Ondan-mundan…

Bolmasyz zatlar bolar. Gutarmaly däl zatlar gutarar. Gitmeli däller gider. Gelmegine mätäçlik duýulan bolsa, hiç gelen däldir. Bularyň arasynda käwagt mätäç ýaly duýýan ýekeje zadymyz, radioda iň gowy görýän aýdymymyzyň aýdylmagydyr. Olam bolmaz.
Söýýän diýerler, söýmek aňyrda dursyn, söýgä degişli kiçijek bir duýgam saklamazlar içlerinde. Gitjek däl diýselerem ilki bilen senden giderler. Dogrylary ynsana ýalan diýip ýuwutdurarlar. Bar bolan zatlar ýok ediler, ýok bolanlar bolsa bar…
Ynsanyň içinde göterýän duýgulary bar wagty, nirede bolanynyň kän bir zerurlygy ýok. Esasy zat duýgularynyň hakykat paýy.
Ynsanlaryň söýmese-de, manyly sözlemler bilen sözlerini owadanlamasy, söýýän ýaly görünmegi gaharymy getirmänem duranok.
Söýmesede “Söýýänler” agza sakgyç bolupdyr. Herkim biri-birine uzyn-uzyn sözlemler ýazýarlar. Her kim biri-birini söýýänini aýtýar. Söýgi duýulýarmy, duýdurylýarmy, hiç kim bu barada pikir edenok. Adamlar gör nähili gowy görýär, söýgüni sözde ýaşamagy. Uzak aralyklarda bolsalaram, bilet satyn alyp söýýän ynsanynyň ýanyna gitmäge ýaltanýanlar, häzirki wagtyň iň aşyk ynsanlary. Her näçe päsgelçilik ýaly bolup görünýänem bolsa, käbir uzak aralyklar, käbir yşklaryň ajalydyr.
Aralyklar ynsanyň gözünde ulaldyşy ýalydyr. Ynsanyň yşga bolan duýgulary güneş ýalydyr. Käte gara bulutlar günüň şöhleleriniň öňüňe geçip, ynsanlary, ýeri şöhlelendirmegine päsgel berýän bolsa, duýgularam şolar ýalydyr.
лайков 646 просмотров
37комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 10 май 2022, 22:29
Ýazmak üçin ýaşamak, ýaşamak üçin ýazmak gerek däl. Her ýazylan başdan geçirilen hasaplanmaz.
Agyzdan çykýan her “Seni gowy görýän” söz hakyky däldir. Bu söz ýürekden aýdylmasa, söýmegiňem, söýýän diýmegiňem manysy bolmaz. Duýgular ýok bolsa, näme diýseňem şol zat ýüze çykmaz.
Gör, nähili hezildi, çaga wagtymyz oýun oýnanymyzda gowy görýän dostumyzy, joramyzy bilgeşleýin eşşi etmedik günlerimiz. Yzyňa, geçmişe garaýaň welin, iň gowy günleriň yzda galandagyny duýan wagtyň bir boşlyga düşýäň. Duýgulandyrýar…
Meniň ýazanlarymyň, öz durmuşymmy, başymdan geçenmi ýa geçýändigi gyzykly bolup biler. Men duýgyçyl adam. Käbir zatlardan aňsatlyk bilen täsirlenip bilýän. Şu sebäpli köp ynsanda has ýygy-ýygydan gabat gelýän duýgylary siz bilen paýlaşmagy gowy görýän.
Men egoist ynsan däl. Egoistler söýgi we sarpany özleri bilen paýlaşmazlar. Paýlaşsalaram garşysyndaky ynsanlara belli etmezler. Şu duýgyçyllyk sebäpli, ynsan köplenç ýitirýär. Duýgymyzy aýan edenimizde haýsymyz gazandyk diýsene.
Ýazmak üçin başdan geçirmek hökman däl. Geçmişiňi bir kino lentasy ýaly gözöňünden geçiren wagtyň, bir film ýüze çykýar. Bu filmde baş roldaky artist sensiň. Başdan geçirenlerimizden, başdan geçirmek isleýänlerimizden, syn eden zatlarymyzdan hem ugur alyp ýazyp bileris.
Men hem başdan geçirdim, hem başdan geçirmek isledim. Hemem başdan geçirmediklerimi ýazdym. Düşüner ýaly däl gerek?
Durmyşymyza hemişe gadyrsyzlary alýas. Bir ädim öňe gidip bilemzok. Şeýle-de, gitmek bize görä däl. Çünki, biziň kitabymyzda gitmek barada ýazylmadyk. Diňe “sen meniň ýaşamak isleýän, iň gowy günlerim” diýip ýazylan.
Kiçijek zada öýkeleýän göwnümde harasat turanok hoşlaşyk üçin. Diňe dymýan. Bolup geçýän zatlary synlamak bilen çäklenýän. Dymýan her sekundym üçin meni güýçsiz hasaplaýan bolmaklary ähtimal, emma, men güýsiz däl, bolan zatlara ýekeje sözlem ýazmajak derejede güýçli. Energiýamy ýalan we degmejek zatlar üçin sarp etmegem islämok. Öňem aýdyşym ýaly, öldürmeýän agyry, ynsany has güýçlendirýär.
Telwas
Автор 10 май 2022, 22:31
Her gezek bir zat diýýän, käwagt özüme, käwagt ýakynlaryma kä meselede wadalar berýän, sebäbi dogrusy şol, bolmalysy şol, başga zady gözöňüme hem getirip bilemok, başga zat mümkin hem däl. Ýöne biraz wagt geçýä, durmuşyň ajy hakykady şu bolsa gerek, “hiç haçan etmerin” diýen zadymy edýän, başga biri etse geň görýän we aýyplan zatlarymy özüm edýän. Özümi günäli duýýan, wada beren kişilerime garşy, jogapkärçiliklerime garşy, özüme garşy günäli. Iň erbet tarapy bolsa, bu günäli duýmak duýgynyň meni togtatmaýandygy.. biraz wagt geçýä welin, öz wyždanymy köşeşdirmek üçin bahanalar gözläp başlaýan, erksizligimiň günäsini başga birine ýükleýän, bir salym şuň bilen kanagat edýän ýöne gije yassyga kellämi goýanymda ökünýän we özümi ýigrenýän.
Telwas
Автор 10 май 2022, 22:33
Adamdan umydyny alsak, onda näme galar? Aslynda hiç zat. Umydy ýitirmek adamlary depressiýa iterýär. Sebäbi umydymyz ýok bolsa, gelejek biziň üçin doly bulam-bujarlykdyr. Munuň bilen alada we gorky gelýär. Aslynda depressiýa realdyr. Geljek hakda arzuw etmegiň dygyny öňe sürülýär. Bir tarapdan dogry, ýöne biz adam. Biz hyýallar dünýäsinde ýaşaýarys. Diňe materialistik we realistik jandarlary gözleýän bolsaňyz, robotlar size kömek eder. Biz adam, hem bar hem ýok. Hem kämil hem kämil däl jandarlar…

