Dostlarym...

Nomer berip, "problemmañ bolanda,
ýeke gezek aýlaý" diýen dostlarym.
"Hol gözelleñ haýsyn ýürek islese,
Yryp berjek saýlaý" diýen dostlarym

"Söz berýäris toýlaryñda, ýasyñda,
Dik durarys hökman" diýen dostlarym.
"Agyryñ duýulsa eger başyñda,
Bolarys biz Lukman" diýen dostlarym.

Jañ etdim bir günem hemaýat isläp,
Başyma iş düşüp gözýaş jürledi.
"Abonent öçürlen" diýip näz bilen
Deregñize bir gözel gyz gürledi.

Goý sizli geçmesin meniñ ýaslarym,
Iň bolmanda toý:ma geliñ dostlarym.
12 лайков 487 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
Автор 08 янв 2022, 09:41
Kerim Hally
myhman
08 янв 2022, 09:53
Berekella brawo
Ejegyz.
08 янв 2022, 10:04
Like++
Yurek lukmany
08 янв 2022, 10:16
dost gaty gowy goshgy .
GuljemilE
08 янв 2022, 10:28
Govy goşgy
Aýnur
08 янв 2022, 10:31
Ady dost diýsene....
aika
08 янв 2022, 10:36
govy goshgy+++ brawo
Asyrow_Danco
08 янв 2022, 11:34
brawo brawo brawobrawobrawo: likee
Pegas
08 янв 2022, 13:56
"Abonent öçürlen" bolsa, näme üçin gaty görmeli dostuňdan? Jaň açyk bolubam, alynmasa, ana, onda gaty görse bolar.
Hemem "gyz yryp berjek, saýlaý" diýýän dost nirede barka?
Woobşe nädogry zat ündelýär goşguda.
Ejegyz.
08 янв 2022, 14:14
Pegas,
Kerim Halla jaň edip ayt
Merdan
08 янв 2022, 14:16
[+]
Enesh
08 янв 2022, 20:07
like
Ahmet
08 янв 2022, 22:50
Pegas dogry aýdýar, biderek goşgy. Onsaňam özüniňkimi ýa munsam ogurlykmy?!
Ahmet
08 янв 2022, 22:51
Nämesine like goýjak muň? Dislike!
Döwlet Şöhradow
Автор 09 янв 2022, 00:42
Цитата: Ahmedik_97
Nämesine like goýjak muň? Dislike!

Dogry aýdýaňaý agam bas bas, barmak özüňki.
Şu dogry zady ýüzüme aýdýanlary halaýan, minnetdar brawo
Belki
09 янв 2022, 08:00
Poeziýany aýak astyna düşürenlerden birem şul oglan bolsa gerek.
1.Problemma diýen gulaga ýakymsyz rus sözi goşguñ bar şahyranalygyny (şahyranalyk ýok diýen ýaly welin bolanjasynam) alypdyr.
2.Gözelleri yryp berjek diýip aýdýan dost ýok (pegasam aýdypdyr)Biri ýalñyşyp diýäýende-de bu pikir gowy pikir däl.Asla muny etmek bilen dostuñ ýagşylyk etdigem bolanok.Yrmak,yrylmak ýaly sözlerem goşguda ulanyberseler halamajak bolýan.Gyz söýýändir "bor" diýer,söýmese-de "ýok" diýer-dä.
3.(munam pegas aýdypdy).Kä ýerde anten çykman biler.Abonont öçük diýip biler.Munda olañ ýazygy nä?Sen jañ edýäñ diýip öçüren däldir-ä telefony.
4.Abonent öçürlen diýip gürleýäniñ gözelligini nä bilýäñ?Ýûzüni gördüñmi?Asla gyzdygyny nä bilýäñ?Gelin bolsa näme?Şol gürleýäni detallandyrmak nämäñe gerek boldy?
Garaz,halkysyrajak bolýar,onam birhili başaryp baranok.Muny okaýanlaram poeziýanyñ nämedigini bilmeýän adamlar.Şolardan sorap gör häzirkizaman şahyrlaryndan başga kimi okaýañ diýip.Dymmak bilen jogap bererler.
Serdar
09 янв 2022, 09:12
Saytda akylly adamlar kopelipdirmi namemi?
Ogulşirin Bayramowa
09 янв 2022, 13:59
Цитата: Seri
Saytda akylly adamlar kopelipdirmi namemi?

Şeýlemi ýaa??
Döwlet Şöhradow
Автор 11 янв 2022, 22:33
Belki hemmesi dogry ÿöne šahyryñ özi hem gošgyny göni ÿazyp gidipdir, pikirlenmān halka ÿetiripdir. kitabynyñ bašynda hem özi šeÿle diÿÿä.