Durmuşyñ oýnyn...
Garnyň açka gury nanam bal ýaly,
Gaýgyň ýokga,ähli zadam gül ýaly.
Mähir sözde, däli göwün köl ýaly,
Geň görmäň dostlarym,durmuşyň oýnyn.
Dosty iş üstünde,tanamak aňsat,
Köp bilmişiň aglap,gülmesi aňsat.
Görülmedik ýerler,gözlere geň zat,
Geň görmäň dostlarym,durmuşyň oýnyn.
Köp adam mähirli,içi bir möjek,
Jan alyjy gözler,pyçaksyz soýjak.
Köp kişi özüni belentde saýjak,
Geň görmäň dostlarym,durmuşyň oýnyn.
Köp ynsan,köp bilip,azyndan galar,
Nebsine daş atan,duzyndan galar.
Köpleriň öz göwni,özünden galar,
Geň görmäň dostlarym,durmuşyň oýnyn.
Ganatsyz guş ýok,arzuwçyl adam,
Dostlarym ýalňyşmaň,ters urmaň gadam.
Wagty bilen sönýä, ojakda odam,
Geň görmäň dostlarym,durmuşyň oýnyn.
Awtory näbelli
Gaýgyň ýokga,ähli zadam gül ýaly.
Mähir sözde, däli göwün köl ýaly,
Geň görmäň dostlarym,durmuşyň oýnyn.
Dosty iş üstünde,tanamak aňsat,
Köp bilmişiň aglap,gülmesi aňsat.
Görülmedik ýerler,gözlere geň zat,
Geň görmäň dostlarym,durmuşyň oýnyn.
Köp adam mähirli,içi bir möjek,
Jan alyjy gözler,pyçaksyz soýjak.
Köp kişi özüni belentde saýjak,
Geň görmäň dostlarym,durmuşyň oýnyn.
Köp ynsan,köp bilip,azyndan galar,
Nebsine daş atan,duzyndan galar.
Köpleriň öz göwni,özünden galar,
Geň görmäň dostlarym,durmuşyň oýnyn.
Ganatsyz guş ýok,arzuwçyl adam,
Dostlarym ýalňyşmaň,ters urmaň gadam.
Wagty bilen sönýä, ojakda odam,
Geň görmäň dostlarym,durmuşyň oýnyn.
Awtory näbelli
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.