Umydyň düýp manysy hyýal diýip bileris. Adamy lapykeç etmek, şol adamy öldürmekdir. Özüniň arassa we owadan dünýäsinde umyt bilen geljege seredýän adamy göz öňüne getiriň. Örän bagtly we asuda. Şeýle-de bolsa, kimdir biri gelip, arzuwlarynyň dygyny we amala aşmagynyň mümkin däldigini aýdýar. Soň bolsa umytdan doly dostumyz pikirlenýär we onuň aýdanlaryny dogry diýip kabul edýär. Sebäbi onuň aýdanlary gaty manyly. Ondaky lapykeçligi göz öňüne getirip bilersiňizmi? Ynanýan zatlarynyň hemmesi bada-bat ýok edildi. Birden depressiýa keýpine girer. Soň bolsa içi ýanyp olam başgalaryň umytlaryny öçürer. Şonuň üçin depressiýa jemgyýetde çalt ýaýraýar.
Telwas
Автор 10 май 2022, 22:35
Dem alyp dem berýän, emma bedenime kislorod girmeýän ýaly.
Basylan duýgular içimizde hiç wagt partlamaýar, wagtyň geçmegi bilen ýitýär diýip pikir edýäris. Ýöne, şeýle güýçli duýgulary basyp ýatyrmak meni kesel edýär. Bir psiholog maňa magma meňzeýäň: "Bir gün wulkan ýaly ýarylarsyň öýdüp gorkýaryn" -diýipdi. Şol wagtlar men 21 ýaşly gyzdym, agyrymy gizleýärdim, hemişe ýylgyrýardym we hemme işe ylgaýardym, indi bolsa 25 ýaşly, uludym…ulalýan.
Mähribanym bu gün saňa ýazasym geldi. Eger meniň bu bolşumy görýän bolsaň, haýyş edýän meni bagyşla. Içimdäki duýgularyň her wagt sesini goýduryp bilemok.
Arkamdaky ganatlarymyň biriniň gopanyna eýýäm ençeme ýyl boldy. Näçe yyl diýip soramasyzdan özüň bilýänsiň. Mähribanym kyn… Näme kyn diýýäňmi?! Sensizlik, sessizlik kyn. Ynan seni şeýle göresim gelýär. Men bu küýsegiň tarypyny hiç sözlem bilen ýetirip bilmerin. Şunça ýyl boldy, bir gezegem düýşüme girmediň.

Maňa bolan çäksiz söýgiňi ýele sowrup, ynamyňy syndyranym üçin, gül dek göwnüňe kül sepenim üçin şeýle bir ejir çekýän.
Telwas
Автор 10 май 2022, 22:36
Söýgini, söýmegi yşk bilen baglanyşdyrsak-da, bütin ömrümiz söýmäge we söýülmäge esaslanýar. Maşgalamyzyň bizi söýmegini isleýäris, dostlarymyzyň we hatda töweregimizdäkileriň hem bizi söýmegini isleýäris. Käwagt munuň üçin köp tagalla edýäris. Söýmek we söýülmek biziň tebigatymyzda bar. Käşgä, her kimiň muny bilip, esasanam çagalara söýginiň garşylyksyz mugt berilýän bir zatdygyny görkezilse we duýdurylsady. Häzirki döwürdäki ähli bagtsyz we aladaly adamlar düýn söýülmedik çagalardyr.

Çagalara “ejeň bilen kakaňdan kimi has köp söýýärsiň?” diýen sowal bermek, çaga söýginiň deňeşdirip boljak bir zatdygyny aňladýar we şonuň üçinem durmuşynda dadyp gören her söýgüsini deňeşdirmegine sebäp bolýar. Edil şonuň ýaly-da, meni nädip söýýändigiňizi soranymyzda, çaga söýginiň ölçenip boljak hadysadygyny öwrenýär.
Söýgi garşylyksyz, deňeşdirilmeýän we ölçelmeýän zat. Biz muny entegem öwrenmedik.

