GELIŇ, ÖZÜMIZ BARADA SÖHBET EDELIŇ!
-Гость Siz kim?
Men kim? Meň esasy aýratynlyklarym bilesigeliji, käte gaharly biri, çalt gaharlanyp bilýän. Örän merhemetli ynsan, bolmaýan zatlara gynanýan, ýardamsöýer. Iň söýýän zadym ýazmak, emma ýazmakdan köp ynsanlary söýýän. Men ynsanyň hijem milletine, dini-ynanjyna görä baha bermedim. Bir ynsan ak bolsa-da şol ynsan gara bolsa-da şol ynsan meň üçin. Adamlaryň biri-biri bilen pikirleriniň, ynançlarynyň, milletleriniň tapawut edýänligi sebäpli biri-biriniň göwünlerine degmegi meni gynandyrýar. Eşdijilik ukyby bolmadyk bir ynsana ker diýilmegi, görme kemçiligi bolan ynsana kör diýilmegi ýa bolmasa elsiz, aýaksyz ynsanlara nalaçedeýin gözi bilen seredilmegi, agramy agyr bolanlara çişik, agramy az bolanlara arryk diýilmegi…we ş.m ýagdaýlar meni birahat edýär. Özüme degişli zatlary wagtyň geçmegi bilen hem taşlamok, zyňamok. Meniň 4-nji synpdan 11-nji synpa çenli mekdepde ulanan dnewnigim, her sapagyň özüne degişli bolan depderleri, garalamalarym, iň bolmanda söwdä eden harytlarymyň kwitansiýalary hem häzir mende dur. Olar meň durmuşymyň bir parçasy. Men şolary zyňmaga dözemok. Sebäbi meniň barlygymyň bir bölegi olar. Rahatlygy, sessizligi gowy görýän. Men özüm bilen bagtly bolup bilýän biri.
-Siz gynananyňyzda, gorkanyňyzda, gaharlananyňyzda, utananyňyzda dertleşýän ynsanmy?
-Bir tarapdan gaty açyk, bir tarapdan bolsa ýapyk biri men.
Durmuş maňa hemişe diňlemegi öwretdi. Meň durmuşdaky rolum, birini diňlemek, oňa düşünmek , ony rahatlandyrmak, göwünlik bermek boldy.
Men indi näçe ýyllardyr daş-töweregimdäkilere bir zatlar düşündirmegi, derdimi dökmegi unutdym. Emma käte içimdäkiler içime sygmadyk wagty men ýazga geçirýän. Şolardan käbirini belki size ýetirendirin. Men öz-özüm bilen gürleşmegi öwrenenimden bäri, özümi ýalňyz duýamok. Içimdäki ses bilen dialogym bar hemişe.
-Käbir duýgular ýagdaýa görä üýtgeýär. Käbir duýgulary başdan geçireniňizde esasan näme edýäňiz? Bir sözlem bilen jogap beräýiň.
-Örän gynananyňyzda?
Ýeke galmak isleýän.
-Gaty erbet gorkanyňyzda?
Uludan dem alýan.
-Utananyňyzda?
Ýüzüm gyzarýar, ýere seredýän, jübümden telefonymy çykaryp sagada seredýän.
-Gaharlananyňyzda?
Dymýan we uludan dem alýan.
-Birini ýigreneniňizde?
Şol adamdan uzaklaşýan. Men birini ýigrensem ýigrenýändigimi özüme ýatladyp gezemok. Şol adam meň göwnümden we aklymdan ýitýär.
-Indi siz bilen ýadyňyzy barlamak üçin sorag-jogap alyşmakçy.
-1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
Zyba.
-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
Balam.
-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
Bir wideo görüpdim. Bir geliniň öz durmuşy barada. Çagasyndan jyda düşürilişi barada… ana şony görüp aglapdym.
-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
2
Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
1
Harplykdaky harpyňyz?
E
Kiçi wagtyňyz alan (kaseta) diskleriňizden biriniň ady?
Gaýgysyz Ballyýew aýdymlary.
-Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. Гость nähili çagady?
