Gargalara gülki bolan bilbil men...

Ýaşamadym il ýaşanja şekilli,
Mekanym ýer bilen aýyň arasy.
Bägüle meňzetmen, däldiň tikenli,
Sen söýen kalbymyň orhideýasy!

Gargalara gülki bolan bilbill men,
Sorap görseň: barypýatan güňmişim.
Şu görnüşe - şol gülümsiz geldim men,
Olar üçin suwotu-da gülmişin.

Gussalaram meň üstüme hekgerdi
Ýol ýitirdim.
Ýitdi durmuş matlabym.
Owazymy ýerdäkiler ýek gördi,
Doga bilen arşa gitdi hatlarym.

Hiç bir ýagtysy-da gerek däl - Günüň,
Ýetik - bolsa, her bir aýtjak sözleň şem.
Dünýäm sowuklygna gamlanma, Gülüm!
Dogabitdi sowuk bilen öwrenşen.

Duýgularym ykmanda deý gezmesin,
Dowam etjek ýalňyzlygyň ýolun kes!
Dyman ýürek yşga joşup sözlesin,
Yşgyň bilen kapasaňa salsaň bes!


Ylham GURBANALYÝEW
02. 2023.


***
Kemçiliklerini aýdaýyň. Esasanam nokat, otur, kese çyzyk ýaly ýerlerni.
13 лайков 283 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
20 фев 2023, 20:37
Mendenä saňa kömek bolmaýmasa. Otur, nokadyň nämedigini bilmeýänim üçin agardy dil-edebiýat mugallymymyň saçy )
Massimus
20 фев 2023, 21:24
Bägüle meňzetmen, däldiň tikenli,
Sen söýen kalbymyň orhideýasy!

Brawo?
Arhideýaň tikeni ýokmuka?!
Öwreniji
20 фев 2023, 23:04
Massimus
Bägüle meňzetmen, däldiň tikenli,
Sen söýen kalbymyň orhideýasy!

Brawo?
Arhideýaň tikeni ýokmuka?!

Ýeke täk owadan we gadymy tikensiz gül bolmaly, ýalñyşmasam dinozawyrlar döwründen bäri gelýän diýip bir ýerde okapdym
Nury
21 фев 2023, 00:07
,,Gargalara gülki bolan bilbil men"
Berekella, gaty gowy, mundan beýlägem üstünlik!
Eger isleýän bolsaňyz, orfografik ýalňyşlar barada bildigimden aýtsam, şeýleräk:
,,Gargalara gülki bolan bilbill men,,
,,bilbil" bolmaly,
,,Sorap görseň: barypýatan güňmişim"
Dogrusy: ,,güňmüşim",
,,Olar üçin suwotu-da gülmişin"
,,suwoty-da" , ,,gülmüşin" bolmaly;
Nury
21 фев 2023, 00:09
,,Mekanym ýer bilen aýyň arasy"
Dogrular: ,,Ýer" , ,,Aý"
Venus
Автор 21 фев 2023, 01:32
Remezan,
Dünýäde dörän ilkinji açan gül orhideýamyşyn. Şonuň üçinem birine orhideýa bermek " Sen meniň dünýämde ilkinji açan gülsiň" diýen manyny berýämiş.
Venus
Автор 21 фев 2023, 01:34
Nury Sakçy,
Minnetdar. Sagboluň.
Serediň ýöne "suwotular"diýlip ýazylýan eken. Şondan " u " goýdum. Hemem "ll"basylyp gidipdir. Ünsem bermändirin. Sagboluň şoňa-da.
Nury
21 фев 2023, 07:28
Dogry, ,,suwotular" diýlip ýazylýar, ýöne bu ýerde ,,-da" ownuk bölegi bolandygy üçin, dodaklandyrylman ,,suwoty-da" diýlip ýazylýar. Eger bu ýerde -da ownuk bölegiň hyzmatyny ýerine ýetirmän, wagt-orun düşümiň hyzmatyny ýerine ýetiren bolsady, onda dodaklandyrylyp, ,,suwotunda" ýa-da ,,suwotuda" diýlip ýazylardy.
(Kän gürledimem welin, nätjek orfografiýanyň düzgünleri şeýle...)
Venus
Автор 21 фев 2023, 08:14
Nury Sakçy,
Ýok, beýle diýmäň. Minnetdar, sagboluň!
Yusupahmet93
21 фев 2023, 13:36
Venus23
Nury Sakçy,
Ýok, beýle diýmäň. Minnetdar, sagboluň!