Biraz uly ýaşly çagalara bolan söýgimizi diňe biziň makullan ýagdaýlarymyzda görkezýäris we baha berýäris. Şeýlelikde, çaga söýülmek üçin bir zatlar etmelidigine ynanýar. Söýgini bir şerte baglaýar.

Hiç kim sebäpsiz birini söýüp bilmezmi?
Seni sen bolandygyň üçin söýüp bilmezmi?
Söýgüniň waspy bolup bilermi?
Diňe söýersiň. Şeýle bir aýdym sözleri hem bar: “Söýgi düşünişmek däldir, sebäpsiz hem söýüler”

Söýgini şeýle görnüşdäki bir madda öwürdik welin, aňymyzda söýginiň nämedigine we näme däldigine düşüneris öýdýäris. Öňümizde köp alamat goýýarys. Muny etse söýýändir, muny diýse halaýandyr...
Bir ynsanyň bizi söýýändigini bilmek üçin, “seni söýýän” diýmegine gerek barmy?

Gara gözleriň üçin seni söýýärin diýmek kemsidiji dälmi? Gözüni ýitirse, men indi söýmerinmi?

Özüňe ynamly görnüşiňi söýýärin diýsem, göwnüçökgün ýa-da gynanýan we gorkýan wagty ony söýmezdimmi?
Sen meni söýýäniň üçin söýýän diýmek barada aýdybam oturjak däl, bu düýbünden egoistlik.
“Seni hemişe sen bolandygyň üçin söýýän”
Muny diýen biriniň söýgüsini soraglaman gujaklalyň. Bu dünýä bary ýogy 5 günlik.

Söýgi hemişe bagtly bolmak diýmek däl. Söýgi, aglaýan, gülýän, ýaralanýan, syrkawlaýan, bulutlara syn edýän, düýş görýän, otlarda aýlanýan, gaharlanýan, öpýän we gujaklaýan ýyly jaý…

Bir garrydan söýginiň nämedigini sorapdyrlar. Olam “Söýgüliňiziň düýşiňize girjekdigi baradaky tolgunma sebäpli uklap bilmezligiňiz”- diýip aýdypdyr.

Otterler hem halaýan haýwanlarymyzdyr. Otterleriň ýoldaşynyň elini tutman uklap bilmeýändigini bilýärdiňizmi? Sebäbi suw akymynda är-aýalyny ýitirmekden gorkýarmyşlar.

Tema barada her kim pikirini galdyrsa hoşal bolardym.

Gözel ýüreklerde myhman bolmagyňyzy arzuw etmek bilen Nirvana!
Telwas
Автор 10 май 2022, 22:38
Isle, men baraýyn, hala bize gel,
Bir keýpine, iki-agyz söze gel...
Diýmeris biz "Indi kimiñ gezegi?"
Maña tapawudy... Saña parhy yok.

"Dost-dostuñ aýnasy"- ähli zat äşgär!
Bular uzagyndan bolsady, käşgä..
Ýürek bir bolanda, päk duýga duşýar-
Maña tapawudy... Saña parhy yok.

Sen meni sylaýañ, men sarpa goýýan,
Sen muny añýansyñ, men muny duýýan.
Bilmeýän bize "Siz doganmy?" diýýär-
Maña tapawudy... Saña parhy yok.

Biri bize bir bütewi bagt goysa,
"haysyñ alsañ, alaý!" diýip, nagt goysa...
Biz ony des-deñje böleris, eýsem-
Maña tapawudy... Saña parhy yok...

Bilip bolmaz, bir gün bütin dert berse,
"siz nätseñiz-şeýdiñ!" diyip şert berse,
Ýaryn men alaryn, ýarysyny sen-
Maña tapawudy, Saña parhy yok...

Şunça yaşap, göz ýetirdik bir zada,
Dostlukda kanun ýok, bar gowy kada.
...Gerekmi?! Urarys suwa hem oda-
Maña tapawudy, Saña parhy yok!

Annamuhammet Kirshenow
Telwas
Автор 10 май 2022, 22:40
Owadan ölüm.

Owadan ýaşamak, owadan ölmek,
Ýaprajyga nesip edýärmi diňe?
Ol pidakär ýaşap, mähirli söýmek,
Sapagyn berip dur ussatlyk bile.

Dem berme yşgynda dürli jandara,
Ýukalygnam undup döş gerip güne.
Kölgesini wepa edip bagbana,
Ýaşasa-da, ahyr saraldy ine.

Ýöne ol sarylyk, şeýle sarylyk
Damary durşuna paýhasyň ýoly.
Saralyp, garalyp, ýere garylyp
Barýarka-da ýaşatmakdy hyýaly.

Bu beýik hyýalyň beýik ýigdine,
Ajalam ugradýar iň mährem gulun.
Näzik şemal tänderdi-de dessine,
Tutdy soňky ýolda dostunyň golun.

Eden ýagşylygnyň depderin tutup,
Minnet edere ýok wagty, mejaly.
Ýagşylygňy unut, unudanňam unut,
Ýörelgesi ýumşadypdy ajaly.

