Halypanyň huzurynda
Duýýan golaýymda Seniň barlygyň,
Eşidýän kümüş hasaň tyrkyldysyny,
Hem halkyň gursagna sygdyryp giden,
Seň Äpet Ýüregiň tyrsyldysyny.
Ýöne gözlerim-ä görünmeýärsiň.
Nämüçin, nämüçin görünibereňok?!
Görünmel däl bolsaň, görünme, Şahyr!
Görmänim bilen men urunyberemok.
Ýöne köpler seň şägirdiň ekeni,
Köplere Sen Ak pataňy beripsiň.
Gije-gündiz gözlerine görünip,
Düýşlerine, huşlaryna giripsiň.
Belki öňe-öňe süýşensiň şumat,
Öz kütelşen gözleriňe ynanman.
«Halypam» diýmäg-ä hakym bar welin,
«Şägirdiň» diýmäge hakym barmykan?!
Haýran galyp, seredýänsiň ýylgyryp,
Jibrinipler jyzyrdaýan Laçyna.
Kümüş kirpikleriň gyrpyldadyplar,
Has ýakyn gelensiň ynanman çyna.
Kitaplaryň dur tekjede gum basyp,
Haýran, illeň wagt tapyp okaýşyn.
Ýalan sözläp, näm edeýin, eý, Şahyr,
Goşgularňy mekdepdäki okaýşym!!!
Eý, Huda-a-aý, şygyrlaň ýaňlanýar serde.
Meň göwrämiň bir ýerinde barsyň SEN!
Toba etdim!
Öt, günämi!!!
Ömürlik—
Bu ilime, bu äleme ýarsyň SEN!
Belki-de Sen gursagyma gor atyp,
Ümbilmez çagakam berensiň pata.
...Ak lybasyň ak şemala ykjadyp,
Ak gaşlaryň gerip, ýylgyrýaň gaýta...
Ikelläp, gysymlap, kümüş hasaňy,
Ýerden biraz daşlaşdyrsaň arasyn.
Söýenmäni, direnmäni unudyp,
Diňe maňa, diňe maňa garasaň,
Çepiksizje göwräň sandyradyplar,
Ýylgyrsaň, gözleriň aýyrman menden.
Häk, şo pursat gözleňden ýaşam akaýsa,
Armanym ýok onsoň, Halypam, Senden!!!
Laçyn Pürjäýewa
17.05.2000ý.
Eşidýän kümüş hasaň tyrkyldysyny,
Hem halkyň gursagna sygdyryp giden,
Seň Äpet Ýüregiň tyrsyldysyny.
Ýöne gözlerim-ä görünmeýärsiň.
Nämüçin, nämüçin görünibereňok?!
Görünmel däl bolsaň, görünme, Şahyr!
Görmänim bilen men urunyberemok.
Ýöne köpler seň şägirdiň ekeni,
Köplere Sen Ak pataňy beripsiň.
Gije-gündiz gözlerine görünip,
Düýşlerine, huşlaryna giripsiň.
Belki öňe-öňe süýşensiň şumat,
Öz kütelşen gözleriňe ynanman.
«Halypam» diýmäg-ä hakym bar welin,
«Şägirdiň» diýmäge hakym barmykan?!
Haýran galyp, seredýänsiň ýylgyryp,
Jibrinipler jyzyrdaýan Laçyna.
Kümüş kirpikleriň gyrpyldadyplar,
Has ýakyn gelensiň ynanman çyna.
Kitaplaryň dur tekjede gum basyp,
Haýran, illeň wagt tapyp okaýşyn.
Ýalan sözläp, näm edeýin, eý, Şahyr,
Goşgularňy mekdepdäki okaýşym!!!
Eý, Huda-a-aý, şygyrlaň ýaňlanýar serde.
Meň göwrämiň bir ýerinde barsyň SEN!
Toba etdim!
Öt, günämi!!!
Ömürlik—
Bu ilime, bu äleme ýarsyň SEN!
Belki-de Sen gursagyma gor atyp,
Ümbilmez çagakam berensiň pata.
...Ak lybasyň ak şemala ykjadyp,
Ak gaşlaryň gerip, ýylgyrýaň gaýta...
Ikelläp, gysymlap, kümüş hasaňy,
Ýerden biraz daşlaşdyrsaň arasyn.
Söýenmäni, direnmäni unudyp,
Diňe maňa, diňe maňa garasaň,
Çepiksizje göwräň sandyradyplar,
Ýylgyrsaň, gözleriň aýyrman menden.
Häk, şo pursat gözleňden ýaşam akaýsa,
Armanym ýok onsoň, Halypam, Senden!!!
Laçyn Pürjäýewa
17.05.2000ý.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.