Ylham perişdesi

YLHAM PERIŞDESI

Aý dolupdyr. Hijri aýyñ on dördi.
Müşk sepinip çykar ýene bu agşam.

...Ir agşamdan tylla saçlaryn ördi,
zer ýyldyzly mawy ýaglygyn dañşam,
kümüş çalnan ýañaklaryñ gülmesem,
balkyldap-balkyldap bakyşam maña.
Kalbymyñ gözüni ýumup bilmesem,
men näme diýeýin, akylym saña?!

Bir del duýgy ornap maña ebedi,
ýüregim hasratda,başym heserde.
Dünýede düýş deýin duýgyñ lezzeti
Oraşan pikiri oýarýar serde.

Altynjy duýgyny galyñ deý töläp,
Aýy arşdan satyn aldym başbitin.
Huşum göçüp,diwana deý düldüräp,
gaýtargymam seçip gaýtdym ahbetin.

Dolan Aý meniñki,
men ony yrdym,
synla Aýyñ meñ üçin nur saçyşyn.
Bu ýöne goşgy däl, düşnüksiz syrdyr
hem hiç haçan meñ aýtmajak açyşym.

Dolan Aýly gijeleri ömrümiñ
Aýa aýdyp herne ýürekde barym,
göýä durkum teleskopa öwrülip,
çölüñ gurdy bolup Aýa bakýaryn.

Aý maña asmanyñ syryny açýar,
Aý syrymy açýar içimde ýatan.
Men Aýa bakýaryn Türkmenistandan,
ol bolsa gözlermi edindi watan.

Dolan Aýmy?!
Aý – bu ýöne baglanşyk.
Aýdanam añyrdan gerip perlerin,
ýelek deý melekler gelýär galgaşyp,
Aý – bu duralgasy perişdeleriñ!

Melekleñ nurundan lowurdaýar Aý,
asmanda asylan süýtçyra deýin.
Arşdan inen perişdeleñ birisi
Zemine gondy-da uzatdy meýin.

Owurtladym...
Tursam gözüm gözünde,
gözüm ýumsam ýüregimde ýüregi.
/Perişdeler söýüp bilmeýär ahyr,
ölmeýärem ol näm etsin ýüregi?!/

Barybir howada nepesin aldym,
Barybir duýdum men aýak sesini.
Eý,dünýäñ ýüpünden boşadan,zyba,
nirede sen,nirden gözläýin seni?!

Ylham perişdesi!
Hüýr gollañ bilen,
perdesini sy:rdyñ maña uçmahyñ!
Maña şeýle uly söýgi berseñ-de,
düşünmedim,men näm üçin uçmadym?!

Bilemok,nirede saña sataşdym,
bilmedim, bu derde uçradym haçan?!
Senmidiñ ýa meni dünýä ugradan,
hemem gelip maña munda garaşan?!

Seni duýýan – goşgy gelýär kalbyma,
seni duýýan – yşky gelýär jennetiñ.
Sen sekiz behişdiñ eşret-aýşyny,
duýgy bilen ýüregimde jemlediñ.

Meni hiç gyz sen deý bendi eýlemez,
golaýymda seniñ barlygyñ duýsam.
Aklymy alsa-da, almaz añymy
gül suwna ýugrulan sabynyñ ysam...

Hol Aýam meñ üçin elýetmez Aý däl,
oña barýan duýgyñ açary mende.
Ýeriñ dartyş güýjem ugrun ýitirip,
oklan goşgularym gaçar belende.

Bilemok,saçlaryñ ýaýyp ýörmüsiñ,
bilemok,haýsy reñk geýinen hülläñ?!
Ýöne başym tutup,saçym penjeläp,
elewräberýärin sen gelen pilläñ.

Ylham perişdesi, perişdejigim!
Ylham kepäp, golda galamym dursa,
gamyş ganat,ak türpek şüñkar deýin,
göter aşyk göwnüm dünýe taýdyrsa.

Sen gitmersiñ bu diýaryñ goýnundan,
görýän çagyñ aşyklaryñ barlygyn.
Sen gitmersiñ behişt küýsäp asmana,
duýýan çagyñ ýurduñ bagtyýarlygyn.

Ylham perişdesi...
Men ony yrdym,
duýýan onuñ pyşyrdaýşyn näz bilen.
Ol hiç haçan gitmez Türkmenistandan,
“Ylham”seýilgähin söýýär ol, hemem
duýýan emaý bilen Erem bagynyñ
ätiýaç gapysyn maña açyşyn.
Bu ýöne goşgy däl, düşnüksiz syrdyr,
hem hiç haçan meñ aýtmajak açyşym.

Ganat ýaýyp söýgä gonýar melekler,
Ýürek – olañ labyr taşlaýan porty.
Arş üstünde dursalar-da hasapda,
Goşgudyr olaryñ baky pasporty.

Seýitmyrat GELDIÝEW.
8 лайков 114 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
21 фев 2023, 11:28
Ahyr goýduñ minnetdar
Pegas
21 фев 2023, 14:33
“Suw peri”-sem gowy bolmaly.
Aksary
Автор 21 фев 2023, 14:52
Pegas,
Tetislimi?
Pegas
21 фев 2023, 14:54
Aksary.
Pegas,
Tetislimi?

Düşünmedim?
Aksary
Автор 21 фев 2023, 15:42
Pegas,
Şol suw perisinde Tetis atly deñiz bolmaly gerek?
Pegas
21 фев 2023, 15:47
Aksary.
Pegas,
Şol suw perisinde Tetis atly deñiz bolmaly gerek?

Ýadyma düşmedi deňiz ady)