Galamkeş.
wordless
10 май 2022, 22:46
Minnetdar
Telwas
Автор 10 май 2022, 22:46
Gollanma…
Bu ýazgyny esasy özüm üçin ýazdym. Ýöne sizede maslahat berip bilerin.

Men Nirvana 24 ýaşymda. Elim ruçka tutup başlanyndan bäri ak kagyza içimi dökýän. Käte bu ak kagyzyň ornuny telefonymyň zametkasy alýar.
Okadygymça rahatladym, söýdigimçe söýülendirin diýip pikir etdim. Käte ýykyldym, ýykylan ýerim ýaralandy. Soňra aýaga galdym, güldim we ýaşamaga dowam etdim. Emma, käte erbet büdreýän, gaçan çukurymda gözýaşlaryma öllenen topragyň palçygy oýunjagym bolýardy elimde.
Uly ýitgiler, agyrylar, lapykeçlikler bilen bu ýaşyma ýetdim.

Ýygy-ýygydan ýatda saklamak we öz-özüme gelmek üçin özüm üçin gollanma taýýarladym. Bu gollanma meniň üçin yşyk bolar diýip umyt edýärin.


1. Çynlakaý garama.
Durmuşa gaty çynlakaý seredýärsiňiz. Hiç kimiň durmuşy möhüm däl. Biz çäkli wagtda bar bolan jandarlar. Şonuň üçin şadyýan bol, ýaşaýyşdan lezzet al. Pul harçlamakdan gorkmaň, gülmekden gorkmaň. Adamlar bilen bile wagt geçirip hezil etmegi, bile gülmegi öwreniň. Hiç bir zada çynlakaý garamaň, munuň gadyrynyň ýokdugyna ynanyň. Özüňizi köseseňizem, adamlar gyzyklanmaz, her kim öz dünýäsini ýaşar. Oňa näçe çynlakaý çemeleşseňiz, şonça-da dartgynly we oňaýsyz bolarsyňyz.

2. Kadalaşdyr.
Her kim seniň başdan geçirýän zatlaryňy ýa-da gaty meňzeş zatlary başdan geçirýär. Millionlarça adam bar, beýle köp ejir çekýän ýeke-täk siz bolup bilmersiňiz, her kim dürli synaglar bilen göreşýär. Ejir çekmegi saýlamaň, kadalaşdyryň. Bilmeýän zadyňyz bar bolsa hem kadalaşdyryň, hiç kim ejesiniň göwresinde zat öwrenenok. Bu durmuş, wagty gelende hemme zat zähmet bilen öwrenilýär. Kadalaşdyryň, hiç zat üçin özüňizi günäkärlemäň.

3. Kabul et.
Şikaýat etmegi bes ediň ýa-da kimdir biriniň isleýşiňiz ýaly hereket etmeýändigine gahar etmäň. Halaýanlaryňyzy üýtgetjek bolmaň. Muny kabul et! Goý, aksyn, durmuş öz ugrunda. Zor bilen gözellik ýok. Muny kabul et we durmuşy bolşy ýaly ýaşa. Üýtgedip bilmeýän zatlaryňyz üçin özüňize zyýan bermäň! Bu özbaşdak durmuş. Siz oňa uýgunlaşyň.

"Hudaý maňa üýtgedip biljek zadymy üýtgetmäge batyrlyk, üýtgedip bilmeýän zadymy kabul etmek üçin sabyr we tapawudy bilmek üçin paýhas bersin." Hitit dogasy

4. Myş-miş ýaly ýaşa.
Myş ýaly ýaşamagy endik edin. Arkaýyn adam bolmak isleýän bolsaňyz, asuda adamyň özüni alyp barşy ýaly hereket edip, wagtyň geçmegi bilen şol adama öwrüljekdigiňizi pikirleniň. Bolmak isleýän adamyňyz we olaryň häsiýetleri hakda pikir ediň. Soň bolsa şeýle ýaşa. Durmuşyňyz bolmak isleýän adamyňyzyň ugry boýunça össin.

5. Haýyrlysyny (gowusyny) diläň.
Synanşyň, eliňizden gelenini ediň. Soňra gowulyk arzuw ediň, bolmaýan zatlar üçin gynanmaň. Gowy zatlaryň boljakdygyna ynan.

Kyn günlerde ýanyňyzdaky adamlara has berk ýapyşyň we durmuşyňyzy olar bilen ýaşaň.


