersiñiz. Her wagt öz
öljegiñizi ýatdan çykarmañ! Size ertir näme boljagyny bir Alla bilyär.
Menem özime bu bela geljegine garaşamokdym, bilemokdym. Ýöne bir
gün kelläñ agyryp lukmana ýüz tutañyzda, ol size bejerip bolmajak Rak
keseliniñ bardygyny aýdanda siz näme ederdiñiz?! Eger basym öz
öljegiñizi bilseñiz, günde her minut ýadyñdan çykaryp bilmän, gorkup
güniñi sanap, her bir minudyñ gadryny bilersiñ. Alýan demimizi hem
yzyna beryän bolsak, bu dünyäde hiç zat özimiziñki däldir. Bu
bedenimiz hem amanatdyr, onam yzyna bermelidiris. Şonuñ üçin o
dünyäni köpräk ýatlañ, biziñ soñumyz şoldur.
Men öz basym ölýänimi bilen günim durmuşym üýtgedi. Ol gün dünyä
başga göz bilen seredip başladym. Öz isleglerime, arzuwlaryma nokat
goýdym. Haçanda mende şol keseliñ bardygyny bilen wagtym ýüregim
diñe ene-atama gyýyldy. Olardan aýra düşmek hakda öñ pikir edemokdym. Özimiñ basym ölýänime diňe şonda gynandym. Sebäbi
ene-atañ ýaly seni söýýän adamlar hiç ýerde ýok. Meniñ ejem bu
ýagdaýy eşidende lukmana ynanmaýardy. Ol gözlerime seredip ýüregi
para-para bolup aglaýardy, hernä öz çagasy, öz dünýä getiren ýekeje
perzendi. Maňa ejemiñ gözýaşlaryny görmek agyr degýärdi. Mende diñe
ejem bilen kakam bardy, jigim doganym ýokdy. Ýöne doganym ýaly
görýän Muhammetali diýip dostum bardy. Bulardan aýry düşesim
gelenokdy, günde gijeler ýatman aglaýardym. Kakam bolsa meni gorajak bolup jañ etmedik, haýyş etmedik adamlary galmandy. Men öz
ejemjany köşeşdirmek üçin özümi elimden geldigiçe şadyýan alyp barýardym. Bu gysga ömrümde nämeler etsemkäm diýip pikirler
etýärdim. Men öz derdimi biri bilen paýlaşmak isledim. Dostum Muhammetalyny çagyryp oña öz nämeler duýýandygymy aýtdym. Ol meni gujaklap gözlerinden ýaşlar akdy. Sebäbi onuňam menden başga ýakyn dosty yokdy. Ol näme iş etse meniñ bilen maslahatlaşýardy, meni gowy görýärdi. Ol maña ýatdan çykmajak pursatlary sowgat etdi. Ol iki sany Awaza gitmek üçin samalýoda bilet alypdyr. Men oña begendim
we oña razy boldum. Biz iki bolup deňze dynç almana gitdik. Şol ýerde men ilkinji we iň soñky söýgime duşdym.
Biz “Hasyl” otelyna bardyk, öz otagmyza girdik.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.