,,Köçâmizden gecip baryar adamlar..."
Köçämizden geçip barýar adamlar.
Käbiri şadyýan, käbiri gamgyn.
Nämüçin şadyýan? Nämüçin gamgyn?
Bilesin gelse-de, soramasy kyn.
Asyl, sorap ýörmek gerekmikä bir?
Kişin gizlin syry nämäne derkar?
Dogmak bar, ölmek bar...
Ýöne dünýäde
Näçe diýsen başga sebäpler-de bar.
Köçämizden geçip barýar adamlar.
Käbiri şadyýan, käbiri gamgyn.
Emma şat gamlanyp,
gamly şatlanyp –
Tersine bolmaly bolmagam mümkin.
Bar, sen sebäbini sorapmyşyňam,
Bar, bilipmisiňem. Näm etjek onsoň?
Ýok, sen bilmelisiň etjek zadyňy,
Bilmelisin şahyr bolmakçy bolsaň.
Awtory: Kerim Gurbannepesow.
Käbiri şadyýan, käbiri gamgyn.
Nämüçin şadyýan? Nämüçin gamgyn?
Bilesin gelse-de, soramasy kyn.
Asyl, sorap ýörmek gerekmikä bir?
Kişin gizlin syry nämäne derkar?
Dogmak bar, ölmek bar...
Ýöne dünýäde
Näçe diýsen başga sebäpler-de bar.
Köçämizden geçip barýar adamlar.
Käbiri şadyýan, käbiri gamgyn.
Emma şat gamlanyp,
gamly şatlanyp –
Tersine bolmaly bolmagam mümkin.
Bar, sen sebäbini sorapmyşyňam,
Bar, bilipmisiňem. Näm etjek onsoň?
Ýok, sen bilmelisiň etjek zadyňy,
Bilmelisin şahyr bolmakçy bolsaň.
Awtory: Kerim Gurbannepesow.
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.