-Şu gollanmanam tamamlap bilmediň ýalta Nirvana, özüňem gowy ýazmansyň, il diýmänkä men saňa aýdaýyn diýdim. ?
Telwas
Автор 10 май 2022, 22:47
wordless,
Nämä minnetdar? :(
wordless
10 май 2022, 22:48
Nirvana, "Gözel ýüreklerde myhman bolmagyňyzy arzuw etmek bilen Nirvana!"
Telwas
Автор 10 май 2022, 22:49
wordless,
Hawa, dogry. Şol arzuw size (ähliňize).
wordless
10 май 2022, 22:50
Nirvana, bilýän minnetdar :)
Telwas
Автор 10 май 2022, 22:52
A-Salam. Gowumy?
B- Salam. Gowy Hudaýa şükür, özüň niçik?!
A- Menem gowy. Näme edýäň?
B- Edýän zadyma ýok. Hä näme boldy?
A- Bolan zat ýok-la gyz. Şu gün seň bilen ikiçäk gürrüňdeşlik etmek isledim. Boş bolsaň başlaýaly.
B- Bolýar, men boş, başlaly. Aýdyber.
A- Aýtjak-sorajaklarym girýän saýtlaryň we ol ýerdäki agzalar barada.
B- Aha, diňleýän.
A- Näçe wagt boldy türkmen saýdyna gireniňe?
B- Ýalňyşmasam, geçen ýylyň Fewral aýynyň 23-lerine giripdim.
A- Tüweleme, 1 ýyl bolup geçipdir. Gireniňe puşman bolan wagtlaryň boldumy? Bu saýdyň seň üçin peýdasy, zyýany näme? Girmekdäki baş maksadyň näme? Şular barada gysgaça aýdyp beräý.
B- Elbetde, puşman eden günlerim bolupdy. Men o diýen gaharjaň biri däl. Bir zat bolsa, diýilse gülüp geçip bilýän. Emma şahsyma, mertebäme, abraýyma dil ýetirilip başlansa puşman edýän girenime. Peýdasy az däl, köpem diýip bilerin. Ilki bilenä, Türkmen ýaş şahyrlar, ýazyjylar, kitaphon agzalar bilen tanyşdym. Olaryň käbiriniň saýasynda…

-Hany, muň yzy ýokmy?
-Gynansakda ýok. Hiç kim meni atlandyryp sorag soranok, menem içim gysan günlerimiň birinde özüm bilen ikiçäk söhbetdeş bolýan. Şol ýere çenli dowam edipdir. Zametkamda paýlaşylmadygyna gynanyp galmasyn diýip paýlaşaýdym. Oňarypdyrynmy?
-Oňarmansyň, ýazjak bolsaň doly ýaz. Bolmasada “ondan-mundan” diýip ýeke özüň samyrdap oturma.
-Bolýar, şu gün azar berme maňa. Ertirden başlap seniň diýeniň bilen bolaryn.
-Gaýrat et…
Massimus
10 май 2022, 22:54
Birini owadan bolandygy üçin söýmeris, söýenimiz üçin owadandyr ol.
Galamyň, duýgularyň, zehiniň, ukybyň mundanam ýiti bolsun Nirwana
Maksat
10 май 2022, 22:55
Nirvana,
Şolar ýaly kyn geçdimi durmuşyňyz, çagalygyňyz? Ýa-da diňe içiňizi döküp ýazýaňyzmy?!
Telwas
Автор 10 май 2022, 22:56
Massimus,
Salam. Dogry aýdýaňyz.
Minnetdar, aýdanyňyz bolsun!


-Şu gün meni hijiňiz geň görmäň, men özümi şeýle alyp barjak. Şeýle alyp barýan, sebäbi men şeýtmäge zerurlyk duýýan. Garaz, geň görmäň. “Geň göreniň alnyna”.)
Telwas
Автор 10 май 2022, 22:57
Keaip_begcon,
Her ýazanym başymdan geçenler däl diýip ýazdyma ýokarda..
Telwas
Автор 10 май 2022, 23:00
-Bir ýerde özüňe 24 ýaşly diýýäň, başga ýerde bolsa 25 ýaşly ulaldym diýýäň. Seň haýsy sözüňe ynanmaly? Diňleýärler diýip diňletjek bolup aldap otyrsyňmy adamlary?
-Ýok, niýetim beýle däl. Nesip bolsa sanlyja günlerden ýaşaýan şol 25-i.
-Hä onda bolýar.
Maksat
10 май 2022, 23:01
Nirvana,
Beýle zatlary ýazmagyňyzyň sebäbi näme? Özüňiz pikirlenip ýazýaňyzmy ýa göçürýäňizmi? Durmuşa degişli, şeýle we ş.m sözleri näme üçin halaýaňyz?
Telwas
Автор 10 май 2022, 23:02
Adamlar biri-birlerini gör, nähili çalt unutýarlar. Bile geçirilen ol wagtlary, ýakymly pursatlary, diňlenen aýdymlary, okalan goşgulary…
Hiç hili zerurlygy ýok ýaly gowy görýärler öýdýän…
Bir-birilerinden şeýle bir ýüz öwürýärler welin, ne duýgularyň zerurlygy, ne-de gözýaşlaryň geregi galýar.

Näçe wagt geçse geçsin, bir ynsan bilen içki duýgularyňy paýlaşan bolsaň, aňsat-aňsat unudyp bolanok eken. Şeýle-de, öňüňden her çykana duýgylaryňy açyp bolanok ahyryn. Bir ynsany söýmek üçin, ol ynsanda özüňe degişli bir zatlara gabat gelmeli. Bu gaýgy hem bolup biler, bagtlylygam.
Men sende özüme degişli näme tapdymkam?
Adyňy ýazdymda üç nokat goýdym…

Bir-birege kine etdik ýene-de,
Indi dünýäň özem bizden öýkeli.
Ýürekden ýürege ýol çeken söýgiň
Terpinipdir gursakdaky heýkeli.
 
Kineli bolsamam, halyňy her çak
Gökden uçan durnalardan soradym.
Gabanýaryn seni özge gözlerden
Hemem seni öz gözümden goradym.
 
Hatar gurap geçip barýar günlerem,
Ýol bolupdyr düýnki inçe ýodalar.
Men-ä seniň barlygyňda ýaşadym,
Senem meni ýatlaýansyň käteler.
 
