Kitaphanamyzda Sindbadyň syýahatlary

“Müň bir gijäniň” Sindbadyň ýedi syýahaty barada gürrüň berýän bölegi
dünýä okyjylarynyň arasynda aýratyn meşhurlyk gazandy. Täsinlikler dünýäsini,
jadyly başdan geçirmeler, Sindbadyň bagtyýar hem bibagt günleri, iň bir aýylganç
synaglara döz gelip, olardan üstün çykyşy, eseriň dörän günlerinden, tä biziň
döwrümize çenli okyjylaryň ünsüni özüne çekip geldi.
Täjiriň başdan geçirmeleri elbetde, durmuşyň içinden alnan. Ýer ýüzüniň
entek açylmadyk, aýan bolmadyk ýerlerine syýahada gitmek däbi gadym
eýýamlarda syýahatşynas adamlaryň arasynda ýoň bolupdyr. Sindbad hem şeýle
niýet bilen dünýäniň köp ýerlerine, ençeme deňizlere “külüni döküpdir”.
Sindbad hakyndaky ertekiler toplumynda hem edil “Müň bir gijäniň”
düzümine girýän beýleki ertekilerdäki ýaly başga bir wakalardan söze başlanýar...


http://www.islenen.ru/7978-deizci-sindbad-hakyndaky-ertekiler.html
3 лайков 130 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
17 сен 2021, 10:46
brawo brawo brawo kitap ????
Halima_Oraztaganova
17 сен 2021, 13:40
?❤...
Ýury
17 сен 2021, 15:15
Mende hiçhili açanoga diñe saýtyñ html syny skaçat edýä