Gel gyz

Gel gyz bu bagtyma bol sen sebäpkär
Menem seni bagtly edeýin ömürlik
Bagtly bolmana juda sebäp kän
Gitme gözel gursagymdan sogurlyp

Gelişiň ömrüme iň uly öwrüm
Durmuşymy bagta tarap öwürdiň
Ýylgyrşyňa joşup gaýnady göwnüm
Entek mende ýaşalmadyk ömür sen

Gel ýumur sen gussalarmyň binasyn
Döredeli bile başga dünýäni
Gel sen meni sensizlikden halas et
Soň ýaşabereli başgalar ýaly

Sen maňa sowgat et gaýgy hem gülki
Saňa bolan söýgüm soňlanmasynla
Gitseň goşgylarym jemlener belki
Gitme bu goşgymam jemlenmesinle

Gerçeknazar Amannazarow

(08.02.2023)
6 лайков 209 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
08 фев 2023, 08:50
Entek mende ýaşalmadyk ömür sen

Oýlandyryjy
Suleyman
08 фев 2023, 12:23
Gyz seniň ýanyňa gelmelimi?
RelaX
08 фев 2023, 13:07
Oglan owadan bolsa gyz oglana galyñ tölemeli diýip eşitdim
#B.S
08 фев 2023, 13:58
setdars,
Iň ýigrenýän şahslammyň sanawynda birinji orunda dur şony aýdan adam.
RelaX
08 фев 2023, 15:03
Khanture,
ai hawa kelesi gowy adam beýle söz aýtmazdy
Perman Izakow
08 фев 2023, 18:13
Gyzlar Baylyga gyzya diyen sozem garyp adam oylap tapan diyyami)
Gerceknazar
Автор 08 фев 2023, 20:35
Dark_Wolf
Gyz seniň ýanyňa gelmelimi?

Ýanymdan gitmese bolýar.
Öwreniji
08 фев 2023, 22:05
Sorag ömürlik bagtly etmek üçin näme etmeli??
Gerceknazar
Автор 08 фев 2023, 22:14
Remezan
Sorag ömürlik bagtly etmek üçin näme etmeli??

Ömürlik söýmeli,sylamaly...
Edepli Gödek
08 фев 2023, 22:46
Tüweleme!
Şeýleräk dowam edegör agam. Gpz degäýmesin. Has gowy ýaz mundanam
Edepli Gödek
08 фев 2023, 22:46
*Göz
Gerceknazar
Автор 08 фев 2023, 23:04
_Bayat
Tüweleme!
Şeýleräk dowam edegör agam. Gpz degäýmesin. Has gowy ýaz mundanam

Sag boluň medet beriji sözleriňem bar ekenä