Uzaklardan sözleşeli ikimiz,
Şemallary çapar edip arada.
Ýöne bolsun gürrüňmiziň ählisi
Bir-biregi bagyşlamak barada...


Onda aýdaýyn, diňle.
Ýadyňa düşýärmi, ikimizde meňzeşlik kän diýýärdik. Sebäbi, men sende kiçijek çagaň ruhuny, men sende seni gözleýärkäm, özümi tapdym.
Iň soňky gezek “ýazma” diýen sözüň maňa batly şarpyk bolup degenini sen bilýänem dälsiň. Ýogsa, men ol sözi saňa köp gezek aýdypdym. Emma, sen ýazypdyň. Ýöne, mende seňki ýaly batyrgaý ýürek ýok. Men ýazma diýilensoň ýazyp bilemok.
Telwas
Автор 10 май 2022, 23:03
Keaip_begcon,

Şu gün ol soragyňyza jogap bermekçi däl, aýyplaşmaň. Şeýle-de meň durmuşym hiç kime gyzykly däl bolsa gerek. Bilmek isleseňiz, nerwimiň duruja wagty aýdyp bererin. Bu wagt görşüňiz ýaly, ruhy ýagdaýym gowy däl.
Telwas
Автор 10 май 2022, 23:06
1. Durmuş, yzyňa bakyp nämäniň bolup geçýändigini synlamak üçin döredilmedik. Biz bu dünýä ýaşamak üçin geldik. Durmuşyň manysy näme? Bu soragyň jogaby adamdan-adama üýtgär, meň pikirimçe. Her kim birhili garaýar durmuşa we onuň manysyna. Meň durmuşymyň manysy, dogulmakdan ölmege çenli aralykdaky durmuş ýolunda, her pursatyň lezzetini duýup ýaşamak. Erbet diýip näletlemän, nähili bolsa-da ynsanlyk derejämi duýup, lezzet alyp bilmek şol ýagdaýdan.
2. Arzuwlarymyň iň ulusy, özüme bir ýol saýlap, şol ýoldan diňe öňe we has uly sepgitlere gelip, öz adymy galdyrmak we şol ugurdan gowy ynsan hökmünde ýatlanmak.

-Şu bir agza soranda beren jogabym.
Telwas
Автор 10 май 2022, 23:09
Hiç haçan adamlary öldürmesede, bir ganhordan has ganhor ynsanlar gördüm, umydymyzy öldürenleri gördüm.
Dostoýewskiý

Umyt Kesgitleme boýunça:
Umyt bir zadyň bolmagyna garaşmak we oňa isleg, ýagny islenýän zada garaşmak.
Mysal üçin umyt:
Garaňkylykda ýalpyldawuk şem ýaly, öçmese ýa-da gutarmasa, yzygiderli ýanýar. Ol şem ýandygyça, siz ýene bir gün ýagtylykda ýaşamagyňyzy dowam etdirersiňiz.

Onda bu şemi kimler öçürer?
Käwagt dostlaryňyz, käwagt tanamaýan adamyňyz, käwagt internetde duşan makala ýa-da wideo, käwagt bolsa SIZ.
Hawa, elbetde başga-da köp zat bar, ýöne bu size ýeterlik dälmi, bu şem hemişe ýanyp sönüp dursa näme peýdasy bolar?

Bu şem meniň öňümi görkezmese, öçürilende ýene ýakmaly bolsa, asla ýakmazlyk gowy dälmi?
Ýok, hatda ýakmak hem umyt bolup biler diýip pikiriňizden geçip biler. Hawa, dogry aýdýarsyňyz, ýöne kesgitli bir çözgüt tapjak däl bolsaňyz, biderek ýakmagyň näme manysy bar, goýberiň.

Bu şemiň öçürilmegine daşky gurşawyňyzyň täsiri näçe uly bolsa-da, esasy faktor başga biri däl-de, sizsiňiz.
Daş-töweregiňiz elmydama gürlär, gowy ýa-da erbet, hemişe gürleşerler. Bu gepleşikleriň täsirinden soň şemiň öçürilmegi ýa-da sapak almak we tejribe toplamak arkaly şem ýakmak üçin tagalla etmek size bagly.
Dostoýewskiý näme diýýär?
Siz bir ýüp bilen öz janyňyza kast edip ýa-da sallançak gurup bilersiňiz. Durmuşyň ýüpleri seniň eliňde.

Hawa, durmuşyň ýüpleri seniň eliňdedir dostum, umydyňy öldürjek bolýanlar hemişe bolar, ýöne hemme zada garamazdan aýakda başyň dik durmaly bolarsyň.

Aslynda ynsana iň ejir çekdirýän zat, başdan geçirmesi mümkin wagty, başdan geçirilmedik bagtlylyklardyr.
Dostoýewskiý
Telwas
Автор 10 май 2022, 23:12
Bu gün maňa ýylgyraňok diýme, ýar,
Agyr degýär seniň bilen hoşlaşmak.
Dogry dälmiş ýakynlaňdan soraman,
Öz erkiňe halal söýgä baş goşmak.

Bilýän, ejeleri agladanyňdan
Çyn söýgiň ýoluny baglanyň gowy.
Erte bütin ömrüň aglap geçenden
Häzir birnäçe gün aglanyň gowy.

Käte, düşünmedim, ynjyk bolupsyň,
Ýa men ejiz geldim akyl ýeti:rden.
Ýöne men, barybir, göwnüňe degmän,
Saňa kynlyk bilen akyl ýetirdim.