Nury Sakçy dogry aýdýar. Turkmen dilinde köp sözüň ýazylyş-şol sanda aýdylyş -düzgünleri biraz üýtgäp durýar.
Yusupahmet93
21 фев 2023, 13:39
Elbetde, goşulma goşulan halatynda.
Owrenyan
21 фев 2023, 15:30
GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...
(Ylham Gurbanalyýewiň goşgusynyň çepbesine çöwrülmesi :-) ýa-da men Google Translate bolan bolsam Ylhamyň goşgusyny türkmençeden türkmençä nähili terjime ederdim :-))

Ýasamadym şekil ýasanja pilli,
Ýerim Aý bilen Ara:ň mekansy.
Meňzede tiketmen bägüldiň däli,
Arhideýaň kalbynyň sen söýensi!

Gargalara bilbil bolan gülki men,
Güňläp görseň: sorapýatan barmyşym.
Görnüş şola – şu gelimsiz güldüm men,
Gül olara üçinem suwotymyşyn.

Hekgerenlerem meň üstüme gussalady,
Ýil ýoturdym.
Durmuşym, ýit matlady.
Ýekdäkiler ýerzimi owazlady,
Hatlady git bilen arşa dogalarym.

Gün gerek däl ýagtysy-da bir hijiň,
Şem sözse her aýtjak bir ýetigem.
Güllenme dünýäligňe Sowuklyjam!
Öwrenilen sowukbitdi dogalygam.

Ykmandalam gezme deý duýgumasyn,
Ýolum etjek ýalňyzlygam dowam kes!
Ýüreksin yşgyp joş dymansyn,
Kapasaň bilen yşgysaň salgyň bes!

Postskriptum deregine haýyş: Gaty görmeşek ýokdan we degişmä dogry düşünmeşekden :-).
Nury
21 фев 2023, 15:54
Owrenyan
GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...
(Ylham Gurbanalyýewiň goşgusynyň çepbesine çöwrülmesi :-) ýa-da men Google Translate bolan bolsam Ylhamyň goşgusyny türkmençeden türkmençä nähili terjime ederdim :-))

Ýasamadym şekil ýasanja pilli,
Ýerim Aý bilen Ara:ň mekansy.
Meňzede tiketmen bägüldiň däli,
Arhideýaň kalbynyň sen söýensi!

Gargalara bilbil bolan gülki men,
Güňläp görseň: sorapýatan barmyşym.
Görnüş şola – şu gelimsiz güldüm men,
Gül olara üçinem suwotymyşyn.

Hekgerenlerem meň üstüme gussalady,
Ýil ýoturdym.
Durmuşym, ýit matlady.
Ýekdäkiler ýerzimi owazlady,
Hatlady git bilen arşa dogalarym.

Gün gerek däl ýagtysy-da bir hijiň,
Şem sözse her aýtjak bir ýetigem.
Güllenme dünýäligňe Sowuklyjam!
Öwrenilen sowukbitdi dogalygam.

Ykmandalam gezme deý duýgumasyn,
Ýolum etjek ýalňyzlygam dowam kes!
Ýüreksin yşgyp joş dymansyn,
Kapasaň bilen yşgysaň salgyň bes!

Postskriptum deregine haýyş: Gaty görmeşek ýokdan we degişmä dogry düşünmeşekden :-).

,,Google Translate bolmanyňyza şükür edýän, ýogsam bar kişiň türkmençä hemem goşga bolan hemme höwesini alardyňyz" diýsem gaty görmeşek ýokdur we degişmä dogry düşünmeşekden.
(Ýöne her ,,oýun etdimiň" aňyrsynda bir hakykatam bar-da...;)