♦ ♦ ♦

Men talyp ýyllarym kitaphana köp gatnaýardym. Diñe bir sapaklaryma degişli kitaplary okamak bilen çäklenmän, türkmen taryhyna degişli gyt kitaplary hem ürç edip okardym.
Bir gezek kitaphanada kitap okap otyrkam, ýaşlary könelişen, gözleri äýnekli bir rus adamsy maña tiñkesini dikip bir eyläk geçdi, bir beyläk geçdi.

Men ona üns bermedim, kimdir birine meñzedýändir diyip çakladym, ol goja ahyry ýanyma gelip, yene tinkesini dikdi. Men gindirin weli, onun bolşuny halaman: -Atam, näme, tanajak bolýaňyzmy? - diýip, her hal
sypayyçylyk etdim.

Tanajak bolýan ogul, tanajak bolýan, arman, gözler çönnelipdir. Men gojany kemsiz synlaýaryn, tangyram bolsam, yadyma düşenok. Emma bu kişi bilen men soň otluda içgin tanyşdym.

Goja:

- Eger men ýalňyşaýsam yüregim çatlar, eger yalnyşmasam, yene yüregim çatlar! Ya Alla, menlik bol! - diýip, hamana tutuş ömrüne dalaş edýän töwekgelligine yüz urýan dek, sag goluny aşak ýatyrdy: - Sen kim bolsaňam, Atamyrat Annanyýazyň ogly bolmaly!

Dogrusy, meniň depämden bir bedre gyzgyn suw guylan ýaly boldy, ýüregim jigläp gitdi. Kakamyň adynyň tutulmagy, onda-da bütinley ýat adam tarapyndan tutulmagy meni lerzana saldy...

Tansyp otursam, bu professor kakam bilen bir yerde gulluk edip, bir döwüm çöregi paylaşyp iýip, duşmanyň okuna bile döşüni geren adam eken. Biz bu kişi bilen gahrymançylykly, pajygaly uruş barada, soňky döwür barada köp gürrüň etdik. Ol görgüli kakamyň yzyny derňäp Aşgabada iki ýola hat ýazyp, maglumat sorapdyr. Ikisinde de «> diýsem, «Men özümi gorasam çagalarymy kim gorar?!» diýerdi. Ol şir bolup söweşerdi...

Goja kişi pajygaly bir söweşde tutuş bölümin daşynyň gabawa alnyp, ýesir düşmäge mejbur bolandygyny jikme jik gürrüň berdi.

Biz yesir düşmeli bolduk... Ony biz çözmedik, bizden yokardaky ýolbaşçylarymyz çözdi. Geçen uruşda beyle ýagdaýlar gaty köp bolupdy. Onda esgerlerin günäsi yokdy. Emma şonda-da seniň kakaňa ýesir düşdi diýip bolmaýar. Seniň kakaň Atamyrat ýesirligiň ilkinji pursatynda kommunist hökmünde atyldy. Kakaň kommunistlerçe, merdanalyk bilen ölüme döşüni germegi başardy. Hawa, Saparmyrat jan, Iudanyň Isany satyşy ýaly, seniň kakany hut obadaşlary satdylar.

Seniň kakaň gahrymandy, hakyky gahrymandy. Men onun bir söweşdäki gahrymançylygyny beyan edip eser yazdym, men ýazyjy däldim, ýöne yazman bilmedim. Dostumyň söweş edermenligini dünýä yaýasym gelip ýazdym, onuň ruhunyň öňünde jogapkärligim üçin yazdym.
«Mosfilmdäki» tanyşlarymyň birine okatdym. Kinorežissyoram, kinostudiýa-da ony gaty halady, emma olar in soňky pursatda:
Baş gahrymany gruzin ýigidi edip üýtgetmesek bolmaýar, türkmen diýsek, ony hiç kim tanamaýar diydiler.
Iwan Semyonowiç uludan demini aldy, elýaglygyny çykaryp, äýnegini süpürip, ýaňadan geydi:
-Men olara-da düşünýän... Stalin zamanasydy. Emma men baş gahrymanyň üýtgedilmegine garşy bolup, eserimi yzyna aldym... Saparmyrat jan, oglum, kakaň hakyky gahrymandy, onuň ykbalyny, söweş yoluny hökman öwrengin...

Dowamy bar...
2 лайков 137 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.