Derýa boýunda

DERÝA BOÝUNDA

Dünýäniñ bar gözelligin özünde
Jemlän gyz derýanyñ boýuna çykdy.
Derýa bolan guwanjy bar gözünde,
Durup, tolkunlara nazaryn dikdi.

Gyzy gören derýa kükredi batly,
Dälilik bar her tolkunyñ urşunda.
Çyrpynyp akyşy örän haýbatly,
Belki, "Jeýhun" ady galandyr şonda.

Derýañ möwç urmagnyñ sebäbin duýup,
Gyz usullyk bilen aşak oturdy.
Köwşüni çykaryp, kenarda goýup,
Mele suwa aýaklaryn batyrdy.

Derýa ýene öñki kaddyna geldi,
Tolkunlar ýok boldy çöken deý aşak.
Ol ajaýyp gyzdan razy boldy;
Päkize aýagyn sypalap, ogşap.

Şyhmyrat ABDYLLAÝEW.
5 лайков 108 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.