Sözüm ýok ýüregiň gözelligine,
Bilýän aladadan dolup duranny.
Dynnym ýaljak göwni üçin özgäniň
Gördüm öz göwnüňi bölüp duranňy.

Juda kän isleýän bagtly bolarňy,
Gülki sesiň uzaklardan eşdilsin!
Emma meni her halda-da unutma,
Mukam bolup gulagyma eşdil sen.

Bu uzak ýollaryň öwrümlerinde
Bize nesip etsin soraşmak ahwal.
Bu gün maňa güleňok bir diýme, ýar,
Belki-de, şo mahal gülmegim ahmal...


Güljan Durdyýewa.
Telwas
Автор 10 май 2022, 23:14
Erkeklerem zenanlar ýaly öýkeläp biler. Emma bir erkegiň öýkelemegi, zenanyň gözündäki gadyry we agyrlygyny azaltýar. Erkek oglan maşgalada agyr bolsa gowy. Elbetde öýkeläp biler, ýöne seň diýişiň ýaly ýönekeýje meseleler üçin öýkelenmez. Sen gürleşmedigiň üçin öýkeleýän bolsa, senem özi ýaly öýkele. Goý olam empatiýa, ýagny özüni seň ýeriňde goýup görsün. Hemem owadanlyga aldanma. Geljegiňi pikir et, gadyrsyza gadyr berme. Dogry düşünýän ýüregiň atýandyr, gowy görýänsiň, ýöne ol duýgular sempatiýada-da bolýar. Umuman özüňi gynandyrjak adamlardanam, ýagdaýlardanam daşda durjak bol. Ilki gowy oýlan. Aglamagynyň sebäbini sora. Gowy rahat gürleş, düşüniş.

-Bu kime indi?
-Saňa!
-?
Telwas
Автор 10 май 2022, 23:16
Durmuşdan hiç zada garaşmaýanlar durmuş diýýän zadymyzy nädogry bilýärler. Ýaşamak bir prosesiň dowamy däl, bu däp däl, täze güne başlamak asla däl. Ýaşamak diňe aňly bolmakdyr. Huşuňy ýitirmek, uky we ş.m. wakalardan daşary adamlar elmydama ýaşaýarlar we muny duýýarlar. Adam hakykatdanam maksatsyz bolsa, hiç hili maksadynyň ýa-da garaşmasynyň ýokdugyny aýtýan bolsa, bir otagda durup, huşsuz bolýança garaşmaly, soň ölmeli. Sebäbi bu ýaşaýyş diýilýän zat, aň açyklygydyr. Munuň üstünde goýlan beýleki kesgitlemeler, durmuşa "başga many bermegiň" netijesidir. Durmuşdan hiç zada garaşmaýarsyňyz, ýöne aýdalyň, ömrüňizi gutarmak üçin batyr dälsiňiz, ölümden gorkýarsyňyz. Edil şu sagatda gorkuňyz we ölümiňiz şol bir manyny alýar. Durmuşdan bir zat talap edýärsiňiz, şonuň üçinem sizi diri saklaýan käbir zatlar bar. Manysy bolan hemme zat, kiçijik bolsa-da, adamyň durmuşa bolan ygrarlylygydyr. Şol sebäpli maksatsyz ýaşamak ýa-da garaşylman ýaşamak soragsyz. Maksatsyz bolsa, ady ýaşamak bolmaz.

Adam ömrüni dowam etdirmek üçin ýeterlik derejede güýçli maksatlar goýýar, iň meşhurlary bagtdyr. Bagt gözlemek, dinine, diline, jynsyna ýa-da synpyna garamazdan ähli adamlaryň umumy bir ýerde duşuşýan duýgusydyr. Köp adamlar öz maksatlaryny bagt bilen garyşdyrmagy saýlaýarlar. Men dünýä syýahat etmek isleýärin. Bu islegi şöhle saçýan duýgy bagtdyr; Dünýä syýahat etsem, bagtly boljakdygyma ynanýaryn. Bu nukdaýnazardan, bagt hakykatdanam iýmitiň tagamyny ýokarlandyrýan hytaý duzy hökmünde hereket edýär. Adamlar hem arzuwlaryny şoňa görä goýýarlar we maksatlaryny şoňa görä düzýärler. Bu ýerde bir mesele ýüze çykýar; Biri ajaýyp geljegi arzuw edýär, ýöne şertler käwagt has ýokary bolýar. Adam, döwri sebäpli geljege umyt bilen seredip bilmeýär. Umyt nirede bolsa, şol ýerde bagt goýmak isleýär. Geljegiň aç-açan erbetdigi, arzuwlaryň hasyl bolmagy gaty ähtimal we geljekde durmuşyna many beren bagty tapyp bilmese näme etmeli?

Geçmiş hakykatdanam şol günlerde beýle ajaýyp däldi, sebäbi men kellämde gören süýji düýşleriň gülgüne bulutlaryndan bagtly bolmak adyny goýdum, sebäbi oňa nostalgiýa dakdym.
Telwas
Автор 10 май 2022, 23:19
Kämahal şeýlebir gepläsim gelýär,
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam-
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen,
Geçmiş elipbiýin hetjikläp ,,A"-dan,
,,Ýa" harpyna çenli çözläsim gelýär.
Isle zenan adam, isle-de erkek-
Sözledesim gelýär, Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet
Duşdumy entek?