Öz çagalyk halyma seredemde gynanýanam, begenýänem. Men 1 ýaşanymdan soň dogan adyny aldym. Jigim doguldy. Ejemem ir durmuşa çykypdyr, menem maşgaladaky birinji çaga. Ejemem-kakamam işleýändikleri sebäpli 3 ýaşymdan soň üstüme birnäçe jogapkärçilik aldym. Ejem bilen kakam işe giden wagty, men 3 ýaşly Nirvana bolup 2 ýaşly jigime seredýärdim. Şony göterýärdim, ýatyrýardym. Hatda bir gün bir goňşymyz toý edipdi. Ýagyş ýagypdy. Jigim ýöränokdy. Men şony göterip toýa alyp gidipdim. Çünki, meniň toý göresim gelýärdi. Jigim aglan wagtyndaky çäresizliklerimi diýjekmi…oýun oýnasym gelen wagty oýnap bilmedim. Men dogry-dürs multifilm görmedim. Men çagalygymy çaga bolup ýaşamadym. Men çagakam uly gyzdym. Men durmuşa şol ýaşlarymda düşünip başladym. Agyr jogapkärçilikleri men çagalygymda aldym. Maňa ol jogapkärçilikler zor bilen berilmedi. Emma ynsan maşgalasyna kömek etmek üçin, käte-de olar meni söýsün diýip göreşýär. Meni ejem-kakam şeýlebir söýýärdiler. Häzirem şeýle. Ýöne ol ýaşlarda aňym goýalmadygy üçin, olar işe gideninde, bizi söýmedigi üçin taşlap gidýän ýaly. Öýlän gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Şol jogapkärçilikleri ýerine ýetirjek bolup men, kiçilikde dil öwrenmek üçin kursa gatnamadym. Çagalygyň lezzetini doly duýup bilmedigim üçindir belki, häzir özümi aram-aram çaga ýaly alyp barýandygym. Meň pikirimçe, her bir çaga çagalygyny çaga ýaly ýaşamaly. Oýun oýnamaly, tans oýnamaly…
-Diýeli siz 5 ýaşyňyzda. 5 ýaşyňyzdaky öýňüziň gapysyny açýaňyz, içerde ejeňiz bilen kakaňyz bar. Siz olara näme diýmek islärdiňiz?
Ejeme men hemişe seniň ýanyňda, seni söýýän. Kakamjan men seni söýýän.
-Çagalygyňyzdan bir surat gözöňüne getiriň diýsem, nähili pursadyňyz janlanýar?
Kakamyň maňa agşamlyk harplyk kitabyny okadyp, öwredýäni, ejemiň çaý demläp durany…
-Çagalygyňyzda näme kemçilik edýär?
Çagalygym. Sebäbi men köplenç ejeme kömekçi roluny ýerine ýetirýärdim…
-Öz durmuşyňyzy haýsy haýwanyň durmuşyna meňzedýäňiz? Içiňizdäki haýwan haýsy haýwan?
Meň içimdäki haýwan Pişik. Käte jana ýakyn myrlap adamlara ýakyn, käte-de adamlary dyrnap olardan uzak. Hany pişikler guýrugyny oýnasaň halanok, soň öýkeläp gaharlanyp gidýär, soňra birnäçe wagtdan soň özi saňa süýkenip gelýändir. Menem şeýle gowy görýän ynsanlarymdan öýkeläp, öýkäm ýazylanyndan soň ýene öňkim ýaly düşünşip gidýän.
-Aýtmak isleýän islendik zadyňyz?
Meň durmuşymy içgysgynç hasaplaýan adamlara ýüzlenýän. Daşardan seredeniňizde içiňizi gysdyrýan durmuşy görýänem bolsaňyz, meňem içimdäki durmuşymda, kellämde dürli reňkli hyýallarym bar. Meň başdan geçirmedik zatlarym, hyýaly güýjümi kämilleşdirdi.
Duýguçyl diýýän ynsanlar! Siz öz dünýäňize serediň. Siziň dünýäňizde hiç duýgy ýokmy? Men her bir duýgyny bolşy ýaly başdan geçirmek isleýän. Gorkymy, gynanjymy, küýsegimi gizläp saklasym gelenok.
Sizem özüňiz barada her soraga aýratyn jogap beräýiň. Goý, bu söhbetdeşlik bize azajygam bolsa terapiýa ýaly bolsun. Her kim aýtmak isläp, aýdyp bilmeýän zatlaryny şu blogda aýdyp biler. Hiç kimiň sizi şu blogda durmuşyňyz bilen ýazgarmajagyna söz berýän.
64комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.