ENELERI AÝAŇ!
Güler ýüzi,mähremligi ýazlara meñzeş eneler hemişe perzendiniñ, hiç zat bilen çalşyp bolmaýan ýalñyz hossarydyr.Eneler, durmuş mekdebi.Ene perzendine nähili terbiýe berse ynsan durmuşda özüni şoña görä alyp barýar.Eneler, terbiýe mekdebi.Ursada eneñ ursyn,käýesede eneñ käýesin. Eneñ seni telek iş etmänkäñ telek işi etmezligiñ üçin urar. Durmuş bolsa seni telek eden işiñ jezasyny bermek üçin urar. Durmuşyñ şarpygyny yza öwrülip düzetjek gümanyñ yok.Şonuñ üçin herbir ynsan balasyna etjek ýeke dilegim,eneleriñ gadyryny dirikä biliñ ,eneleri dirikä sylañ,dirikä söýüñ.Olaryñ durmuşy siz bilen owadan,siz bilen eziz. Aýañ,aýañ,aýañ...dirikä heniz...
Ýazlar saña meñzese-de,
Güýzde seni ýatlayan.
Göwnüm näçe sermese-de,
Gözläp seni tapmaýan
Elmydama ýüreklerde
ynsanlaryñ beýgidiñ,
Gitdiñ ýalançy dünýäden
Dolanmazmy hey giden...
Seni menden gysgandy
Şol gün giden mähelle,
Şondan bäri egsilenok
Ünjilerim sähel-de
Göterlende asmana
Agaç atyñ güjeñläp,
Çydam etmän ahwala
Galdym: "Ejem,ejemläp".
Şondan bäri şygrymam,
Duýgularmam sem boldy,
Gyzyñ ýekelik bilen
Bir jan-u-bir ten boldy.
Ýazlar saña meñzese-de,
Güýzde seni ýatlayan.
Ýazda gelipsiñ dünýä
Güýzde bolduñ "ýatlamam!"
LEÝLI.
Ýazlar saña meñzese-de,
Güýzde seni ýatlayan.
Göwnüm näçe sermese-de,
Gözläp seni tapmaýan
Elmydama ýüreklerde
ynsanlaryñ beýgidiñ,
Gitdiñ ýalançy dünýäden
Dolanmazmy hey giden...
Seni menden gysgandy
Şol gün giden mähelle,
Şondan bäri egsilenok
Ünjilerim sähel-de
Göterlende asmana
Agaç atyñ güjeñläp,
Çydam etmän ahwala
Galdym: "Ejem,ejemläp".
Şondan bäri şygrymam,
Duýgularmam sem boldy,
Gyzyñ ýekelik bilen
Bir jan-u-bir ten boldy.
Ýazlar saña meñzese-de,
Güýzde seni ýatlayan.
Ýazda gelipsiñ dünýä
Güýzde bolduñ "ýatlamam!"
LEÝLI.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.