Iñ bagtly günümde duşupdy biri
Sözläpdim, diñläpdim. Giñäpdi göwün.
Işimem şowlydy, ýüzümem ýagty,
Ýüregmiñ urşy-da başgady şol gün...

Kämahal şeýlebir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüñ.
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
söýgim,
ömrüm,
aladam,
döwrüm
Hakynda gürrüñler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek.
...Häp-häzir nähili?
Häzirem şeýle.
Diñe özüm bilen
Gepleşmek gerek.

Awtory:K.Gurbannepesow
Telwas
Автор 10 май 2022, 23:22
İne bu günem her gün bolşy ýaly asuda garaňky gijeler, dymyşlyk, ýöne näme üçindir meniň ýüregimde harasatdyr tupan möwç alýar. Hemişe özüme berýän soragymy, islemesemde bu günem özüme gönükdirdim. Sorag näme diýýäňmi?!
Sorag şeýle: " Men her näçe erkin, asuda durmuşda ýaşasamam, bagtly däl. Näme üçin? "
Hudaýa şükür janym sag, maşgalam abat, ýaşaýşymyz gowy..
Men pikirimçe sebäbi, birnäçe adamlaryň bagt diýip atlandyrýan, durmuşlarynyň merkezinde saklaýan adamlary mende ýok.
Edil, ol bolmadygy üçin özümi bagtsyz hasaplamok diýmegem birhiliräkdir, düşünýän. Emma name üçindir, içimdäki sesi ýatyryp (goýdurup) bilemok. Göwnüm ýaly göwünli, pikirlerim ýaly pikirli adam isleýän durmuşymda. Kän däl, bary-ýogy ýekeje adam. Şol adam bilen gije diýmän, gündiz diýmän içimizi döksek biri-birimize, azuwlar äleminde bileje syýahat etsek...

Bir güýz gijesi üşän wagtym başymy goýar ýaly bir döş, ol döşüň içinde diňe meň adymyň sazy bilen atan ýürek isleýän. Söýen erkegimiň teniniň her santimetrinde diňe öz ysymyň höküm sürmegini isleýän. Gije sagat näçe bolsa bolsun, içimdäki derdimi aglaýa-aglaýa aýdyp biljegim, ses tonunda rahatlyk, şatlyk hemem özümden bir bölek bardygyny duýup biljegim bir erkek isleýän. Söýen erkegimiň dodagyndan çykan her bir söze, her sözleme iň az özüme ynanyşym ýaly ynanmak isleýän. Gijelerine onsuz başymy ýassyga goýup, gijesiniň rahat bolmagyny dileýän wagtym, mende oňa bolan şübhe bolmazlygyny isleýän. Gujaklamak, birnäçe sagat bile oturyp nurly didelerine bakyp söhbet etmek isleýän. Arkamda gala ýaly durup biljek erkek we men her gezek özümi ýalňyz duýamda, gorkularymda, agyrylarymda, gaharymda, aýralykda şol galada goranmak isleýän…
Bu islegler göräýmäge kän ýaly bolmagy mümkin, emma ýerine ýetirip bolmajak derejede kyn islegler däl.

Meň senden islegim beýle kän zat däl:
Söýgi,
Mähir,
Birazajyk merhemet…
Şularyň baryny bir ýere jemläp,
Gan öýen ýüregme özüň melhem et!
Telwas
Автор 10 май 2022, 23:22
Baky Amanýazowyň goşgy setirlerinde-de belläp geçişi ýaly meniňem islegim "Söýgi, Mähir, Merhemet"

Men käwagt öz dünýämde ýitirim bolýaryn, käwagt bolsa bölejiklere bölünip we ol bölejiklerimden täze men döredýärin. Men henizem ýaşaýaryn.
Men özümi başgalara ýetirip bilemok. Şeýle bir kän zady, birnäçe duýgulary içimde saklaýan welin, hatda nähili kändigini hem aýdyp bilemok. Bu maňa agyr degýär. Özümden başga zada geçirip bilemok özümi. Men ýalan şaglawuklara meňzeýärin. Özüme akýaryn we özümi doldurýaryn. Özümden gidip, özüme dolanýaryn. Hiç kim bilen aragatnaşyk ýok, ýok...
Ýagny, bir suwda 2 gezek ýuwnup bolmaýan bolsa, men näme üçin bu aýlawda gabalan ýaly?!

Başga alajym ýok! Men gürläp ýa-da düşündirip bilemok. Synanşanlarym menden has köp gülmegimi, hezil etmegimi, ýalan ünse açyk bolmagyma garaşýarlar. Synap görmediklerim, näme-de bolsa olaryň aň-düşünjesine / ulgamyna kodlanan bolaýmasam, çünki olar radarymdanam uzak ýaly. Nähili we näme etjegimi bilemok. Ömrüm boýy radaryma düşjegi gözlemek, çäresiz bolmak we boýun bolmak islämok. Birine mätäçlik duýmakdan, indi birahat bolýaryn....ýadadym.

Ýeri bolýar-da, gowsy sözümi Sapa Hommadowyň aşakdaky goşgy setirleri bilen jemläýin.

Indi bolsa, „melegem“ ýok, söýgem ýok,
Meň henizem ýalňyzlygym, täkligim.
Bir ýerlere gitsem...
Hiç kim duýmasa...
Gidemsoňam duýulmasa ýoklugym...