Dört ýaşly ýazyjy

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide ýaşaýan dört ýaşly Said Raşid Al-Mhaýri atly oglanjyk kitap çap eden iň ýaş ýazyjy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Oglanjygy onuň ýazan «Said atly pil we aýy» atly çagalar hakyndaky ertekili kitabynyň müňden gowrak sany satyn alnandan soň hasaba aldylar. Oglanjygyň maşgalasy tarapyndan dolandyrylýan «Rainbow Chimney» bilim portalynda aýdylyşyna görä, häzirki wagtda iki haýwanyň arasynda hoşniýetli we garaşylmadyk dostluk hakyndaky ertekili kitabyň ýekeje nusgasy hem galmady.
Ertekiniň çeper beýanyny awtoryň özi şeýleräk suratlandyrýar: «Pil piknik edýän wagty ak aýyny gördi. Ol aýy ony iýer öýdüp pikir etdi. Şonuň üçin hem pil hoşniýetlilik görkezdi we aýa ýüzlenip: «Geliň, bilelikde piknik edeliň!» diýdi. Şeýdip, olar dostlaşdylar».
Saidi kitap ýazmaga ruhlandyran özünden uly uýasy Al-Dabidir. Al-Dabi jigisinden öň iki dilde kitap neşir eden dünýäniň iň ýaş ýazyjysy diýen ada eýe bolupdy. Şeýle hem ol sekiz ýaşynda iki dilde kitap ýazan iň ýaş ýazyjy hökmünde hem rekord goýdy.
Ejesiniň we uýasynyň gözegçiliginde Said ýazmagy öwrenýär we tiz wagtdan özboluşly hekaýalary oýlap tapmaga başlaýar. Ol öz kitabyndaky gahrymanlary suratlandyrmagy, olary çekmegi we olaryň öz hekaýatynda başdan geçirýän wakalaryny ene-atasyna we mekdepdäki dostlaryna sesli okap bermegi gowy görýär.
Oglanjyk öz üstünligi barada gürrüň bermek bilen: «Men uýam Al-Dabi ýaly gowy iş edendigime buýsanýaryn! Bu şatlygymy deň paýlaşýan dostlarymyň bardygyna hem örän begenýärin» diýip, buýsanjyny beýan edýär.
Häzirki wagtda Al-Dabi we Said täze eserleriň üstünde işleýärler.
Rekordsmen doganlaryň ene-atasy: «Al-Dabi ylhamlandyryjy gyzjagaz, Said hem onuň yzyna eýerýär. Onuň goýan rekordy bolsa her kimiň hem zehinli dogulýandygyny tassyklaýar» diýip, bu hakda öz pikirlerini paýlaşýarlar.
0 лайков 107 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
04 июн 2023, 19:26
ChatGPT-ä ýazdyrýandyr ???
murat yousef
04 июн 2023, 22:42
Khanture
ChatGPT-ä ýazdyrýandyr ???

Howwaleý prosto baý arap bolansoň çatjipitini ulanandygyny gizläp amerikanlara wzýatka berendirleý... :))))
#B.S
05 июн 2023, 02:13
menembiri1,
???